Ten­nis bo­ýun­ça möw­sü­miň 1-nji “Uly tu­wul­ga” ýa­ry­şy “Awst­ra­li­ýa Açyk” ta­mam­lan­dy. 105-nji ge­zek ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­de er­kek­ler­de-de, ze­nan­lar­da-da hä­zir­ki wagt­da iň köp “Uly tu­wul­ga­sy” bo­lan ten­nis­çi­ler çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. Er­kek­ler­den Ro­jer Fe­de­rer, ze­nan­lar­dan Se­re­na Wil­liams no­bat­da­ky ge­zek “Awst­ra­li­ýa Açyk­da” ýe­ňi­ji bol­du­lar. Ola­ryň her­si­ne aý­ra­tyn­lyk­da, pul sy­la­gy hök­mün­de 3 mil­li­on 700 müň awst­ra­li­ýa dol­la­ry (2,9 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry­na go­laý) be­ril­di.
Iň soň­ky sa­par bir “Uly tu­wul­ga­da” ýag­ny, 2008-nji ýyl­da­ky “Wimb­le­do­nyň” fi­na­lyn­da ze­nan­lar­dan We­nus we Se­re­na Wil­liams­lar, er­kek­ler­den-de Ra­fa­el Na­dal bi­len Ro­jer Fe­de­rer du­şu­şyp­dy. Şon­da We­nus bi­len Na­dal ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Ýö­ne 9 ýyl soň, oý­na­lan bu gezekki fi­nal oýunlarynda Se­re­na bi­len Fe­de­rer çem­pi­on bol­dy. Ga­ly­ber­se-de, 4 ten­nis­çi-de 30 ýaş­dan ýo­ka­ry bo­lup, “Açyk döw­rüň” “Uly tu­wul­ga­la­ryn­da” şeý­le wa­ka il­kin­ji ge­zek duş ge­lin­ýär. Çem­pi­on bo­lan 2 ten­nis­çi­niň-de 35 ýa­şyn­da bol­ma­gy aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir.

RE­KOR­DY­NYŇ ÜS­TÜ­NI ÝE­TIR­DI
Ten­nis dün­ýä­si­niň eze­li bäs­deş­le­ri, bir wagt­la­ryň 1-nji we 2-nji bel­gi­li ten­nis­çi­le­ri Ro­jer Fe­de­rer bi­len Ra­fa­el Na­da­lyň fi­na­la çyk­ma­gy köp­ler üçin ga­ra­şyl­ma­dyk wa­ka bol­dy. Se­bä­bi 2 ten­nis­çi-de we­te­ran­ly­ga ta­rap ýol alan ra­ket­ka­çy­lar­dyr. Ola­ryň 2-si üçi­nem soň­ky ýyl­lar o di­ýen şow­ly ge­çe­nok. Üs­te­si­ne-de Fe­de­rer şi­ke­si se­bäp­li 6 aý­lap meý­dan­ça çyk­man­dy. Na­dal bol­sa, şi­ke­sin­den do­ly sap­lan­man­dy­gy üçin yzy­gi­der­li ýe­ňiş ga­za­nyp bi­le­nok­dy. Mel­burn­da­ky Rod La­we­riň ady­ny gö­ter­ýän mer­ke­zi kort­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk köp adam­ly bol­dy. Du­şu­şyk­dan öň pe­tek­le­riň ba­ha­sy­ny “ga­ra­ba­zar­dan” 26 müň dol­lar­dan sa­tyn alan­lar hem bar­dy. Fe­de­rer 28-nji, Na­dal 21-nji ge­zek “Uly tu­wul­ga” ýa­ryş­la­ryn­da fi­nal­da çy­kyş et­di.
3 sa­gat 40 mi­nut­lap do­wam eden fi­na­lyň 1-nji se­tin­de 6:4 ha­sa­byn­da Fe­de­rer ýe­ňiş ga­zan­dy. 2-nji se­te Na­dal dart­gyn­ly baş­la­dy. Baş­da­ky 4 oý­ny alan Na­dal 6:3 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, umu­my ha­sa­by deň­le­di. 3-nji set­de Fe­de­rer has er­jel­lik gör­kez­di we gar­şy­da­şy­na pur­sat hem ber­män 6:1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. 4-nji set­de 2-nji set­dä­ki ýa­ly ha­sap gaý­ta­lan­dy we Na­dal umu­my ha­sa­by ýe­ne bir ýo­la deň­le­me­gi ba­şar­dy. Fe­de­rer fi­nal se­ti­niň 6-njy oý­nun­da gar­şy­da­şy­nyň il­kin­ji ur­gu­sy­ny al­dy (3:3). Soň­ky 3 oýun­da-da gar­şy­da­şy­ny ýe­ňen Fe­de­rer umu­my ha­sap­da 3:2 öňe saý­lan­dy we 5-nji ge­zek “Awst­ra­li­ýa Açyk­da” çem­pi­on­lyk ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Bu fi­nal Fe­de­re­riň “Awst­ra­li­ýa Açyk­da­ky” 100-nji du­şu­şy­gy diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. Şun­luk­da, ATP sa­na­wy­nyň 17-nji ha­ta­ryn­da­ky Fe­de­rer kar­ýe­ra­syn­da­ky 18-nji “Uly tu­wul­ga” ku­bo­gy­ny ga­za­nyp, öz re­kor­dy­ny has-da ös­dür­di. 2012-nji ýyl­da “Wimb­le­don­dan” bä­ri il­kin­ji “Uly tu­wul­ga” ku­bo­gy­ny alan 35 ýaş­ly Fe­de­re­riň ýe­ňiş­le­ri­niň sa­ny 89-a ýet­di. Ten­nis ta­ry­hy­nyň iň köp “Uly tu­wul­ga” alan erkek ten­nis­çisi Fe­de­rer “Awst­ra­li­ýa Açyk­da” çem­pi­on­lyk ga­za­nan iň ýa­şu­ly 2-nji raketkaçy bo­lup, on­dan öň, 1972-nji ýyl­da 37 ýa­şyn­da­ka Ken Ro­uz­woll ku­bo­gy eýe­läp­di. Na­dal bi­len ge­çi­ren 35-nji du­şu­şy­gyn­da gar­şy­da­şyn­dan 12-nji ge­zek üs­tün çy­kan Fe­de­rer 4 “Uly tu­wul­ga­nyň” 3-sin­de azyn­dan 5 çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji ten­nis­çi bol­dy. Fe­de­re­riň ga­za­nan “Uly tu­wul­ga­la­ry”: “Awst­ra­li­ýa Açyk” — 2004, 2006, 2007, 2010, 2017; Fran­si­ýa Açyk” — 2009; “Wimb­le­don” — 2003, 2004, 2005, 2006, 2007, 2009, 2012; “Ame­ri­ka Açyk” — 2004, 2005, 2006, 2007, 2008.

Iň köp “Uly tu­wul­ga”
ga­za­nan er­kek ten­nis­çi­ler:
1. Ro­jer Fe­de­rer (Şweý­sa­ri­ýa) …………………… 18
2. Pit Samp­ras (ABŞ) ……………………………….. 14
3. Ra­fa­el Na­dal (Is­pa­ni­ýa) ………………………… 14
4. Roý Emer­son (Awst­ra­li­ýa) ……………………. 12
5. No­wak Jo­ko­wiç (Ser­bi­ýa) …………………….. 12
6. Rod La­wer (Awst­ra­li­ýa) ……………………….. 11
7. Býörn Börg (Şwe­si­ýa) …………………………… 11
8. Bill Til­den (ABŞ) …………………………………. 10
9. Fred Per­ri (B. Bri­ta­ni­ýa) ………………………… 9
10. Ken Ro­uz­well (Awst­ra­li­ýa) ………………….. 9
RE­KOR­DYŇ ÝE­KE-TÄK EÝE­SI
Hä­zir­ki za­man ze­nan ten­ni­si­niň iň uly ra­ket­ka­çy­sy ha­sap­lan­ýan Se­re­na Wil­liams fi­nal­da özün­den 1 ýaş uly do­ga­ny We­nus bi­len du­şuş­dy. Oý­nuň 1-nji se­ti­ne Se­re­na şow­ly baş­la­dy. Ýö­ne özü­ni dür­sän We­nus ha­sa­by 3:3-e ýe­tir­di. Soň­lu­gy bi­len Se­re­na Wil­liams 42 mi­nut­lap do­wam eden 1-nji set­de 6:4 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. 2-nji set hem 42 mi­nut­lap do­wam et­di we ýe­ne-de şol ha­sap gaý­ta­lan­dy. Duşuşykda 2:0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Se­re­na Wil­liams 23-nji “Uly tu­wul­ga” ku­bo­gy­ny ga­za­nyp, bu ugur­da hä­zir­ki za­ma­nyň taý­syz ten­nis­çi­si­di­gi­ni ýene bir ýola su­but et­di. Şun­luk­da, Se­re­na Wil­liams “Açyk dö­wür­den” bä­ri ha­sa­ba al­nan­da, iň köp “Uly tu­wul­ga” ga­za­nan ger­ma­ni­ýa­ly Ştef­fi Graf­dan öňe saý­la­nyp, 1-nji or­na çyk­dy. Se­re­na Wil­liams WTA-nyň bäs­le­şik­le­rin­dä­ki ýe­ke­lik­de 72-nji ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Se­re­na Wil­liams ýe­ne-de 2 “Uly tu­wul­ga­da” ýe­ňi­ji bol­sa, on­da ol “Açyk dö­wür­den” öň­ki ýa­ryş­la­ry ha­sa­ba ala­nyňda, 24 çem­pi­on­ly­gy bo­lan awst­ra­li­ýa­ly Mar­ga­ret Kor­ty hem yz­da gal­dy­rar.
2 do­gan ten­nis­çi mun­dan öň 27 ge­zek öza­ra du­şu­şyk ge­çi­rip, 16-syn­da Se­re­na, 11-in­de We­nus ýe­ňiş ga­zan­dy. Do­gan­lar 8-nji ge­zek “Uly tu­wul­ga” fi­na­lyn­da du­şu­şyp, ola­ryň 6-syn­da ki­çi­si ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Olar 2003-nji ýyl­da-da “Awst­ra­li­ýa Açy­gyň” fi­na­lyn­da güýç sy­na­ny­şyp­dy we Serena 2:1 ha­sa­byn­da uýasyny utup­dy. We­nus ji­gi­si­ni 2001-nji ýyl­da “Ame­ri­ka Açy­gyň”, 2008-nji ýyl­da-da “Wimb­le­don­da” ýeň­me­giň höt­de­sin­den ge­lip­di. Beý­le­ki 3 “Uly tu­wul­ga­da” je­mi 7 ku­bok ga­za­nan We­nus Wil­li­am­syň “Awst­ra­li­ýa Açyk­da” hä­zir­lik­çe çem­pi­on­ly­gy ýok.
Se­re­na Wil­li­am­syň ga­za­nan “Uly tu­wul­ga­la­ry”: “Awst­ra­li­ýa Açyk” — 2003, 2005, 2007, 2009, 2010, 2015, 2017; “Fran­si­ýa Açyk” — 2002, 2013, 2015; “Wimb­le­don” — 2002, 2003, 2009, 2010, 2012, 2015, 2016; “Ame­ri­ka Açyk” — 1999, 2002, 2008, 2012, 2013, 2014.

Iň köp “Uly tu­wul­ga” ga­za­nan
ze­nan ten­nis­çi­ler:
1. Se­re­na Wil­liams (ABŞ) ………………………….. 23
2. Ştef­fi Graf (Ger­ma­ni­ýa) …………………………. 22
3. Kris Ewert (ABŞ) …………………………………… 18
4. Mar­ti­na Naw­ra­ti­lo­wa (ABŞ) ………………….. 18
5. Mar­ga­ret Kort (Awst­ra­li­ýa) ……………………. 11
6. Mo­ni­ka Se­leş (ABŞ) ……………………………….. 9
7. Bil­li Jin King (ABŞ) ………………………………… 8
8. Ewon­ne Gu­la­gong (Awst­ra­li­ýa) ………………. 7
9. Ju­tin Enin Ar­den (Bel­gi­ýa) ……………………… 7
10. We­nus Wil­liams (ABŞ) …………………………. 7

“Awst­ra­li­ýa Açyk­da” er­kek­le­riň ara­syn­da­ky jü­büt­ler bäs­le­şi­gin­de finl­ýan­di­ýa­ly Hen­ri Kon­ti­nen bi­len ýer eýe­si awst­ra­li­ýa­ly Jon Pirs iki­si ame­ri­ka­ly do­gan­lar Bob we Maýk Braýn­lar­dan üs­tün çyk­dy. 2 set­de-de 7:5 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Kon­ti­nen–Pirs iki­si il­kin­ji “Uly tu­wul­ga” ku­bo­gy­ny eýe­le­di.
Ze­nan­la­ryň ara­syn­da jü­büt­ler ýa­ry­şyn­da çe­hi­ýa­ly Lu­sie Sa­far­žo­wa bi­len ame­ri­ka­ly Be­ta­nie Mat­tek-Sands ýe­ňi­ji bol­dy. Olar fi­nal­da çe­hi­ýa­ly And­rea Hla­waç­ko­wa bi­len hy­taý­ly Peng Şuai­ni 2:1 (6:7, 6:3, 6:3) ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di­ler.
Ga­ry­şyk jü­büt­ler­de-de ame­ri­ka­ly Abi­gal Spirs bi­len ko­lum­bi­ýa­ly Hu­an Se­bas­ti­an Ka­bal çem­pi­on bol­dy. Olar fi­nal­da hin­dis­tan­ly Sa­nia Mir­za bi­len hor­wa­ti­ýa­ly Iwan Do­di­gi 2:0 (6:2, 6:4) ha­sa­byn­da ýeň­di­ler.