1-nji fewralda Türkmenistanda Saý lawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň agzalary bilen duşuşyk boldy. Olar 12-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Prezident saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşyna baha bermek üçin paýtagtymyza geldiler. Myhmanlar Merkezi saýlaw toparynyň geçirmegi göz öňünde tutýan çäreleriniň meýilnamasy, saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň sanawy, resminamalaryň nusgalary, umuman, ýerlerde geçirilen işler bilen tanyşdyryldy.
Bellenilişi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ilkinji iki tapgyry – dalaşgärleri ýokary döwlet wezipesine görkezmek we bellige almak işleri Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda geçirilip, dünýä standartlaryny nazara almak bilen, giň bäsleşik esasynda guralýan hakyky demokratik saýlawlary geçirmek üçin ygtybarly esas döretdi. Mälim bolşy ýaly, saýlawlara türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça milli hem-de daşary ýurtlardan we iri halkara guramalaryndan, GDA-nyň, ŞHG-niň we ÝHHG-niň toparlarynyň gatnaşmagy saýlaw möwsüminiň aýdyň geçirilmegine ýardam eder. Olaryň hemmesine degişli ygtyýarlyklaryň çäklerinde saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň barşyna hem-de saýlawlar güni gös-göni ses berlişine bökdençsiz syn etmäge, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky saýlaw uçastoklaryna baryp görmäge mümkinçilik dörediler. Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezmek bilen, aýdyňlyk we açyklyk ýagdaýynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlary boýunça çäreleriň ähli tapgyrlary boýun ça iş geçirmek üçin ähli şertleriň dörediljekdigine ynandyrdylar. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda bolan duşuşygyň barşynda ÝHHG-den gelen toparyň agzalaryna degişli şahadatnamalar gowşuryldy. Biziň ýurdumyzyň ýöredýän “açyk gapylar” syýasatyna we gyzyklanma bildir ýän halkara hyzmatdaşlygyna, şeýle hem giň demokratik özgertmelere tarap saý lap alan ugruna ýokary baha bermek bilen, ÝHHG-niň Demokratik institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasynyň agzalary Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geljekde hem türkmen tarapyna giň gerimli hukuk özgertmelerini ilerletmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny aýtdylar. Şol özgertmeler milli kanunçylygy, hususan-da, saýlaw ulgamy boýunça kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Wekiliýetiň saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde duşuşyklaryň birnä çesini geçirmek, şol sanda Mejlisde, Döwlet habarlar agentliginde, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda, jemgyýetçilik guramalarynda, şeýle hem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýurdumyzyň syýasy partiýalary hem-de raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlenen dalaşgärler bilen duşuşyklar geçiriler.