2015-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine agza 28 döwletiň tebigy gaz sarp ediş mukdary 4 göterim artyp, 426,3 milliard kubometre deň boldy. Bu barada ÝB-niň “Eurogas” gaz senagaty edarasy habar berýär.
Soňky 4 ýylyň dowamynda ilkinji gezek 2015-nji ýylda tebigy gazy ulanmak has-da artdy. 2014-nji ýylda soňky 20 ýylyň dowamynda iň az derejede tebigy gaz sarp edildi. Munda arzan bahadan satylan kömrüň täsiri uly boldy.
«Eurogas» edarasynyň maglumatyna görä, geçen ýyl agza döwletler köp mukdarda suwuklandyrylan gaz satyn aldy. Şonuň hasabyna hem tebigy gazy ulanmagyň möçberi görnetin artdy. Degişli döwürde Italiýanyň import eden suwuklandyran gazynyň möçberi 3 esse, Gollandiýanyňky bolsa 2 esse artdy.
Tebigy gaza bolan islegi ýokarlandyran ýene-de bir sebäp – ol hem howa ýagdaýy boldy. Ýaşaýyş jaýlaryny ýylatmak üçin tebigy gaza bolan isleg Ýewropa ýurtlarynyň aglabasynda, şol sanda Germaniýada hem artdy.
Mundan başga-da geçen ýyl Fransiýanyň, Çehiýanyň we Slowakiýanyň ykdysady ösüşinde täzeden dikeltmek işleri gyzgalaňly alnyp barlandygy üçin tebigy gazy has köp ulanmaga zerurlyk döredi. Senagat kärhanalaryndaky gazyň sarp ediş mukdary ýokarlandy.
Beýik Britaniýada tebigy gazyň bahasynyň arzanlandygy üçin ol elektrik energiýasyny öndürmek üçin ulanyldy. Italiýada we Gresiýada 2014-nji ýylda tomusda sowadyjy enjamlaryň has köp ulanylandygy sebäpli elektrik energiýasyna isleg hem artdy. Muňa garamazdan, arzan bahadan satylýan kömür Gollandiýa, Germaniýa we Irlandiýa ýaly döwletlerde tebigy gazyň ornuny tutýan esasy energiýa çeşmesi bolup durýar.