Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da ýy­lyň bel­li möwsümlerinde wagt bir sa­gat süý­şü­ril­ýär. Mu­nuň esa­sy se­bä­bi Gün şöh­le­sin­den has ýer­lik­li peý­da­la­nyp, ener­gi­ýa­nyň sarp edi­li­şi­ni azalt­mak­dan yba­rat­dyr. Şeý­le düz­gün il­ki ha­çan ýo­la go­ýul­du­ka?!
Wil­li­am Wil­lett at­ly in­že­ner Lon­do­nyň gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da­ky Çizl­herst et­ra­byn­da or­ta­tap dur­muş­da ýa­şa­ýar­dy. Açyk ho­wa­da ge­zim et­me­gi ha­la­ýan Wil­lett 1905-nji ýy­lyň ýaz aý­la­ry­nyň bir gü­ni at­ly ge­ze­lenç ed­ýän ma­ha­ly Gü­nüň do­gan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, öý­le­riň kö­pü­si­niň per­de­le­riniň ýa­pyk du­ran­dy­gy­ny gör­di. Ol öz-özü­ne şeý­le so­wal ber­di: “Tom­suň ba­şyn­da sa­gat­la­ry yza süý­şür­seň nä­hi­li bo­lar­ka?!
Bu ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek Wil­let­tiň kel­le­si­ne gel­män­di. Ga­dy­my me­de­ni­ýet­ler­de pa­s­la bag­ly­lyk­da, gün­ler uzal­dy­lyp gys­gal­dyl­ýar­dy. My­sal üçin, Rim im­pe­ri­ýa­syn­da sa­gat gy­şy­na 44 mi­nut­dan, tom­su­na 75 mi­nut­dan yba­rat­dy.

Gün şöh­le­sin­den ýer­lik­li peý­da­lan­mak
1895-nji ýyl­da Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da ýa­şa­ýan Jorç Han­ter gü­nüň do­wa­myn­da wag­ty iki sa­gat üýt­get­me­gi tek­lip ed­ýär. Em­ma onuň tek­li­bi şol dö­wür­ler oň­lan­ma­ýar.
On­dan al­ty ýyl soň, ýag­ny 1901-nji ýyl­da Pa­ty­şa Ed­ward VII Sand­rin­he­am­dä­ki köş­gün­de has köp aw edip bil­mek üçin wag­ty ýa­rym sa­gat yza süý­şür­dip­di.
1907-nji ýyl­da Wil­lett “Gün şöh­le­si­niň za­ýa­çy­ly­gy” at­ly ki­tap­ça çap ed­ýär. Onda Gün şöh­le­si­niň za­ýa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin ap­rel aýyn­da dört ge­zek, her­sin­de wagty 20 mi­nut öňe süý­şü­ril­me­gi­ni, sent­ýabr­da gaý­ta­dan ozal­ky wag­tyň do­wam et­me­li­di­gi­ni tek­lip ed­ýär. Ol şeý­le­lik­de, ýag­ty­lyk üçin edil­ýän çyk­da­jy­ny azal­dyp bol­jak­dy­gy­ny öňe sü­rüp­di.
De­wid Lloýd Jorj we Uins­ton Çer­çill ýa­ly döw­rüň sy­ýa­sat­çy­la­ry bu pi­ki­re gol­daw be­rip­di­ler. Gün şöh­le­si­nden netijeli peýdalanmaga degişli ka­nu­n ba­ra­da par­la­ment­de ge­çi­ril­ýän mas­la­hat­da “Şer­lok Hol­ms” ro­ma­ny­nyň aw­to­ry Ar­tur Ko­nan Doýl ka­nu­nyň güý­je gir­me­gi­niň äh­mi­ýet­li­di­gi­ne ün­si çek­ýär. Ol wag­ty bir ge­zek­de bir sa­gat süý­şür­me­giň has amat­ly, adam­lar üçin has düş­nük­li bol­jak­dy­gy­ny aý­dyp­dy.
Em­ma şol dö­wür bu ka­nun tek­li­bi ýe­ter­lik de­re­je­de gol­daw tap­man­ly­gy se­bäp­li güý­je gir­me­di. Wil­lett bu tek­li­bi­ni Ýew­ro­pa ýurt­la­ry bi­len bir ha­tar­da, Ame­ri­ka­da hem ýo­la goý­mak üçin köp ta­gal­la et­di. Wil­le­ttiň tek­li­bi 1916-njy ýyl­da az­da-kän­de üýt­ge­di­lip, ka­nun hök­mün­de güý­je gi­ri­zil­di.
Bu ka­nu­nyň güý­je gir­me­gi­niň baş­ga bir se­bä­bi hem bar­dy. Ang­li­ýa­da kö­m­re bo­lan is­leg ýo­kar­la­nyp­dy. Kö­mür şol dö­wür­ler se­na­gat­da we ho­ja­lyk­da giň­den peý­da­la­nyl­ýan ener­gi­ýa çeş­me­si­di.
Lon­do­nyň yk­dy­sa­dy­ýet mek­de­bin­de (“Lon­don Scho­ol of Econo­mics”) iş­le­ýän, ta­ryh ylym­la­ry­nyň pro­fes­so­ry De­wid Ste­wen­son wag­ty süý­şür­me­giň peý­da­ly bol­jak­dy­gy­na ün­si çek­ýär. 1916-njy ýy­lyň 30-njy ap­re­lin­de Ger­ma­ni­ýa­da sa­ga­dy möw­süm­le­ýin üýt­get­mek ba­ra­da ka­nun ka­bul edil­ýär. Ang­li­ýa­da şeý­le düzgün şol ýy­lyň 17-nji ma­ýyn­da güý­je gir­ýär. Bu ýurt­da ka­bul edi­len tä­ze ka­nu­na gö­rä, Grin­wiç baş­lan­gyç me­ri­di­ýan wag­ty (GMT) to­mus sa­ga­dy düz­gü­ni­ne la­ýyk­lyk­da, bir sa­gat öňe süý­şü­ril­me­li­di.
Soň­ra bol­sa, Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň bir­nä­çe­sinde, ABŞ, Urug­waý, Tä­ze Ze­lan­di­ýa, Çi­li we Ku­ba ýa­ly ýurt­lar­da hem şeý­le düz­gün ýo­la go­ýul­dy.
Em­ma bu düz­gün hem­me ýurt üçin bäh­bit­li bol­ma­n bil­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da şeý­le düz­gü­ni ýo­la go­ýan ýurt­laryň käbiri ony goý­bol­sun et­di­ler.
Dün­ýä­de 7,4 mil­liard tö­we­re­gi adam ýa­şap, ola­ryň dört­den bi­ri to­mus sa­ga­dy düz­gü­ni bo­lan ýurt­lar­da ýa­şa­ýar.

Kä­bir mas­la­hat­lar
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, öý­de we iş ýer­le­ri­miz­de tu­tu­la­ry aç­mak ar­ka­ly, Gün şöh­le­sin­den ýer­lik­li peý­da­lan­ma­gyň ta­la­ba­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­läp ge­çe­liň. Şeý­le hem öý goş­la­ry ýer­leş­di­ri­len­de äpiş­ge­le­riň öňü­ni boş goý­ma­ga ça­lyş­ma­ly. Öý­le­re per­de al­nan­da ýa-da tik­di­ri­len­de ola­ryň do­ly açyl­ýan bol­ma­gy­na üns ber­me­li. Se­bä­bi Gün şöh­le­si­niň mik­rob­la­ry ýok edi­ji aý­ra­tyn­ly­gy hem bar. Ýag­ny Gü­nüň otag­la­ryň içi­ne düş­me­giniň sag­ly­gy­myz üçin hem, ýy­la­dyş we ýag­ty­lyk üçin edil­ýän çyk­da­jy­ny azalt­mak üçin hem peý­da­sy­nyň bar­dy­gy­ny unut­ma­lyň!