16-njy ýan­war­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men mil­li saz­ly-dra­ma te­at­ryn­da Türk­me­nis­tan bi­len Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp, türk­men we hy­taý sun­gat us­sat­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki kon­ser­ti ge­çi­ril­di.
Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si je­nap Sun Weý­dun baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti­ne gat­na­şy­jy­la­ry we myh­man­la­ry mü­bä­rek­läp, bi­ziň halk­la­ry­my­zyň dost­lu­gy­nyň çuň­ňur kök­le­ri ba­ra­da bel­le­di.
Dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la goý­lan gü­nün­den bä­ri bi­ziň döw­let­le­ri­miz dür­li ul­gam­lar­da öza­ra hyz­mat­daş­lyk et­mek­de aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ga­zan­dy­lar di­ýip, Do­ly yg­ty­ýar­ly we­kil aýt­dy hem-de öz söz­le­ri­ni anyk my­sal­lar bi­len tas­syk­la­dy.
Soň­ra dost­luk kon­ser­ti­niň mak­sat­na­ma­sy­ny türk­men we hy­taý ar­tist­le­ri­niň aja­ýyp çy­kyş­la­ry düz­di. Şeý­le hem dost­luk­ly ýur­duň ar­tist­le­ri paý­tag­ty­my­zyň mu­zeý­le­ri­niň gym­mat­lyk­la­ry hem-de Aş­ga­ba­dyň beý­le­ki gö­zel­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dy­lar.