Paýtagtymyz Aşgabatda gurluşyk pudagyna bagyşlanyp, halkara derejesinde sergi geçirildi. Oňa Russiýa, Germaniýa, Awstriýa, Türkiýe, Hindistan, Hytaý, Ýaponiýa, Gazagystan, Ukraina ýaly dünýäniň dürli ýurtlarynyň 14-sinden iri kompaniýalaryň we firmalaryň wekilleriniň 130-dan gowragy gatnaşdy. Olaryň arasynda biziň ýurdumyzda geçirilýän sergä ilkinji gezek gatnaşýan firmalar hem bar. Daşary ýurtly işewürleriň bu sergä üns bermegi ýurdumyzyň geljegi uly we sazlaşykly ösýän bazaryna uly gyzyklanma bildirilýändigini aňladýar. Bu ýerde gurluşyk pudagynda üstünlikli zähmet çekýän türkmen kompaniýalary bilen bilelikde, dünýäniň ençeme ýurdundan gelen daşary ýurtly şereketler hem öz tejribelerini we üstünliklerini ýaýbaňlandyrylan diwarlyklarda görkezdiler. Daşary ýurt kompaniýalarynyň diwarlyklary, olaryň Türkmenistana desgalaryň taslamasyny düzmekde hem-de gurmakda, olary bezemekde, seýilgähleri we sport toplumlaryny döretmekde öz täzeliklerini teklip etmäge taýýardygyny görkezdi.
Gurluşyk senagatyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwletimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň bu ugurda işleýän hususy kompaniýalarynyň okgunly ösmegi bilen bir hatarda, milli gurluşyk senagatyna maksadalaýyk ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar sanlyja ýyllarda strategiki taýdan möhüm pudagy düýpli özgertdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalary daşary ýurtly firmalar bilen bäsdeşlik edýärler. Ýurdumyzyň gurluşykçylary häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş ülňülerini giňden ornaşdyrýarlar. Olar gurýan binalarynda ähli zerur enjamlary oturdýarlar, şunlukda degişli düzüm yzygiderli ösdürilýär. Ak mermerli paýtagtymyz bilen bir hatarda ýurdumyzyň welaýat merkezleriniň keşbi gün-günden özgerýär. Soňky ýyllarda durmuş maksatly ajaýyp desgalar toplumlary, edara binalary, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Hazaryň kenarynda bolsa dünýä derejeli şypahana – «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy öz çäklerini giňeldýär. Ol ýerde täze şypahanalar, halkara deňiz menzili we bu düzüme degişli beýleki birnäçe desgalar gurulýar.
Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen gurluşyk sergisi Türkmenistanyň ykdysady durmuşynda görnükli waka boldy. Sergi daşary ýurt kompaniýalaryna täze hyzmatdaşlary tapmaga, türkmen sarp edijilerine özleriniň täze işläp düzmelerini görkezmäge, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçiliklere baha bermäge ýardam berip, buýrujylar, potratçylar we öndürijiler üçin uly gepleşikler meýdançasyna öwrüldi.