Aragatnaşygyň täze nesli hasaplanýan 5G ulgamynyň durmuşa geçirilmegi bilen dördünji senagat öwrülişigine gadam basyljakdygy mälim edildi. Bu barada Türkiýäniň “Türkcell” ykjam aragatnaşyk kärhanasynyň baş müdiri Kaan Terziogly habar berdi. Ol bu tehnologiýanyň ýakyn geljekde internet ulgamynyň ösüşinde täze sahypany açjakdygyny hem-de milliardlarça häzirki zaman enjamlaryň işleýiş tizliginiň ýokarlanjakdygyny belläp geçdi.
– Meniň pikirimçe, biz dördünji senagat öwrülişiginiň bosagasynda durus. Bu platforma köp sanly ugurlaryň has-da ykjam hereket etmegine mümkinçilik berer – diýip, Kaan Terziogly Dawosdaky halkara forumdaky çykyşynda belläp geçdi. Dawosdaky ykdysady forumyň gün tertibiniň esasyny dördünji senagat öwrülişigi düzdi.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy ähli tehnologiýa ulgamynyň 5G ulgamynda işlemäge başlamagy üçin 23 milliard dollar maýa goýum özleşdirmegiň zerurdygyny belläp geçýär. Kompaniýanyň 5G ulgamyna işjeň geçmegi üçin netijeli işler dowam etdirilýär. Golaýda “Türkcell” bilen “Ericsson” bilelikde, Türkiýede 5G ulgamyny synagdan geçirdi. Şonuň netijesinde, 24,7 gbit/sek tizlige ýetildi.
Kompaniýa 5G tehnologiýasynyň üstünde 2013-nji ýyldan bäri işläp gelýär. 2017-2018-nji ýyllarda bu ugurda birnäçe synag işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Ýokary tizligiň netijesinde, 5G ulgamy arkaly 100 gb göwrümindäki maglumaty 500 mbit/sek tizlik bilen 30 minutda geçirmek bolar.
Mundan başga-da 5G ulgamyna geçmek babatda dünýäniň köp ýurdunda degişli işler alnyp barylýar. Günorta Koreýada, Russiýada we beýleki ýurtlarda bu ugurdaky işler çaltlandyryldy. Russiýanyň “MegaFon” kompaniýasy “Nokia” bilen bilelikde, 5G ulgamyny ösdürmekde alyp barýan işleriniň netijesinde, sekuntda 5 gbit tizlige ýetdi.