Dün­ýä Mo­tor Sport­la­ry ge­ňe­şi For­mu­la 1-iň ABŞ-nyň “Li­ber­ty Me­dia” şe­re­ke­ti­ne sa­tylandy­gyny tas­syk­la­dy. Şol my­na­sy­bet­li Şweý­sa­ri­ýa­nyň Že­ne­wa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýyg­na­ny­şyk­da ge­ňe­şiň ag­za­la­ry F1-iň ady ag­za­lan şe­re­ke­te sa­tu­wy­ny biragyz­dan ka­bul et­di. Şun­luk­da, F1 tä­ze möw­süm­den baş­lap, ony 8 mil­liard dol­la­ra sa­tyn alan mil­li­ar­der işe­wür Jon Ma­lou­nyň eýe­çi­li­gin­dä­ki “Li­ber­ty Me­dia” şe­re­ke­ti­niň ga­ra­ma­gyn­da bo­lar. Şe­re­ket sa­tuw iş­le­ri­niň ymyk­ly tas­syk­lan­ma­gyn­dan soň, 40 ýyl­dan bä­ri F1-e baş­tu­tan­lyk edip gel­ýän 85 ýaş­ly Ber­ni Ek­les­tou­ny we­zi­pe­sin­den bo­şat­dy. Onuň or­nu­na ame­ri­ka­ly Çeý­si Ka­reý bel­len­di. Iň­lis işe­wü­ri Ek­les­to­un bu ba­ra­da: – 40 ýyl­dan bä­ri F1 üçin ala­da ba­ry­ny et­dim. Bu ýag­daý me­ni buý­san­dyr­ýar. Mun­dan soň, tä­ze şe­re­ke­tiň-de F1-iň ge­le­je­gi üçin köp iş et­jek­di­gi­ne yna­mym diý­seň uly – di­ýip, be­ýa­nat ber­di. Şeý­le-de mun­dan soň F1-iň baş mü­di­ri-de bel­li dö­wür­ler­de “Mer­se­des” we “Fer­ra­ri” to­par­la­ryn­da iş­län Ross Brown bo­lar.