“Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň 2011-2030-njy ýyl­lar üçin mil­li Mak­sat­na­ma­syn­da” ýur­du­my­zyň iri se­na­gat top­lum­la­ry­ny hem-de gaz­ ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ry­ny dö­ret­mek, gel­je­gi uly ne­bit ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mek ba­ra­da öň­de goý­lan sep­git­le­re ýet­mek üçin soň­ky dö­wür­de köp iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 6-njy ýan­war­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz wi­se-prem­ýer Ý.Ka­ka­ýe­we ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­na da­şa­ry ýurt ma­ýa­la­ry­ny çek­mek, ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da uly tej­ri­bä hem-de öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ra eýe bo­lan iri hal­ka­ra ne­bit-­gaz kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek ba­ba­tyn­da bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­myz­da ne­bit­-gaz se­riş­de­le­ri­niň çig mal go­ru­ny art­dyr­mak ba­ra­da al­nyp ba­ryl­ýan geo­lo­gi­ýa-göz­leg iş­le­ri­niň dep­gin­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we tä­ze ýa­tak­la­ry se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­me­gi çalt­lan­dyr­mak ba­ra­da be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan gel­je­gi uly De­mir­ga­zyk Go­tur­de­pe ýa­ta­gy­nyň Ha­zar deň­zi­niň suw ýal­pak­ly­gyn­da ýer­leş­ýän meý­da­ny­ny öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça sel­jer­me iş­le­ri ge­çi­ril­di.
Ge­çi­ri­len sel­jer­me­ler bu meý­dan­da örän baý ug­le­wo­do­rod ýa­tak­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar. Bu meý­da­ny da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň ha­sa­by­na öz­leş­dir­me­giň des­lap­ky sel­jer­me­si iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Tas­la­ma­nyň esa­sy mak­sa­dy Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gi­ni öz­leş­dir­me­gi çalt­lan­dyr­mak­dan, da­şar­ky ba­za­ra ýer­le­nil­ýän ne­bit önüm­le­ri­niň möç­be­ri­ni art­dyr­mak­dan yba­rat­dyr.
Tä­ze ýa­ta­gy öz­leş­dir­me­giň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň çäk­le­rin­de je­mi 60 sa­ny göz­leg-bar­lag we ula­nyş gu­ýu­la­ry­ny, şeý­le hem beý­le­ki ze­rur des­ga­la­ry gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Des­lap­ky ha­sap­la­ma­la­ra gö­rä, bu meý­da­ny öz­leş­dir­me­giň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da ne­bi­tiň äti­ýaç­lyk geo­lo­gi­ýa gor­la­ry­nyň, tak­my­nan, 38,5 mil­li­on ton­na, bu iş­le­riň do­wam et­me­gi bi­len, ýa­ta­gyň umu­my äti­ýaç­lyk gor­la­ry­nyň 87,3 mil­li­on ton­na ýet­me­gi müm­kin. Il­kin­ji ýe­di ýy­lyň do­wa­myn­da bu ýer­den 7 mil­li­on ton­na go­laý möç­be­rin­de ne­bit çy­kar­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
Bu meý­da­ny öz­leş­dir­me­giň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da ABŞ-nyň 600 mil­li­on dol­la­ry­na go­laý se­riş­de ze­rur bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zyň ma­ýa go­ýum ba­bat­da özü­ne çe­ki­ji­li­gi, Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan tas­la­ma­lar dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryn­da we ma­ýa­dar­la­ryn­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek hem-de sarp edi­len çyk­da­jy­la­ry bu ýer­den çy­ka­ryl­jak ne­bi­tiň bel­li bir bö­le­gi bi­len gaý­tar­mak mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­la­nyl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­ny dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar, şun­da iş­le­riň esa­sy möç­ber­le­ri­ni “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rer, gel­jek­ki ma­ýa go­ýu­jy bol­sa, hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­rer. Ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­sy­nyň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da De­mir­ga­zyk Go­tur­de­pe ýa­ta­gy­nyň 15 müň ine­dör­dül metr çä­gi­ni öz­leş­dir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu tas­la­ma­nyň çä­gin­de ama­la aşy­ryl­jak iş­le­riň 90 gö­te­ri­mi türk­men ta­ra­py­nyň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de dur­mu­şa ge­çi­ri­ler.