Frank Raý­kard, Den­nis Berg­kamp, Pa­wel Ned­wed, Zla­tan Ib­ra­hi­mo­wiç, Ro­bi­nio, Ma­rio Ba­lo­tel­li, Pol Pog­ba hem-de Hen­rih Mhi­tar­ýan – bu­lar fut­bol dün­ýä­si­niň öň­de­ba­ry­jy ýyl­dyz­la­ryn­dan diý­lip gör­ke­zil­ýär. Bu oýunçylaryň fut­bol­çy bol­ma­gyn­dan daş­ga­ry ýe­ne bir şä­rik­lik ed­ýän za­dy-da ola­ryň me­ne­jer­le­ri­dir. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, ola­ryň äh­li­si­niň-de me­ne­je­ri şol bir adam, dün­ýä bel­li Mi­no Raio­la­dyr. Birwagt­lar ka­ka­sy­nyň res­to­ra­nyn­da­ky kas­sa­da otu­ryp, wag­tal-wag­tal hem piz­za paý­lan Raio­la­nyň şöh­ra­ty Pog­ba­nyň “Man­çes­ter Ýu­naý­te­de” geç­me­gin­den soň, ha­s-da art­dy. Ge­çen to­mus­da fran­si­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy Pol Pog­ba 105 mil­li­on ýew­ro ba­ha “Ýu­wen­tus­dan” “Man­çes­ter Ýu­naý­te­de” trans­fer bo­lup­dy. Ol fut­bol ta­ry­hy­nyň iň gym­mat trans­fe­ri hök­mün­de ha­sa­ba al­nyp­dy. Şeý­le-de soň­ky trans­fer möw­sü­min­de “Bo­rus­sia Dort­mund­dan” er­me­nis­tan­ly Hen­rih Mhi­tar­ýan 42 mil­li­on ýew­ro “Ýu­naý­te­de” ge­çip­di. PSŽ bi­len şert­na­ma­sy ta­mam­la­nan şwe­si­ýa­ly su­per ýyl­dyz Zla­tan Ib­ra­hi­mo­wiç hem tö­leg­siz ýag­daýda iň­lis klu­bu­nyň oýun­çy­sy bo­lup­dy. Ine, şol 3 ýyl­dy­zy “Man­çes­ter Ýu­naý­te­de” ge­ti­ren fut­bol me­ne­je­ri Mi­no Raio­la­dy. Onuň dur­mu­şy ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat eşit­mek me­ge­rem hem­mä gy­zyk­ly bol­sa ge­rek.
1967-nji ýyl­da Ita­li­ýa­nyň gün­do­garyn­da­ky Sa­ler­no şä­he­rin­de dün­ýä inen Raio­la­nyň maş­ga­la­sy ol heniz 1 ýa­şyn­da­ka Gol­lan­di­ýa­nyň Ha­ar­lem şä­he­ri­ne gö­çüp gaýd­ýar. Olar bu ýer­de ek­lenç üçin res­to­ran aç­ýar­lar. Ýa­şa­jyk Mi­no stol ten­ni­si­ne we fut­bo­la hö­wes ed­ýär. Şä­he­riň ady­ny gö­ter­ýän “HFC Ha­ar­lem” klu­bun­da fut­bol oý­nap baş­la­ýar. Ýö­ne ol 18 ýa­şy­na ýe­ten­de, “Men­den fut­bol­çy bol­maz” di­ýip, en­tek futbola baş­la­man­ka di­ýen ýa­ly ýa­şyl meý­dan­ça bi­len hoş­laş­ýar. Em­ma fut­bol­dan ymyk­ly daş­laş­ma­ýar. Hu­kuk ug­run­dan bi­lim al­ýar we gap­da­lyn­da­nam fut­bol bi­len içgin gy­zyk­lan­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. Ol boş wagt­la­ryn­da-da res­to­ran­da ka­ka­sy­na-eje­si­ne kö­mek­leş­ýär, kas­sa­ işlerini alyp barýar. Kä­ma­hal­la­ram sar­gyt eden­le­re piz­za el­tip ber­ýär. Şol res­to­ra­na he­mi­şe gel­ýän­le­riň bi­ri-de “HFC Ha­ar­lem” to­pa­ry­nyň baş­ly­gy. Gün­le­riň bi­rin­de klu­buň baş­ly­gy bu ýerde 19 ýaş­ly Raio­la­nyň myh­ma­ny bol­ýar. Olar şon­da fut­bol ba­ra­da gy­zyk­ly gür­rüň­ler ed­ýärler. Has ta­ky­gy, fut­bol hakyn­da köp zat bil­me­ýän baş­lyk Raio­la­nyň gür­rüň­le­ri­ne, fut­bol ha­kyn­da bil­ýän zat­la­ry­na geň gal­ýar. Şon­dan soň ol Raiolany “Ha­ar­lem” klu­bu­na sport di­rek­tory we­zi­pe­si­ne bel­le­ýär. Dü­şü­niş­mez­likler se­bäp­li ol bu ýer­de köp wagt­lap iş­läp bil­me­ýär. Emma onuň fut­bo­la bo­lan hö­we­si tä­ze­den hasam möwjeýär. Mi­no Raiola fut­bol me­ne­jer­ligi boýunça Gol­lan­di­ýa­da meşhur şe­re­ke­t bolan “Sports Pro­mo­tions”-da işe baş­la­ýar.
Mi­no Raio­la gol­land fut­bo­ly­nyň ro­wa­ýa­ty oýun­çy­la­ry­nyň me­ne­je­ri­dir. 1988-nji ýyl­da Frank Raý­k­ar­dyň “Spor­ting­den” (Lis­sa­bon) şol dö­wür­ler­de ýe­ňiş­le­ri­ne ýe­ňiş goş­ýan “Mi­la­na”, 1993-nji ýyl­da-da Den­nis Berg­kam­pyň “Aýaks­dan” “In­te­re” trans­fer bol­ma­gyn­da Raio­la­nyň pa­ýy diý­seň uludyr. Ol Den­nis Berg­kam­pyň şert­na­ma­sy­nyň bir nus­ga­sy­ny özün­de alyp gal­ýar. Soň-soň­lar şol res­mi­na­ma­nyň oňa uly kö­me­gi deg­ýär. Kem-kemden menejerlikde tanalap başlanan Raio­la üçin özü­niň şah­sy şe­re­ke­ti­ni döretmegiň wag­ty gel­ýär. Ol “In­ter­mez­zo” me­ne­jer­lik şe­re­ke­ti­ni gur­ýar. Onuň il­kin­ji uly trans­fe­ri-de Pa­wel Ned­wed bo­lup, çe­hiýa­ly ýyl­dyz 1996-njy ýyl­da “Spar­tadan” “La­sio” to­pa­ry­na trans­fer bol­ýar. Ned­wed 2001-nji ýyl­da-da 41 mil­li­on ýew­ro “La­sio­dan” “Ýu­wen­tu­sa” geç­ýär.
Ned­wed bi­len meş­hur­lyk ga­za­nan Raio­la gys­ga wagt­dan soň, Zla­tan Ib­ra­hi­mo­wiç hem-de Ro­bi­nio ýa­ly su­per ýyl­dyz­la­ryň-da me­ne­je­ri bol­ýar. Aý­ra­ty­nam, Zla­ta­nyň trans­fer bo­lan her klu­by Raio­la­nyň şöh­ra­ty­ny, şol bir­wag­tyň özün­de-de baý­ly­gy­ny ha­sam art­dyr­ýar. Raio­la “Aýaks­dan” “Ýu­wen­tu­sa”, ol ýer­de­nem “In­te­re”, soň­ra “Bar­se­lo­na”, ka­ta­lon­lar­da­nam “Mi­la­na”, bu klub­dan PSŽ-e we ahy­ryn­da-da “M. Ýu­naý­te­de” ge­çen Zla­tan Ib­ra­hi­mo­wi­çiň trans­fer­le­rin­den jemi 125 mil­li­on ýew­ro ga­zan­ýar. Raio­la­nyň ge­çen to­mus­da 105 mil­li­on ýew­ro bi­len trans­fer re­kor­dy­ny tä­ze­län Pol Pog­ba­nyň trans­fe­rin­den ga­za­na­ny-da 27 mil­li­on ýew­ro deň­dir. Mahlasy, ýyl­dyz­la­ryň me­ne­je­ri diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan Mi­no Raio­la hä­zi­re çen­li menejerlik edýän oýun­çylarynyň trans­fer­le­rin­den je­mi 300 mil­li­on ýew­ro tö­we­re­gi gir­de­ji ga­zan­ýar. Railony ta­na­ýan­lar bu ba­şar­ny­gy­ny onuň ze­hi­ni, uky­by bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar­lar. Il­ki bi­len-ä, Mi­no dog­ru­çyl, hiç hi­li galp­ly­ga ýol ber­me­ýän işe­wür. Onsoňam, ol to­par bi­len fut­bol­çy­dan haý­sy hem bol­sa, bi­ri­ni saý­la­ma­ly bo­lan­da, ola­ryň ikin­ji­si­niň ta­ra­pyn­da bol­ýar, oýun­çy­la­ryň hak-hu­ku­gy­ny go­ra­ýar. Şol se­bäp­li-de ýyl­dyz fut­bol­çy­lar onuň bi­len iş­le­şe­ni­ni kem gö­rmeýär. Ga­ly­ber­se-de, 49 ýa­şyn­da­ky me­ne­jer ital­ýan, iň­lis, ne­mes, is­pan, fran­suz, por­tu­gal we gol­land dil­le­rin­de ar­ka­ýyn­lyk bi­len gür­läp bil­ýär. Bu ýag­daý hem onuň işi­ni has-da ýe­ňil­leş­dir­ýär.
2015-nji ýyl­dan baş­lap, bel­gi­ýa­ly hü­jüm­çi Ro­me­lu Lu­ka­ku hem Raio­la bi­len iş­le­şip ug­ra­dy. Hä­zir­ki wagt­da uly klub­la­ryň trans­fer sa­na­wyn­da bo­lan “Mi­la­nyň” ýaş der­we­ze­çi­si Ji­an­lui­ji Don­na­rum­ma hem özü­niň fut­bol kar­ýe­ra­syn­da­ky yk­ba­ly­ny Raio­la tab­şyr­dy. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, Don­na­rum­ma­nyň “Mi­lan­da” ga­lyp-gal­ma­jak­dy­gy­ny bel­li bir de­re­je­de Raio­la kes­git­lär. Oýun­çy­nyň-da, to­pa­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň-da göw­nü­ni tap­mak­da ök­de hü­när­men bo­lan Raio­la­nyň mun­dan soň, haý­sy oýun­çy­la­ra me­ne­jer­lik et­jek­di­gi­ni ýa-da tä­ze trans­fer re­kord­la­ry­ny go­ýup-goý­ma­jak­dy­gy­ny wagt gör­ke­zer.