Paý­tag­ty­myz­da ýol-ulag dü­zü­mi­niň hem-de mo­nu­men­tal bi­na­gär­li­giň tä­ze döw­re­bap des­ga­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­la­ry bol­dy. Olar ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­niň bi­na­gär­lik keş­bi­niň be­ze­gi­ne öw­rül­di. Bu wa­ka­lar my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­my­zyň Nur­mu­ham­met An­da­lyp we Oguz­han kö­çe­le­ri­niň aý­la­wyn­da­ky hem-de Nur­mu­ham­met An­da­lyp we Gö­rog­ly kö­çe­le­ri­niň aý­la­wyn­da­ky meý­dan­ça­lar baý­ram­çy­lyk ly­ba­sy­na bes­len­di. Şol ýer­ler­de bi­na edi­len “Do­wa­mat” we “Alaw” bi­na­la­ry­nyň tö­we­rek-da­şy ho­wa şar­la­ry hem-de len­ta­lar bi­len be­zel­di. Owa­dan türk­men ha­ly­la­ryn­dan dö­re­di­len kon­sert sah­na­la­ryn­da köp san­ly da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň we myh­man­la­ryň öňün­de dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry çy­kyş et­di­ler. Olar eziz Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik ga­za­nan­la­ry­ny wasp ed­ýän aý­dym­lary ýe­ri­ne ýe­ti­r­diler.
Açy­lyş da­ba­ra­la­ryn­da çy­kyş eden­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ama­la aşyr­ýan, mäh­ri­ban top­ra­gy­my­zy öz­gert­mä­ge, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len düýp­li öz­gert­me­le­ri­niň türk­me­nis­tan­ly­la­ryň şu gün­ki we gel­jek­ki ne­sil­le­ri­niň aba­dan hem-de bag­ty­ýar dur­mu­şy­na gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.
Ga­raş­syz hem-de Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty­nyň be­lent de­re­je­si­ne ky­bap gel­ýän Aş­ga­ba­dyň ke­ma­la gel­ýän tä­ze keş­bi Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­ne mah­sus bo­lan dö­re­di­ji­li­giň we ösü­şiň ru­hu­ny özün­de jem­le­me­li­dir.
Ra­ýat­la­ry­myz üçin has amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek bu ba­bat­da esa­sy gör­ke­zi­ji bol­ma­ly­dyr. Şä­her­-gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­ny hem-de tu­tuş döw­let sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­mak­da mu­nuň özi esa­sy ýö­rel­ge bol­ma­gyn­da gal­ma­ly­dyr. Mil­li bi­na­gär­li­giň iň go­wy däp­le­ri­ni we dün­ýä­niň şä­her-­gur­lu­şyk ba­bat­da­ky ga­za­nan­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän, giň ge­rim­de gu­rul­ýan döw­re­bap des­ga­la­ryň äh­li­si şu ýö­rel­gä la­ýyk gel­ýär. Tä­ze des­ga­lar ak mer­mer­li paý­tag­ty­my­zyň bi­na­gär­lik keş­bi bi­len saz­la­şyk­ly ut­ga­şyp, onuň gör­kü­ni has-da art­dyr­ýar.
Öz­bo­luş­ly “Do­wa­mat” bi­na­sy Nur­mu­ham­met An­da­lyp we Oguz­han kö­çe­le­ri­niň çat­ry­gyn­da gu­rul­dy. Bu bi­na to­ga­lak şe­kil­de bo­lup, 6 sa­ny ýaý şe­kil­li sü­tün­le­re bö­lü­nen­dir. Bu bol­sa türk­men­le­riň ne­sil­ba­şy­sy Oguz ha­nyň al­ty og­lu­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Bi­na­nyň or­ta­syn­da­ky şe­kil bol­sa Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­ni, ne­sil­le­riň do­wa­mat­ly­ly­gy­ny, türk­men hal­ky­nyň bi­te­wü­li­gi­ni we je­bis­li­gi­ni, onuň dün­ýä­niň äh­li halk­la­ry bi­len pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost­lu­gy hem-de hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga ym­tyl­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.
Nur­mu­ham­met An­da­lyp we Gö­rog­ly kö­çe­le­ri­niň aý­la­wyn­da gur­lan “Alaw” bi­na­sy ýo­kar­ly­gy­na uza­lyp gid­ýän üç sa­ny ýaý şe­kil­li sü­tün­den yba­rat­dyr. Alaw, ojak rys­gal-be­re­ke­diň, bol­çu­ly­gyň ala­ma­ty bo­lup dur­ýar. Bu bol­sa, türk­men hal­ky­nyň be­re­ket­li we mu­kad­des sa­ça­gy­na goý­ýan uly hor­ma­ty­dyr.
Gur­lu­şy­gyn­da iň döw­re­bap bi­na­gär­lik tä­ze­lik­le­ri ula­ny­lan bi­na­lar ýur­du­my­zyň gül­läp ös­ýän­di­gi­niň, hal­ky­my­zyň bo­le­lin we aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr.
Soň­ra da­ba­ra­lar Nur­mu­ham­met An­da­lyp kö­çe­si­niň we Gur­ban­sol­tan eje şa­ýo­lu­nyň ke­siş­ýän ýe­rin­de do­wam et­di. Şol ýer­de hal­ka­ra öl­çeg­le­riň äh­li ta­lap­la­ry­na ky­bap gel­ýän üç de­re­je­li tä­ze aw­to­mo­bil köp­rü­si gu­rul­dy.
Özü­ne tä­ze köp­ri­ni, uzyn­ly­gy 380 met­re ba­ra­bar bo­lan tu­nne­li hem-de köp­ri­niň ýo­kar­ky aý­law­ly ga­ty­ny bir­leş­dir­ýän tä­ze des­ga şu ýer­de ozal he­re­ket eden we kö­ne­li­şen ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­sy­nyň or­nun­da gu­rul­dy. Ýol aý­ry­dy­nyň gur­lu­şy­gyn­da öň­de­ba­ry­jy in­že­ner-teh­ni­ki iş­läp taý­ýar­la­ma­lar ula­nyl­dy. Ol 8 sa­ny iniş we mü­nüş ýo­lun­dan yba­rat­dyr. Ola­ryň äh­li­si döw­re­bap we mil­li be­ze­giň ýö­rel­ge­le­ri­ni ulan­mak ar­ka­ly öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik usu­lyn­da gu­rul­dy. Ýa­şaý­jy­lar üçin amat­ly bo­lar ýa­ly köp­rü­de py­ýa­da ýo­lag­çy­lar üçin hem ýol­lar gu­rul­dy.
Teh­ni­ki çöz­güt­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de ýo­ka­ry ýük gö­te­ri­ji­lik hä­si­ýet­na­ma­la­ry, ýur­du­my­za mah­sus bo­lan ho­wa hem-de geo­lo­gik şert­ler do­ly göz öňün­de tu­tul­dy. Seýs­mi­ki dur­nuk­ly­lyk ka­da­la­ry do­ly üp­jün edil­di – des­ga­la­ryň gur­lu­şy 9 bala çen­li ýer tit­re­me­si­ne dur­nuk­ly bol­ma­ga ukyp­ly­dyr. Tä­ze köp­ri­niň de­mir ýo­lun­dan ge­çen ot­ly­nyň se­si­niň hem-de ýyg­na­nan­la­ryň el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da tä­ze aw­tou­lag köp­rü­si açyl­ýar.