“Baharaş” binagärlik şereketi özboluşly owadan desganyň taslamasyny işläp düzüp, onuň ekologik taýdan uly ähmiýetiniň bardygyny mälim etdi. Şereket dünýäde iň uly gök zolakly dynç alyş merkezini gurup, çöldäki durnukly durmuş-ýaşaýyş baradaky ýokary isleglerini amala aşyrmagy ýüregine düwdüler. Olar adamlaryň göwnüni göterip, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barjak bu täsin taslamasynyň gurluşygyna uly höwes bilen girişdiler. Bu zolak “Oasis Eco Resort” diýlip atlandyrylar we BAE-niň günortasynda ýerleşýän Abu-Dabiniň golaýyndaky Liwa sährasynda ýerleşýär. Emirlik ozal hem, gurak çölde dürli-dürli iri taslamalary amala aşyrmakda özüniň ukyplaryny subut etmegi başarypdy.