Ýaş­ly­gy­myz­da hy­ýalymyz örän güýç­li bol­ýar. Tä­ze zat­lar ha­kyn­da oý­lan­mak, oý­lap tap­ma­ga sy­na­nyş­mak dü­şün­je­si kä­mil­leş­me­gi­miz üçin juda ze­rur­dyr. Hem­me ça­ga­da bar bo­lan bu aý­ra­tyn­lyk ýet­gin­jek­lik döwründe has-da aý­dyň ýü­ze çyk­ýar.
My­sal üçin, il­kin­ji sa­na­ýjy maşyny 1642-nji ýyl­da fran­suz Blai­se Pas­kal 18 ýa­şyn­da oý­lap tap­ýar. Bu en­jamyň diş­li çarh­la­rynyň kö­me­gi bi­len go­şup-aý­ryp, kö­pel­dip-bö­lüp bolýar eken. Em­ma hiç kim munuň bi­len gy­zyk­lan­ma­ndyr. Şon­dan 300 ýyl soň, ha­sap ma­şyn­la­ry (kal­kul­ýa­tor­lar) oý­la­nyp ta­pylýar. 1968-nji ýyl­da komp­ýu­ter­de prog­ram­mir­le­mek di­li­ne Pas­kal ady be­ril­ýär.

Ba­tyl­la­ryň elip­bi­ýi
1909-njy ýyl­da fran­suz çagasy Lu­i Braýl üç ýa­şyn­da­ka, görmek­den mah­rum bol­ýar. Ol Pa­riž­de ba­tyl­la­ryň oka­dyl­ýan ýo­ka­ry okuw ja­ýyn­da oku­wy­ny do­wam ed­ýär­kä, ba­tyl­la­ryň ki­tap oka­ma­gy ba­ra­da pi­kir­len­mä­ge baş­la­ýar. Ol ga­raň­ky­lyk­da gelip gowşan ha­ba­ry esgerleriň oka­ma­gy üçin niýetlenen har­by kod­lar bi­len meş­gul­la­nyp ugra­ýar. Lu­i Braýl 1924-nji ýyl­da 15 ýa­şyn­da ba­tyl­la­ryň il­kin­ji elip­bi­ýi­ni taý­ýar­la­ýar. Hä­zir­ki wagt­da hem ol giň­den ula­nyl­ýar.

Gu­lak­lyk
15 ýa­şyn­da­ky Çes­ter Grin­wud buz­da oý­nal­ýan oýun­la­ra gat­naş­ýar­ka, gu­lak­la­ry üşe­ýär. Ol sim­den gu­lak­lyk ýa­sap, gu­la­ga deg­ýän ýer­le­ri­ne de­ri tik­me­gi ene­sin­den ha­ýyş ed­ýär. Şeý­le­lik­de, 1870-nji ýy­lyň baş­la­ryn­da gu­lak­lyk­lar oý­la­nyp ta­pyl­ýar.

Te­le­wi­zor
15 ýa­şyn­da­ky amerikaly Filo Teýlor Farnsuort te­le­wi­zo­ryň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy­nyň esa­sy se­bäp­kä­ri­dir. 1921-nji ýyl­da mawy ekrany ön­dür­mek üçin dür­li gör­nüş­li ji­sim­ler, di­ag­ram­ma­lar ar­ka­ly bir­nä­çe göz­leg iş­le­ri­ni ge­çir­ýär. 21 ýa­şyn­da bol­sa, ol il­kin­ji te­le­wi­zo­ry ýa­sa­ýar.