Öz ulaglary arkaly şäherara we şäheriçi taksiçilik hyzmatlaryny hödürlemek we ondan peýdalanmak isleýänlere kömek edýän “Uber” şereketiniň global bazar nyrhy 62,5 milliard dollara ýetdi. Şeýlelikde, onuň bazar nyrhy dünýäniň öňdebaryjy awtoulag öndürijileriniňkä barabar boldy. Ýeke-täk awtoulag zawody, hatda awtoulagy hem bolmadyk kompaniýa bu ugurda hyzmatlar pudagynyň näderejede ähmiýetlidigini görkezdi. Ondan peýdalanmak isleýänler internet ýa-da smartfon arkaly sargyt edip bilýärler. Bazar barlaglaryny amala aşyrýan “Morningstar” tarapyndan taýýarlanan maglumatlara görä, “General Motors” kompaniýasynyň bazar nyrhy 53,1 milliard dollara barabar. 100 ýyldan bäri iş alyp barýan “Volkswagen”-iň bazar nyrhy 68,9 milliard dollara deň. Häzirki wagtda 450 şäherde ulanyp bolýan “Uber”-den her günde 1 million gezek peýdalanylýar. Bu görkeziji Germaniýanyň “Daimler” kompaniýasynda 79,3 milliard dollara, birinji ýerde duran “Toyota”-da bolsa, 195,6 milliard dollara barabardyr.
“Uber”-iň bäsdeşi “Didi Chuxing”-iň işi hem barha rowaçlanýar. Golaýda bu şereket “Uber”-iň Hytaýdaky paýnamalaryny satyn aldy. Şeýle hem “Apple” bilen 1 milliard dollarlyk hyzmatdaşlyga gol çekdi. Onuň bazar bahasy 35 milliard dollara golaýlady. Hytaý şereketiniň hyzmatlaryndan häzirki wagtda 400 şäheriň ýaşaýjylary peýdalanýar we 300 abunaçysy bar. Bu ugurda iş alyp barýan ABŞ-da “Lyft”, Hindistanda “Ola” we Singapurda “GrabTaxi” ýaly şereketler bar.