Salam — du­şu­şan ada­my­ňy­za sag­lyk we esen­lik ar­zuw et­mek diý­mek­dir. Ada­myň adam bi­len ta­nyş­ma­gy, bi­ri-bi­ri bi­len ys­nyş­ma­gy sa­lam­dan baş­lan­ýar. Gü­ler ýüz bi­len ber­len sa­lam we on­dan soň­ky mä­hir­li hal-ah­wal so­raş­mak ru­hu­ňy gö­ter­ýär, du­şu­şan­la­ryň ara­syn­da bi­rek-bi­re­ge ynam dö­red­ýär.
Sa­lam­la­şy­la­nyn­da “Es­sa­law­ma­leý­kim” di­ýil­se, sa­lam ber­len ki­şi “Wa­leý­ki­mes­sa­lam” di­ýip, jo­gap ber­ýär.
Ýol­da duş ge­len ýa­şu­lu­la­ra sa­lam ber­män geç­mek ha­la­nyl­ma­ýar. Şo­nuň üçin öňü­ňiz­den çy­kan adam siz­den uly ýa-da de­ňe­çer bol­sa-da, sa­lam be­ril­me­li­dir. Deň-duş­la­ryň bi­len gör­şe­niň­de-de, sa­ly­hat­ly­ly­gy sak­lap, gü­ler ýüzli sa­lam­laş­ma­ly. Gar­şyň­da du­ra­nyň eli­ni sil­ke­le­mek, aşa gys­mak, eli­ňi gö­wün­li-gö­wün­siz uzat­mak ulum­sy­ly­gyň ala­ma­ty, edep­siz­lik sa­ýyl­ýar.
Diý­mek, sa­lam di­ňe bir du­şu­lan­da, iki ada­myň ara­syn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän ýö­ne­keý bir endik bol­man, eý­sem, onuň uly ma­ny­sy, yn­san­la­ry bi­ri-bi­ri­ne ys­nyş­dy­ry­jy güý­ji bar. Çün­ki sa­lam ber­mek we al­mak ar­ka­ly adam­lar öz gar­şy­daş­la­ry­na “Siz me­ni sy­la­dy­ňyz, me­nem si­zi hor­mat­la­ýa­ryn. Si­zi gö­re­ni­me örän şat!” diý­mek is­le­ýär­ler.
Türk­men däp-des­su­ryna görä ulag­ly py­ýa­da, ýö­räp bar­ýan otu­ra­na, ki­çi ula, az­lyk köp­lü­ge sa­lam ber­ýär.
Köp­çü­lik­de otu­ran mä­re­ke bi­len ýe­ke-ýe­ke el­le­şip gö­rüş­me­giň hem ze­rur­ly­gy ýok­dur. Çün­ki ol otu­ran­la­ryň ün­sü­ni so­wup, ra­hat­ly­gy­ny boz­up biler. Di­ňe sa­lam be­rip, boş bir ýe­re ge­çip otur­maklyk ýer­lik­li saýylýar.
Na­har iýip otu­ran­lar bi­len hem ýe­ke-ýe­ke el­le­şip gö­rüş­mek dog­ry däl­dir. Mä­re­ke­de ýa­şu­lu­lar bar bol­sa, on­da il­ki olar bi­len gör­şüp, soň­ra on­dan çep­de du­ran­lar bi­len el­leş­me­li.
Gör­şü­miz ýa­ly, sa­lam­laş­mak öz­bo­luş­ly sun­gat bo­lup, onuň ga­dym­dan gel­ýän we sün­nä­le­nip, bi­ziň döw­rü­mi­ze ýe­ti­ri­len özüne mah­sus ýö­rel­ge­le­ri, däpleri bar.
Edebiň belgisi salam bereni, ýakynlyk belgisi baryp-geleni.