Azi­ýa klub­la­ry­nyň 2-nji de­re­je­li fut­bol bäs­le­şi­gi AFK Ku­bo­gyn­da des­lap­ky saý­la­ma tap­gy­ry­nyň 1-nji oýun­la­ry ge­çi­ril­di. Şon­da ýur­du­my­zyň adyn­dan we­kil­çi­lik ed­ýän 2-nji to­par bo­lan “Bal­kan” myh­man­çy­lyk­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň klu­by “Dor­doý” bi­len du­şuş­dy. Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Oş şä­he­rin­dä­ki Ah­met­bek Su­ýum­ba­ýew adyn­da­ky sta­dio­na 8 müň jan­kö­ýer ýyg­nan­dy. Du­şu­şyk­da li­wan­ly Hus­se­in Abo Ýe­hia jür­le­wük çal­dy. Oý­nuň 1-nji ýa­ry­myn­da 2 to­pa­ram gar­şy­lyk­ly hü­jüm­ler dö­ret­di­ler. Ýö­ne ha­sap açyl­ma­dy. 2-nji ýa­rym­da-da to­par­lar köp hü­jüm et­di. Du­şu­şy­gyň 69-njy mi­nutyn­da “Bal­kan” to­pa­ry­nyň ez­ber oýun­çy­sy Nur­ta­gan Mäm­me­da­ly­ýew ha­sa­by aç­dy. Bu gol­dan 9 mi­nut­ soň, ýer eýe­le­ri­niň hü­jüm­çi­si Ali­şer Azi­zow ha­sa­by deň­le­di. Oý­nuň ga­lan mi­nut­la­ryn­da-da ha­sap üýt­ge­me­di we du­şu­şyk 1–1 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. “Bal­kan” to­pa­ry­nyň myh­man­çy­lyk­da deň­me-deň oý­na­ma­gy il­deş­le­ri­mi­ziň no­bat­da­ky tap­gy­ra çyk­ma­gy üçin uly müm­kin­çi­lik bo­lar. Jo­gap du­şu­şy­gyn­da “Bal­ka­na” is­len­dik ha­sap­da­ky ýe­ňiş, ýa-da 0–0 ha­sa­by ýa­ry­şy do­wam et­dir­me­gi üçin ýe­ter­lik. Jo­gap du­şu­şy­gy 7-nji few­ral­da Bal­ka­na­bat şä­he­rin­dä­ki mer­ke­zi sta­di­on­da oý­na­lar. Bu oý­na Hin­dis­tan­dan Ro­wan Aru­mug­han emin­lik eder. Du­şu­şyk 15:00-da baş­la­nar. Il­deş­le­ri­mi­ze bu jo­gap­kär­li oýun­da üs­tün­lik ýar bol­sun.
AFK Ku­bo­gy ýa­ry­şynyň des­lap­ky saý­la­ma tap­gy­ryn­da baş­ga-da bir­nä­çe du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Şo­la­ryň bi­ri-de “Şa­hin As­ma­ýe”–“Ho­si­lat” du­şu­şy­gy bo­lup, myh­man­çy­lyk­da­ky tä­jik to­pa­ry Ib­ra­him Ra­bi­mo­wyň 35-nji mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. “Bal­kan”–“Dor­doý” du­şu­şy­gy­nyň ýe­ňi­ji­si­niň to­par­ça­la­ra çyk­mak üçin pleý-off tap­gy­ryn­da “Şa­hin As­ma­ýe”–“Ho­si­lat” du­şu­şy­gy­nyň ýe­ňi­ji­si bi­len oý­na­jak­dy­gy­ny ýe­ne bir ýo­la ýat­lad­ýa­rys. Gü­nor­ta zo­la­gy­nyň çäk­le­rin­de-de “Ko­lom­bo” (Şri Lan­ka)–“Mo­hun Ba­gan” (Hin­dis­tan), “Thim­pu Si­ti” (Bu­tan)–“Klub Wa­len­si­ýa” (Mal­diw­ler) du­şu­şyk­la­ry oý­nal­dy. 1-nji oýun­da hin­di to­pa­ry 1–0 ha­sa­byn­da utan bol­sa, beý­le­ki oýun­da ha­sap açyl­ma­dy.

“Dor­doý”–“Bal­kan”
du­şu­şy­gyn­da to­par­lar şu
dü­züm­de çy­kyş et­di­ler:
“Dor­doý”: Wa­le­riý Ka­şu­ba; Ta­hir Aw­çi­ýew, Kur­san­bek Şe­ra­tow (k) (Beg­žan Sa­gyn­ba­ýew 79), Ma­rat Ad­ži­ni­ýa­zow, Ýe­gor Po­ta­row; Ana­to­liý Wla­si­çew, Is­lam Şam­şi­ýew (Ka­rim Iz­rai­low 86), Awaz­bek Ot­ke­ýew; Kai­rat Žyr­gal­bek Uulu, Ali­şer Azi­zow, Kel­win In­ko­om (Aziz Sa­dy­kow 58)
“Bal­kan”: Alik­per Ke­ri­mow; Me­kan Sa­pa­row, Be­genç Gul­dur­dy­ýew, Daýanç Oraz­gu­ly­ýew, Nur­ta­gan Mäm­me­da­lyýew; Aşyr­gel­di Yl­ýa­sow (Aşyr­gel­di Sa­ry­ýew 90+2), Ýew­ge­niý Tka­çen­ko (k), Azat Ga­ra­ja­ýew, Hem­ra Aman­mäm­me­dow (Ak­mäm­met Met­da­ýew 90+4); Yh­las Mag­ty­mow, Mäm­me­da­ly Ka­ra­da­now.

Des­lap­ky saý­la­ma tap­gy­ry:
Mer­ke­zi Azi­ýa zo­la­gy: “Dor­doý”–“Bal­kan”: 1–1, “Şa­hin As­ma­ýe”–“Ho­si­lat”: 0–1
Gü­nor­ta Azi­ýa zo­la­gy: “Ko­lom­bo” (Şri Lan­ka)–“Mo­hun Ba­gan” (Hin­dis­tan): 0–1, “Thim­pu Si­ti” (Bu­tan)–“Klub Wa­len­si­ýa” (Mal­diw­ler): 0–0

Pleý-off tap­gy­ry:
Gün­ba­tar Azi­ýa zo­la­gy: “Şa­bab Al Ha­lil” (Pa­les­ti­na)–“Al Su­wa­rik” (Oman): 0–1
ASEAN zo­la­gy: “Pnom Pne Krown” (Kam­bo­ja)–“Ho­um Ýu­n.” (Sin­ga­pur): 3–4, “Boueng Ket Ang­kor” (Kam­bo­ja)–“Lao To­ýo­ta” (La­os): 1–1.