Bü­tin­dün­ýä ban­ky 2017-nji we soň­ky ýyl­lar üçin Türk­me­nis­ta­nyň hem-de dün­ýä ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy ösü­şi ba­ra­da be­ýa­nat taý­ýar­la­dy. Şoňa gö­rä, üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösüş dep­gi­ni 2,7 gö­te­ri­me çen­li ar­tar. Ha­sa­bat döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri beý­le­ki ýurt­la­ra ga­ra­nyň­da, has köp­dür.
Hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­sy öňü­miz­dä­ki 3 ýy­lyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de ynam­ly ösüş­le­riň bol­jak­dy­gy­ny aý­dyp, 2017-nji ýyl­da je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni­niň 6,5 gö­te­ri­me deň bol­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu ýag­daý, türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösüş dep­gi­nin­den bir­nä­çe es­se köp­dü­gi­niň şa­ýa­dy­dyr. Bu­lar­dan baş­ga-da 2018-nji ýyl­da türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň 6,8 gö­te­ri­me, 2019-njy ýyl­da bol­sa, 7 gö­te­ri­me deň bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. 2016-njy ýy­lyň mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri­ne se­re­de­niň­de, ge­çen ýyl Türk­me­nis­ta­nyň je­mi içer­ki önü­mi­niň ösüş dep­gi­ni 6,2 gö­te­ri­me deň bol­dy. Türk­me­nis­tan­da­ky yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­riň ýo­ka­ry bol­ma­gy ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ril­me­gi arkaly berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Se­na­gat pu­da­gy­nyň dü­zü­mi has-da art­dy­ry­lyp, dok­ma top­lu­my­na, ne­bit­gaz, gaz­hi­mi­ýa, gur­lu­şyk pu­da­gy­na de­giş­li önüm­çi­li­giň art­dy­ryl­ma­gy, da­şa­ry ýurt ha­ryt­la­ry­nyň or­nu­ny tut­ýan ýer­li önüm­çi­li­gi­ne has köp üns be­ril­me­gi we ola­ryň da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ry­na ýer­len­me­gi üçin ta­gal­la edil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­dä­ki ösü­şiň iler­le­me­gi­ne öz oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ril­me­gi hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry­nyň hem ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bol­ýar.
Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň “Glo­bal yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­ler” at­ly be­ýa­na­tyn­da dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­dä­ki 2017-nji, 2018-nji hem-de 2019-njy ýyl­lar­da­ky ýag­daý­la­ra syn ber­lip­dir. Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösüş dep­gi­ni­niň 2018-2019-njy ýyl­lar­da 2,9 gö­te­rim­de sak­la­nyp ga­lyn­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. 2016-njy ýyl­da dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti 2,3 gö­te­rim ös­di.
Şeý­le hem be­ýa­na­ta gö­rä, ösen ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň 2017-nji ýyl­da 1,8 göterime, ösüp gel­ýän ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň 4,2 gö­te­ri­me deň bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. 2018-nji ýyl­da bol­sa, bu gör­ke­zi­ji­ler de­giş­li­lik­de 1,8 hem-de 4,6 gö­te­ri­me deň bo­lar. 2016-njy ýyl­da ösen ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy ösü­şi 1,6 gö­te­ri­me, ösüp gel­ýän ýurt­la­ryň­ky bol­sa, 3,4 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­dy.
Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň baş­ly­gy Jim Ýon Kim soň­ky bir­nä­çe ýy­la ga­ra­nyň­da, öňü­miz­dä­ki ýyl­lar­da dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň iler­le­jek­di­gi­niň buý­san­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­läp geç­di. Ol hä­zir­ki dö­wür­de ösüş dep­gi­ni­ni sak­la­mak üçin inf­rast­ruk­tu­ra gö­nük­di­ri­len ma­ýa go­ýum­la­ryň möç­be­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Ha­sa­bat döw­rün­dä­ki mag­lu­mat­la­ra gö­rä, dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy taý­dan öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­ri­niň bi­ri bo­lan ABŞ-nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi 2017-nji hem-de 2018-nji ýyl­lar­da de­giş­li­lik­de 2,2 hem-de 2,1 gö­te­rim de­re­je­sin­de bo­lar. Ýew­ro­pa zo­la­gyn­da­ky ýag­da­ýa se­re­de­niň­de, on­da bu ýer­dä­ki ösüş 2017-nji ýyl­da 1,5 gö­te­ri­me deň bo­lar. 2019-njy ýyl bu zo­la­gyň je­mi içer­ki önü­mi­niň ösüş dep­gi­ni 1,4 gö­te­rim ar­tar.
Azi­ýa se­bi­ti­niň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryn­dan Ýa­po­ni­ýa bi­len Hy­ta­ýyň yk­dy­sa­dy ösüş dep­gi­ni ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ra ser sa­la­nyň­da, Gü­nüň dog­ýan ýur­dun­da je­mi içer­ki önüm 2017-nji ýyl­da 0,9 gö­te­ri­me, 2018-nji ýyl­da 0,8 gö­te­ri­me we 2019-njy ýyl­da 0,4 gö­te­ri­me deň bo­lar. Çyn-Ma­çyn­da bol­sa, 2017-nji hem-de 2018-nji ýyl­lar­da bu gör­ke­zi­ji­ler 6,5 we 6,3 gö­te­ri­me ba­ra­bar bo­lup, 2019-njy ýyl­da 6,3 gö­te­ri­me go­laý­lar.