Formula 1 boýunça dünýä çempionatynyň soňky ýeňijisi germaniýaly Niko Rosberg (“Mersedes”) karýerasyna soňky nokady goýandygyny habar berdi.
Çempion bolmagyndan sanlyja gün soň, onuň şeýle karara gelmegi sport muşdaklaryny gaty geň galdyrdy. 31 ýaşly Rosberg sosial media ulgamy arkaly beren beýanatynda: – 25 ýyldan bäri şu ýaryş bilen içgin gyzyklanyp ýörün. Çagalykdan ýeke-täk arzuwym bardy, olam F1-de çempion bolmakdy. Önjeýli çekilen zähmetden soň, şol maksadyma-da ýetdim, çür depä çykdym. Häzirki wagtda maňa goldaw berenleriň hemmesine çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin – diýdi. Şunlukda, 1993-nji ýyldan bäri ilkinji gezek F1-de bir sürüji çempion bolan möwsüminden soň, karýerasyny soňlandyrýar. 1993-nji ýylda fransiýaly Alan Prost F1-däki 4-nji çempionlygyny gazananyndan soň, 38 ýaşynda özüniň söýgüli sporty bilen hoşlaşypdy.
Niko Rosbergiň täzeden dolanyp-dolanmajakdygyny wagt görkezer. Ol soňky beýanatlarynda artist bolmak isleýändigini, özüniň artist dostlary bilen ýygy-ýygydan duşuşýandygyny habar berdi.
Möwsümiň ahyrynda F1 bilen hoşlaşjakdygyny habar beren braziliýaly pilot Felipe Massa bu kararyndan häzirlikçe dänendigini aýtdy. 35 ýaşyndaky pilotyň Waltteri Bottasyň ornuna “Williams” topary bilen şertnama baglaşmagyna garaşylýar. Bottas bolsa, Rosbergiň ýerine “Mersedes” toparyna geçer.