“Çel­si­niň” bra­zi­li­ýa­ly ýyl­dy­zy Os­kar hem Hy­ta­ýyň “Su­per li­ga­sy­na” trans­fer bo­lan fut­bol­çy­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­dy. 25 ýa­şyn­da­ky hü­jü­me go­laý ýa­rym­go­rag­çy Hy­ta­ýyň “Şan­haý SIPG” to­pa­ry bi­len uzak möh­let­le­ýin şert­na­ma bag­laş­dy. Hy­taý klu­by Os­kar üçin 60 mil­li­on funt ster­lin­gi “Çel­si” to­pa­ry­na be­rer. Şunlukda, Oskar Hy­taý “Su­per li­ga­sy­nyň” iň gym­mat trans­fe­ri diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. Os­kar­dan öň­ki re­kord hem bu to­pa­ryň baş­ga bir bra­zi­li­ýa­ly oýun­çy­syna – Hul­ka de­giş­li­di. Por­tu­ga­li­ýa­ly And­re Wil­laş-Boa­şyň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki “Şan­haý SIPG” to­pa­ry ge­çen to­mus­da Hul­ky 55,8 mil­li­on ýew­ro ba­ha “Ze­nit­den” alyp­dy.
An­to­nio Kon­tä­niň we­zi­pä bel­le­nip, to­pa­ryň oý­na­ýyş tak­ti­ka­sy­ny 3–4–3 ul­ga­my­na öwür­me­gin­den soň, äti­ýaç­da otur­ma­ly bo­lan Os­kar “Çel­si­den” hep­de­de 90 müň funt ster­ling hak al­ýar­dy. Ol tä­ze klu­bun­dan on­dan 4 es­se ar­tyk pul alar. Os­kar “Çel­si­niň” klub­dan ug­ra­dan iň gym­mat oýun­çy­sy bol­dy.