Paý­tag­ty­myz­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi geçirildi. EYR-nyň Aş­ga­bat­da­ky il­çi­ha­na­sy­nyň me­de­ni­ýet mer­ke­zi hem-de ýur­du­my­zyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi çä­rä­niň gu­ra­ma­çy­la­ry bo­lup çy­kyş et­di­ler. Hä­zir­ki fo­ru­my ge­çir­mek üçin Türk­me­nis­ta­na ge­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň dü­zü­min­de me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we hü­när­men­le­ri, dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry, halk se­net­çi­li­gi­niň us­sat­la­ry bar. EYR-nyň res­mi we­ki­li­ýe­ti­niň ýur­du­my­zyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gin­de ka­bul edil­me­gi­niň bar­şyn­da bu ugur­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň gel­je­gi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Eý­ra­nyň Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de ge­çi­ril­di. Şu my­na­sy­bet­li bu ýe­re Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň hem-de onuň ga­ra­ma­gyn­da­ky eda­ra­la­ryň, giň jem­gy­ýet­çi­li­giň, Aş­ga­bat­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry, dö­re­di­ji­lik ugur­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry hem-de ta­lyp­la­ry ýyg­nan­dy­lar.
Bu çä­rä­ni ge­çir­mek üçin Türk­me­nis­ta­na ge­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň dü­zü­min­de me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we hü­när­men­le­ri, dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry, halk se­net­çi­li­gi­niň us­sat­la­ry bar. Dost­luk­ly ýur­duň dö­re­di­ji­lik we­ki­li­ýe­ti­ne Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Me­de­ni­ýet we ys­lam gat­na­şyk­la­ry gu­ra­ma­sy­nyň baş­ly­gy Abu­zar Eb­ra­hi­mi Tor­ka­man ýol­baş­çy­lyk ed­ýär.
Hep­de­li­giň çäk­le­rin­dä­ki il­kin­ji çä­re Mu­kam­lar köş­gü­niň sah­na­syn­da dost­luk­ly ýur­duň ar­tist­le­ri­niň kon­ser­ti bol­dy. Kon­ser­tiň mak­sat­na­ma­sy­ny ga­dy­my ta­ry­hy hem-de me­de­ni­ýe­ti bo­lan Töw­riz şä­he­ri­niň “Araz” folk­lor to­pa­ry­nyň hem-de Eý­ra­nyň ta­ry­hy paý­tag­ty Şi­ra­zyň “Na­wa­ýe Il­ýa” aý­dym-saz to­pa­ry­nyň çy­kyş­la­ry düz­di. Eý­ran ar­tist­le­ri halk aý­dym-saz­la­ry­ny, nus­ga­wy des­san­lar­dan çy­kyş­la­ry, Gün­do­gar şa­hyr­la­ryň goş­gu­la­ry­na ga­dy­my söý­gi aý­dym­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Kon­sert­de hä­zir­ki za­man aý­dym-saz eser­le­ri hem ýaň­lan­dy.
Me­de­ni çä­rä­niň mak­sat­na­ma­sy­na dür­li dö­re­di­ji­lik çä­re­le­ri gi­ri­zil­di. EYR-niň Türk­me­nis­tan­da­ky Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň ser­gi­ler za­lyn­da dost­luk­ly ýur­duň ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­niň ser­gi­si bol­dy. To­ma­şa­çy­la­ra “Aş­ga­bat” ki­no mer­ke­zin­de eý­ran ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýaçylary bi­len duşuşyk bo­lup, şol ýer­de soň­ky ýyl­lar­da dür­li žanr­lar­da dü­şü­ri­len çe­per film­ler gör­ke­zil­di. “Wa­tan” ki­no­kon­sert mer­ke­zin­de Eý­ra­nyň folk­lor we aý­dym-saz to­pa­ry­nyň çy­ky­şy, Türk­men döw­let gur­jak te­at­ryn­da bol­sa, iki ýur­duň ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň kon­ser­ti bol­dy. Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi “Wa­tan” ki­no­kon­sert mer­ke­zin­de ta­mam­la­nyp, şol ýer­de çä­rä­niň ýa­py­lyş da­ba­ra­sy hem-de bi­le­lik­dä­ki dost­luk kon­ser­ti ge­çi­ri­lildi.