Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu ýyl dünýäniň abraýly guramalarynyň biri hasaplanýan Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk edýär. Ol hem hormatly Prezidentimiziň başyny başlan ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden birnäçe gezek tutuş dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda öňe süren başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Guramanyň Baş sekretary Urban Rusnak şu hepdäniň dowamynda Aşgabatda saparda boldy.
Hormatly Prezidentimiz Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz we myhman ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga hem-de Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegini nazara almak bilen, bilelikdäki işiň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, jenap Urban Rusnak ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge täze çemeleşmeleri öz içine alýan möhüm halkara başlangyçlaryň birnäçesini öňe süren ýurdumyzyň işjeň ornuna ýokary baha berdi.
Hormatly Prezidentimiz energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda döwleti durnukly ösdürmegiň, ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistan soňky on ýylyň dowamynda maksada okgunly daşary syýasy işini alyp barmak bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine çekýär.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod kuwwatyna eýe bolmak bilen, ony dünýä bileleşiginiň hyzmatyna goýmaga çalyşýandygyny hem-de bu ugurda anyk ädimleri ädýändigini aýtdy. Hususan-da, tebigy gazy dünýä bazarlaryna ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de giňeltmek Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Netijeli we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň halkara hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy bilelikdäki işiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Munuň özi Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlarynyň onlarçasyny birleşdirýän Energetika Hartiýasynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň teklibi boýunça kabul edilen BMG-niň degişli Kararnamasynyň ähmiýeti nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz we myhman energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmeginiň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen umumy tagallalary işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belläp, bu ulgamda Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki iri halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny aýtdylar.
Energiýa ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de energiýany tygşytlamak, daşky gurşawy goramak dünýä energetikasyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselesi bolup durýar. Jenap Urban Rusnak Türkmenistanda bu meselä – “ýaşyl ykdysadyýete” geçmek meselesine uly üns berilýändigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary tutuş adamzadyň bähbitlerine laýyk gelýän uzak möhletli we netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Energetika howpsuzlygy dünýäniň üns merkezinde.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ägirt uly energiýa kuwwatyna eýe bolmak bilen, ony ählumumy abadançylygyň bähbidine peýdalanmaga çalşyp, tutuş adamzadyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri alyp barýar.
Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 62-nji mejlisinde döwlet Baştutanymyz energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça täze halkara hukuk guralynyň döredilmegi baradaky teklibi öňe sürdi.
2008-nji we 2013-nji ýyllarda BMG tarapyndan energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň meseleleri boýunça ýörite Rezolýusiýalar kabul edildi.
Bu ulgamda Türkmenistan iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär hem-de köpsanly duşuşyklaryň we forumlaryň geçirilýän ýeri bolup durýar. Şunda Energetika Hartiýasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy aýratyn bellemek gerek.
Geçen ýylyň 25-26-njy noýabrynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Tokio şäherinde geçirilen mejlisinde ýurdumyz 2017-nji ýyl üçin bu Guramanyň konferensiýasynyň Başlygy wezipesine biragyzdan saýlanyldy. Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe halkara çärelerini ýokary derejede guramak we geçirmek maksady bilen degişli guramaçylyk topary döredildi. Bu toparyň şu ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen ilkinji mejlisiniň netijeleri boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi boýunça Konsepsiýanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň energiýa serişdeleriniň çeşmeleriniň köpdürlüligini üpjün etmek, olaryň çägini giňeltmek; energiýa serişdelerini netijeli ulanmak we olary aýawly saklamak maksady bilen, täzeçil tehnologiýalary we dolandyryş usullaryny ulanmak; daşky gurşawy goramagy we energiýanyň täzelenýän çeşmelerini ulanmagy üpjün etmek maksady bilen, ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmek; energiýa serişdelerini ibermegiň ygtybarly ulgamyny döretmek üçin olaryň halkara derejesinde üstaşyr geçirilmegini deňhukukly we täjirçilik taýdan esaslandyrylan ýörelgelere görä, amala aşyrmak; halkara energetika hyzmatdaşlygynda maýa goýum işlerini ösdürmek maksady bilen, energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek we olary goramak boýunça degişli işleri geçirmek ýaly ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berildi. Durnukly energetika ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji maslahatynyň netije resminamasynda beýan ediler.
Şunuň bilen birlikde, 2017-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasy bilen bilelikde ,döwletimizde we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şol çäreler Aşgabatda, Brýusselde, Nýu-Ýorkda, Pekinde, Gonkongda, Tähranda geçiriler. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Türkmenistanyň Başlyklygy boýunça ýörite Internet web-saýtyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu elektron habar beriş serişdesiniň sahypalarynda dürli mowzuklaýyn makalalar çap ediler, Aşgabatda we dünýäniň beýleki şäherlerinde halkara energetika ugry boýunça geçiriljek çäreler barada maglumatlar berler.
Energetika Hartiýasy bilen bilelikde, Türkmenistanda, Ýewropada, Hytaýda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçiriljek halkara çäreler sebit – Ýewropa we Günorta Aziýa ugurlarynda energiýa ulgamynda gatnaşyklary ilerletmäge ýardam eder.
Hususan-da, Aşgabatda, Brýusselde, Gonkongda we Nýu-Ýorkda – BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň derwaýys meseleleri boýunça Energetika Hartiýasynyň iri forumlaryny, bilermenleriň duşuşyklaryny, ýokary derejeli halkara maslahatlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.