Gabon döwletinde dowam edýän 31-nji Afrika Milletler Kubogynda toparçadaky oýunlar tamamlandy. Ýer eýesi Gabon bilen soňky çempion Kot-d’Iwuaryň ýygyndylary şowsuz netije görkezip, ýaryşdan çykdy.
“A” toparçada Kamerun bilen Gabonyň arasyndaky oýundan gol sesi çykmady. Netijede, oýnuň başynda hem-de soňunda örän amatly pursatlardan peýdalanyp bilmedik Gabon çärýek finala çykyp bilmän, özlerinde geçirilýän ýaryş bilen hoşlaşmaly boldy. Gwineýa-Bissaunyň ýygyndysyndan 2–0 hasabynda üstün çykan Burkino Faso toparçada 1-nji ýeri alyp, Kamerun bilen bir hatarda, çärýek finalyň petegini gazandy.
“B” toparçada güýçli ýygyndy hasaplanýan Alžir hem edil Gabon ýaly çempionaty ýeňişsiz tamamlady. Olar soňky oýnunda Senegal bilen 2–2 hasabynda deňme-deň oýnady. Alžirlileriň gollarynyň 2-sini hem Slimani öz adyna ýazdyrdy. Senegalyň adyndanam Papakoli Diop bilen Musa Sow tapawutlandy. Tunis Zimbabweniň ýygyndysyndan 4–2 hasabynda üstün çykyp, Senegaldan soň toparçada 2-nji ýeri eýeledi.
“C” toparçada soňky çempion Kot-d’Iwuaryň milli topary Marokkodan Aliunyň 64-nji minutdaky ýeke-täk goly esasynda 1–0 hasabynda asgyn gelip, ýaryşdan çykdy. Käbir ýyldyzlaryny bu ýaryşa çagyrmadyk Kot’d’Iwuaryň wagtyndan ir ýaryşdan çykmagy köpleri geň galdyrdy. Togodan 3–1 hasabynda üstün çykan DR Kongonyň ýygyndysy utugyny 7-ä ýetirdi we toparçada 1-nji basgançaga mynasyp boldy. Toparçada 2-nji ýeri Marokkonyň ýygyndysy eýeledi.
“D” toparçada belli bir derejede lideri kesgitleýän oýunda Müsür Gananyň ýygyndysyndan 1–0 hasabynda üstün çykdy. Yklymyň iň köp çempionlygyny gazanan topara ýeňiş getiren ýeke-täk pökgini 11-nji minutda Mohamed Salah derwezä girizdi. Bu netije 2 topary-da çärýek finala çykardy. Toparçanyň beýleki oýnunda Uganda bilen Mali 1–1 hasabynda deňme-deň oýnady.
Ýokary depginde dowam edýän çempionatda her oýunda 1 gezek tapawutlanan DR Kongonyň oýunçysy Junior Kabananga 3 gol bilen 1-nji orunda barýar. 5 oýunçy 2 gol geçirip, bu ugurda 2-nji ýeri paýlaşýarlar. Olardan senegally Sadio Mane bilen tunisli Naim Sliti ýaryşy dowam etdirýän beýleki futbolçylardyr. Öz oýnaýan klublarynyň ýyldyzlaryndan Obameýangdyr Mahrez hem-de Slimani çempionaty 2 gol bilen tamamladylar.
Çärýek finalyň oýunlary şu gün hem-de ertir oýnalar. Ýagny 28-nji ýanwarda Burkino Faso–Tunis, Senegal–Kamerun, 29-njy ýanwarda-da Müsür–Marokko, DR Kongo–Gana duşuşyklary geçiriler. Ýeňijiler 1–2-nji fewralda oýnaljak ýarym final duşuşyklarynda özara güýç synanyşar. 31-nji Afrika Milletler Kubogynyň finaly-da 5-nji fewralda Gabonyň paýtagty Librewilldäki “Stade de l’Amitie” stadionynda oýnalar.
Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:
“A”: Kamerun–Gabon: 0–0; Gwineýa-Bissau–Burkino Faso: 0–2 (Rudinilson 12 ö.d., B. Traore 58).
“B”: Senegal–Alžir: 2–2 (Diop 44, Musa Sow 53—Slimani 10, 52); Zimbabwe–Tunis: 2–4 (Musona 42, Ndoro 58 — Sliti 9, Msakni 22, Kenissi 36, Kazri 45 p).
“C”: Kot-d’Iuwar–DR Kongo: 2–2 (Boni 25, Die 67 — Kebano 10, Kabananga 28); Marokko–Togo: 3–1 (Buhadduz 14, Saiss 21, En-Nesiri 72 — Dossewi 5); Marokko–Kot-d’Iuwar: 1–0 (Aliu 64); Togo–DR Kongo: 1–3 (Laba 69 — Kabananga 29, Mubele 54, M’Poku 80).
“D”: Gana–Mali: 1–0 (Asamoa Gýan 21); Müsür–Uganda: 1–0 (Said 89); Müsür–Gana: 1–0 (Mohamed Salah 11); Uganda–Mali: 1–1 (Miýa 70 — Bissuma 73).
Çärýek final duşuşyklary: (28-nji ýanwar) Burkino Faso–Tunis, Senegal–Kamerun, (29-njy ýanwar) Müsür–Marokko, DR Kongo–Gana.