2-nji fewralda Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar boýunça öňünden ses berilmegi başlandy. Bu işler, ilkinji nobatda, uzak wagtlyk iş saparlaryna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlar hem-de beýleki sebäplere görä, saýlawlar güni 12-nji fewralda saýlaw uçastogyna gelip bilmejek we has mynasyp dalaşgäre ses berip bilmejek raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr. Sagat 8-den 18-e çenli ses berip bolar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary ge­ çirmek baradaky Merkezi toparynda habar berişleri ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň hemme tapgyrlary öz wagtynda, hereket edýän milli kanunçylygyň hemde umumy kabul edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyklykda guraldy. Ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň 2548-si işe doly taýýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň 39-sy saýlawçylara garaşýar. Saýlawlara syn etmegi milli synçylardan başga-da, da­ şary ýurtly–Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, GDA agza döwletleriň Parlamentara assambleýasyndan, Belarus we Russiýa birleşiginiň Parlament ýygnagyndan hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinden, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasyndan hem-de käbir daşary döwletlerden synçylar we bilermenler amala aşyrýar. Olaryň ählisine saýlawlaryň öňüsyrasynda bol­ şy ýaly, gönüden-göni ses berilýän gününde hem paý­ tagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň saýlaw uçastoklaryna baryp görmäge mümkinçilik döredildi. Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde durýar. Dalaş­ gärleriň her biriniň terjimehalynyň maglumatlary hem-de maksatnamalary çap edildi. Saýlawçylar olaryň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary bilen duşuşyklaryň çäklerinde ýa-da saýlaw uçastoklarynda tanşyp bilýärler. Milli telewideniýäniň ýaýlymlary ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlere deň wagt berdiler.