Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da ra­ýat­la­ry­my­zyň aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, has­sa­ha­na­lar, sag­lyk öý­le­ri we beý­le­ki ýa­şa­ýyş-dur­muş mak­sat­ly des­ga­lar yzy­gi­der­li gu­rulýar.
Ýurt Baş­tu­ta­ny­my­zyň şu ýy­lyň 20-nji ýan­wa­ryn­da­ky Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da dur­muş go­rag­ly­ly­gy­na mä­täç­lik çek­ýän, müm­kin­çi­lik­le­ri çäk­li ra­ýat­lar üçin ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny gur­mak ba­bat­da gol çe­ken Ka­ra­ry “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­ga­ryň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ka­ra­ry esa­syn­da ýur­du­my­zyň Ahal, Bal­kan, Le­bap, Ma­ry we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ryn­da ma­ýyp adam­lar hem-de dur­muş go­rag­ly­ly­gy­na aý­ra­tyn mä­täç­lik çek­ýän beý­le­ki ra­ýat­lar üçin ni­ýet­le­nen tä­ze hä­zir­ki za­man ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň düý­bi tu­tul­dy.
Iri pa­nel­li dört gat­ly köp öý­li ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň tas­la­ma­syn­da müm­kin­çi­li­gi çäk­li ra­ýat­la­ryň my­na­syp ýa­şaý­şy üçin oňaýly şert­ler göz öňün­de tu­tul­dy. Şeý­le hem ola­ryň go­la­ýyn­da işe ýer­leş­mek müm­kin­çi­li­gi­ni üp­jün ed­ýän des­ga­lar bi­na edi­ler. Tas­la­ma la­ýyk­lyk­da, ja­ýyň bas­gan­çak­la­ry, gi­rel­ge­le­ri tu­ta­waç­la­ry we beý­le­ki­le­ri ma­ýyp adam­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne gö­rä üp­jün edi­ler.
We­la­ýat­la­ry­myz­da gu­ra­lan da­ba­ra­la­ra Mej­li­siň Baş­ly­gy we de­pu­tat­lar, we­la­ýa­tyň hem-de şä­he­riň hä­kim­lik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, zäh­met­keş­ler to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar hem-de ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sa­ha­wat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da bu döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry müm­kin­çi­li­gi çäk­li bo­lan we dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­ga mä­täç ra­ýat­la­ra mugt ber­ler.
Tä­ze jaý­la­ry gur­mak üçin şä­her­le­riň köp şa­ha­ly dur­muş dü­zü­mi ke­ma­la ge­len ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň çä­gi saý­la­nyp al­nyp­dyr. Mu­nuň özi müm­kin­çi­li­gi çäk­li bo­lan adam­lar üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Şeý­le hem bu ýer­de ça­ga­lar bag­la­ry, umu­my bi­lim ber­ýän mek­dep­ler, söw­da top­lum­la­ry we luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry ýer­le­şer. Mun­dan baş­ga-da ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň how­lu­syn­da fut­bol, wo­leý­bol, bas­ket­bol oý­na­mak üçin meý­dan­ça­lar hem-de ça­ga­la­ryň oýun meý­dan­ça­la­ry gur­na­lar.