Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlarynyň biridir. Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen, çuňňur oýlanyşykly strategiýa oba hojalygynyň okgunly ösdürilmegine ýardam edýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bäs­deş­li­ge ukyp­ly oba-­se­na­gat top­lu­my­ny dö­ret­mä­ge, azyk howp­suz­ly­gy­ny hem-de ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len ag­rar sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­ňa döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Da­şo­guz we­la­ýa­ty­na ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry hem aň­ry­ýa­ny bi­len şa­ýat­lyk ed­ýär. Ýurt Baş­tu­ta­ny­myz ga­dy­my Da­şo­guz top­ra­gyn­da eke­ran­çy­lar bi­len du­şu­şyp, ýur­du­my­zyň ag­rar sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk we­la­ýa­ty­na ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy, ekin meý­dan­la­ry­nyň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin gö­rül­ýän çä­re­ler bi­len ta­nyş bol­dy. Şeý­le hem kä­ren­de­çi­ler we oba ho­ja­ly­gy­nyň beý­le­ki zäh­met­keş­le­ri bi­len du­şuş­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky et­ra­byň J.Hu­daý­ber­ge­now adyn­da­ky daý­han bir­le­şi­gi­niň bug­daý­ly meý­dan­la­ry­nyň bi­rin­de iş­le­riň bar­şy bi­len ta­nyş­dy. Onuň umu­my meý­da­ny 62,1 gek­ta­ra ba­ra­bar bo­lup, bu ýer­de 27 kä­ren­de­çi zäh­met çek­ýär. Ge­çen ýyl olar ak bug­da­ýyň 220 ton­na­sy­ny ýyg­na­dy­lar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz kä­ren­de­çi­le­riň ekin meý­dan­la­ry­nyň ara­syn­da or­naş­dy­ry­lan ça­dyr­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ýaý­baň­lan­dy­ry­lan ser­gi­si­ni syn­la­dy. Bu ýer­de gör­ke­zil­ýän zat­la­ryň ara­syn­da da­şa­ry ýurt­la­ryň önüm ön­dü­ri­ji­le­rin­den ozal sa­tyn al­nan oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­sy, şol san­da Ger­ma­ni­ýa­nyň “CLA­AS”, Nor­we­gi­ýa­nyň “Kver­ne­lang”, Awst­ri­ýa­nyň “Pot­tin­ger” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň kul­ti­wa­tor­la­ry, azal­la­ry hem-de ABŞ-nyň “John Dee­re” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň kom­baýn­la­ry we trak­tor­la­ry hem-de di­zel­le­ri, suw so­ru­jy­lar we beý­le­ki­ler üçin äti­ýaç­lyk şaý­la­ry bar. Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de şol äti­ýaç­lyk şaý­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi “Da­şo­guz­mo­to­ra­bat­la­ýyş” za­wo­dyn­da ýo­la go­ýul­dy.
Göç­me ser­gi di­ňe bir teh­ni­ki tä­ze­lik­ler bi­len däl, eý­sem, beý­le­ki ugur­lar bi­len hem uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Bu ýer­de sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gy­nyň önüm­le­ri gör­ke­zil­di. Ola­ryň ara­syn­da di­ňe bir bi­ziň te­bi­gy ho­wa şert­le­ri­mi­ze mah­sus bo­lan önüm­ler däl, eý­sem, ys­sy hem-de az suw­ly ül­kä­niň şert­le­rin­de sy­nag­dan üs­tün­lik­li ge­çen önüm­ler hem bar. My­sal üçin, Gol­lan­di­ýa­dan ge­ti­ri­len ýe­ral­ma sy­nag hök­mün­de eki­len­de, oňat ne­ti­je ber­di. Şeý­le hem mä­şiň “Be­re­ket­li” di­ýen gör­nü­şi köp möç­ber­de ýe­tiş­dir­mek üçin örän amat­ly­dyr. Ol mä­şiň beý­le­ki gör­nüş­le­rin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da, ýe­ti­şen wag­ty ýe­re dü­şe­lip ös­me­ýär-de, dik­li­gi­ne ös­ýär. Mu­nuň özi ha­sy­ly el bi­len däl-de, ma­şyn­la­ryň kö­me­gi bi­len ýyg­na­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu bol­sa daý­han zäh­me­ti­niň ön­dü­ri­ji­li­gi­ni ep-es­li ýo­kar­lan­dyr­ýar.
Ser­gi­de türk­men ga­wun­la­ry­dyr gar­pyz­la­ry, kä­di­le­ri hem-de ba­dam­jan­la­ry, po­mi­dor­la­ry­dyr hy­ýar­la­ry, dür­li reňk­li ke­lem­le­ri, al­ma­la­ry hem-de ar­myt­la­ry, üzüm­le­ri, li­mon­la­ry, nar­la­ry, burç­la­ry we beý­le­ki önüm­le­ri my­na­syp orun eýe­läp­dir.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz pag­ta­çy­lar, gal­la­çy­lar, şa­ly­çy­lar, bak­ja önüm­le­ri­ni ek­ýän kä­ren­de­çi­ler we oba­nyň beý­le­ki zäh­met­keş­le­ri bi­len söh­bet­deş bol­dy. Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tap­gyr­la­ýyn ama­la aşy­ryl­ýan ag­rar öz­gert­me­le­riň bar­şyn­da yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ul­gam­la­ýyn çä­re­ler eý­ýäm­den özü­niň oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär di­ýip bel­le­di.
Döw­le­tiň ag­rar sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry oba­-se­na­gat top­lu­my­ny do­lan­dyr­ma­gyň ne­ti­je­li ul­ga­my­ny dö­ret­mek, oba ho­ja­ly­gy­nyň dü­şe­wünt­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, oba­da tä­ze yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry eme­le ge­tir­mek, ýer, suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak bo­lup dur­ýar. Oba­-se­na­gat top­lu­my­nyň ze­rur­lyk­la­ry üçin hä­zir­ki za­man trak­tor­la­ry, kom­baýn­la­ry, ekiş we beý­le­ki teh­ni­ka­la­ry sa­tyn alyn­ýar.
Döw­let ta­ra­pyn­dan edil­ýän ma­li­ýe kö­me­gi, şol san­da ýe­re tö­len­ýän ujyp­syz ba­ha, sal­gyt tö­le­mek­den do­ly bo­şa­dyl­mak daý­han­la­ra iş ýü­zün­de örän uly gol­daw bo­lup dur­ýar. Teh­ni­ka hyz­ma­ty, to­hum, mi­ne­ral dö­kün­ler, su­wa­ryş suw­la­ry bi­len üp­jün­çi­lik hem-de hyz­mat­la­ryň beý­le­ki gör­nüş­le­ri kä­ren­de­çi­le­re we daý­han bir­le­şik­le­ri­ne ýe­ňil­lik­li şert­ler­de be­ril­ýär. Mun­dan baş­ga-da, oba ho­ja­lyk tas­la­ma­la­ry­na ýe­ňil­lik­li karz ber­mek ul­ga­my giň­den ula­nyl­ýar.
Ony ama­la aşyr­mak üçin mi­nistr­lik­le­re, pu­dak eda­ra­la­ry­na, kär­ha­na­la­ra, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň we daý­han ho­ja­lyk­la­ry­nyň ag­za­la­ry­na ýer bö­lü­nip be­ril­ýär.
Oba­da ge­çi­ril­ýän giň göw­rüm­li öz­gert­me­le­riň yl­my esa­sy­nyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aýt­mak bi­len, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öň­de­ba­ry­jy ag­rar ylym­la­ryň we hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny ob a ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­ne iş­jeň or­naş­dyr­ma­gyň oba-­se­na­gat top­lu­my­nyň ösü­şi­niň wa­jyp ýag­da­ýy bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­la­ryň so­wal­la­ry­na jo­gap be­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz te­bi­ga­ty go­ra­mak, suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­di.
Türk­me­nis­tan suw se­riş­de­le­ri­niň göz­baş­la­ry­ny di­kelt­mek, ola­ry akyl­ly-baş­ly, tyg­şyt­ly, re­je­li peý­da­lan­mak, ne­ti­je­li do­lan­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly äh­li me­se­le­le­re ga­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len gep­le­şik­le­riň — “Suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň” yzy­gi­der­li ta­rap­da­ry hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz BMG-niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len Mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gy hem-de hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de “Suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy” ba­ra­da­ky pi­ki­ri iş­jeň iler­let­mek üçin şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni mö­hüm ha­sap­la­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak, onuň saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky mak­sat­na­ma­sy­nyň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar.
…Şu du­şu­şy­gyň ýur­du­myz­da giň­den ýaý­baň­lan­dy­ry­lan saý­law­la­ryň öň­ýa­nyn­da­ky möw­süm döw­rün­de ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň özi hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Pre­zi­dent we­zi­pe­si­ne da­laş­gär hök­mün­de ber­len so­wal­la­ryň hä­si­ýe­ti­ni şert­len­dir­di. So­wal­la­ryň kö­pü­si oba ho­ja­ly­gy­na, kä­ren­de gat­na­şyk­la­ry­ny, fer­mer­çi­li­gi, te­le­ke­çi­li­gi mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge, ýe­ňil­lik­li şert­ler­de karz­la­ry ber­mä­ge, hu­su­san-da, şah­sy kö­mek­çi ho­ja­lyk­la­ryň eýe­le­ri­ne karz­la­ry ber­mä­ge, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän hu­su­sy kär­ha­na­la­ry dö­ret­mä­ge de­giş­li bol­dy.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, döw­le­ti­mi­ziň oba zäh­met­keş­le­ri­ne yzy­gi­der­li ber­ýän gol­da­wy, şol san­da mad­dy we teh­ni­ki hä­si­ýet­li gol­da­wy, şeý­le hem sal­gyt ýe­ňil­lik­le­ri daý­han­la­ryň, kä­ren­de­çi­le­riň gir­de­ji­le­ri­niň art­ma­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär, ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň möç­ber­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­na hem-de oba ho­ja­lyk önüm­le­riň hi­li­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, bol ha­sy­lyň alyn­ma­gy­na, tarp ýer­le­riň öz­leş­di­ril­me­gi­ne, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz saý­law­çy­la­ryň so­wal­la­ry­na jo­gap ber­mek bi­len, ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­ri­niň saz­la­şyk­ly we ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi­ni, ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny göz öňün­de tut­ýan bi­te­wi dur­muş-yk­dy­sa­dy döw­let sy­ýa­sa­ty ba­bat­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň mun­dan beý­läk-de ösü­şi­niň gel­je­gi­ni be­ýan et­di. Şun­da ýur­du­my­zyň her bir se­bi­ti özü­niň ge­og­ra­fi­k, top­rak-ho­wa, land­şaft aý­ra­tyn­lyk­la­ry, te­bi­gy se­riş­de­le­ri bi­len şert­len­di­ri­len ug­ru­na eýe­dir.
Uly möç­ber­dä­ki ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­niň gö­nük­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da, şol san­da Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Bu ýer­de önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň köp­san­ly­sy ulan­ma­ga be­ril­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da gal­la sak­la­mak üçin ni­ýet­le­nen ele­wa­tor­lar we un üwe­ýän top­lum­lar, iri dok­ma fab­rik­le­ri, pag­ta­ny gaý­ta­dan iş­le­ýän hem-de şa­ly­ny aras­sa­la­ýan kär­ha­na­lar, elekt­rik stan­si­ýa­sy bar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz saý­law­çy­la­ryň so­wa­ly­na jo­gap ber­mek bi­len, ýa­kyn 7 ýy­lyň için­de we­la­ýat­da gaz­-hi­mi­ýa top­lu­my­ny, bug­tur­bi­na elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny, pag­ta eg­ri­ji fab­ri­gi, as­falt za­wo­dy­ny, et hem-de süýt önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän mal­dar­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ry­ny we ola­ry gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ry, gök önüm­le­ri gaý­ta­dan iş­le­ýän hem-de pag­ta ýa­gy­ny ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ry, un we un önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­ny, san­jym se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­ny hem-de beý­le­ki on­lar­ça des­ga­la­ry gur­ma­gyň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
We­la­ýa­tyň ila­ty­nyň sa­ny­nyň art­ýan­dy­gy­ny göz öňün­de tu­tup, dur­muş ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­mek ze­rur­dyr. Hu­su­san-da, 50-ä go­laý mek­dep­le­ri, 20-den gow­rak mek­dep ýa­şy­na çen­li eda­ra­la­ry, sag­lyk mer­kez­le­ri­ni hem-de öý­le­ri­ni we beý­le­ki des­ga­la­ry gur­mak mö­hüm­dir.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ho­ja­mäm­me­do­wa ýa­kyn wagt­da Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­sy üçin en­jam­la­ry ön­dür­ýän za­wo­dyň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şy­ran­dy­gy­ny aýt­dy.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz du­şu­şy­ga gat­na­şan­lar bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp, bu ýer­den aw­tou­lag­da Da­şo­guz şä­he­ri­niň ho­wa men­zi­li­ne gel­di. Bu ýer­de, ho­wa men­zi­lin­de, Aş­ga­ba­da ug­ra­maz­dan öň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz wi­se-prem­ýer­le­riň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi­niň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di.
Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu hep­dä­niň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň gün­do­gar se­bi­tin­de iş sa­pa­ryn­da bo­lup, Amy­der­ýa jül­ge­si­niň se­na­gat we ulag dü­zü­mi­niň iri gur­lu­şyk­la­ryn­da iş­le­riň ýag­da­ýy, dur­muş-yk­dy­sa­dy tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi hem-de Le­bap we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­niň ösü­şi bi­len ta­nyş­dy. Le­bap we­la­ýa­ty­nyň çäk­le­rin­de Gar­lyk şä­her­çe­sin­de ka­liý dö­kün­le­ri­ni ön­dür­ýän dag-mag­dan baý­laş­dy­ry­jy top­lu­my­nyň, de­mir hem-de aw­to­mo­bil ýol­la­ry ar­ka­ly ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri­ni we eks­por­tu­ny, ýük da­şa­ma­gy hem-de ýo­lag­çy gat­nat­ma­gy art­dyr­mak­da tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýan, Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den geç­ýän tä­ze köp­rü­le­riň gur­lu­şy­gy uly dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le hem we­la­ýa­tyň mer­ke­zi Türk­me­na­bat şä­he­ri hem düý­bün­den tä­ze keş­be eýe bol­dy. Bu ýer­de bo­lup geç­ýän dur­muş-yk­dy­sa­dy we me­de­ni öz­gert­me­ler al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ge­ri­min­de hem öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na de­giş­li des­ga­la­ryň gu­rul­ma­gy dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ry gur­ma­gyň mö­hüm ug­ry bo­lup, onuň ös­dü­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, türk­me­nis­tan­ly­lar üçin ýo­ka­ry hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­niň de­re­je­sin­de luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň giň to­pa­ry el­ýe­ter­li bol­dy. Bu ýer­de 836 orun­lyk kö­pu­gur­ly we­la­ýat has­sa­ha­na­sy — ýur­du­myz­da iň uly we Mer­ke­zi Azi­ýa­da iri has­sa­ha­na bi­na edil­ýär. Mun­dan baş­ga-da şä­her­de gur­lu­şy­gy güýç­li dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan ho­wa men­zil top­lu­my sa­gat­da 500 ýo­lag­ça hyz­mat et­mä­ge ukyp­ly ýo­lag­çy we beý­le­ki de­giş­li ter­mi­nal­la­ry, uzyn­ly­gy 3800 met­re ba­ra­bar bo­lan, “Boing-777-200LR” ky­sym­ly uça­ry ka­bul et­mek üçin ýö­ri­te se­riş­de­ler bi­len üp­jün edi­len tä­ze eme­li uçuş-go­nuş zo­lak­la­ry­ny, ho­wa he­re­ke­ti­ni do­lan­dy­ryş mi­na­ra­la­ry­ny, ba­dal­ga be­ri­ji dis­pet­çer­çi­lik no­kat­la­ry­ny özün­de bir­leş­dir­ýär.