Er­tir – ýek­şen­be gü­ni, 12-nji few­ral­da Türk­me­nis­ta­nyň äh­li saý­law uças­tok­la­ryn­da saý­law­lar ge­çi­ri­ler. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­dent­li­gi­ne saý­law­lar ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da ta­ry­hy wa­ka­la­ryň bi­ri­ne öw­rü­ler. 2016-njy ýy­lyň 14-nji sent­ýab­ryn­da ge­çi­ri­len Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň saý­law­la­ry­na gat­naş­mak üçin da­laş­gär­le­riň has köp bol­ma­gy­ny is­le­ýän­di­gi­ni bel­läp, 2017-nji ýy­lda Prezident saý­law­la­ry­na il­kin­ji ge­zek üç par­ti­ýa­nyň, ýag­ny Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­syn­dan baş­ga-da, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy­nyň hem-de Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň gat­naş­jak­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­tap­dy.
Pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär­le­ri hö­dür­le­mek çäresi has işjeň ýagdaýda ge­çi­ril­di. Sy­ýa­sy par­ti­ýa­lar Ka­nun­da bel­le­ni­len möh­let­ler­de kon­fe­ren­si­ýa­la­ry ge­çir­di­ler we olar­da Pre­zi­den­tiň we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­ler hö­dür­le­nil­di. Ýur­du­my­zyň Pre­zi­dent­li­gi­ne da­laş­gär­ler er­kin we deň­hu­kuk­ly­lyk esa­syn­da hö­dür­le­nil­di, da­laş­gär­le­ri hö­dür­le­mek we bel­li­ge al­mak çä­re­si bol­sa, mil­li ka­nun­çy­ly­gyň ta­lap­la­ry berk ber­jaý edi­lip, açyk hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek ba­ra­da­ky Mer­ke­zi to­pa­r ta­ra­pyn­dan 2017-nji ýy­lyň 17-nji ýan­wa­ryn­da sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň hem-de ra­ýat­la­ryň tek­lip­çi to­par­la­ry­nyň hö­dür­län ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­le­riň do­ku­zy­sy bel­li­ge alyn­dy.
Saý­law­la­ryň öň­ýa­nyn­da­ky wa­gyz iş­le­ri hem-de saý­law möw­sü­mi­ni köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de şöh­le­len­dir­mek da­laş­gär­le­ri bel­li­ge al­mak pur­sadyn­dan baş­la­nyp, 2017-nji ýy­lyň 10-njy few­ra­ly­na çen­li do­wam et­di. Da­laş­gär­le­riň saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şyk­la­ry ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da we paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­di. Mun­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­dent­li­gi­ne da­laş­gär­le­riň mil­li te­le­wi­de­ni­ýe­de çy­kyş­la­ry do­wam et­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­ler saý­law­çy­lar bi­len ge­çi­ren du­şu­şyk­la­ry­nyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da we paý­tag­ty­myz­da bol­du­lar, saý­law­çy­la­ry saý­law­la­ryň öňü­sy­ra­syn­da­ky mak­sat­na­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, ila­ty­my­zyň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de dün­ýä bi­le­le­şi­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak ba­ba­tyn­da ga­ra­ýyş­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.
Şu ýy­lyň 2-nji few­ra­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­dent­li­gi­ne saý­law­lar bo­ýun­ça öňün­den ses be­ril­me­gi baş­lan­dy. Saý­law ko­dek­si­ne la­ýyk­lyk­da, bu iş­ler, il­kin­ji no­bat­da, uzak wagt­lyk iş sa­par­la­ry­na ýa-da dynç al­şa gid­ýän ra­ýat­lar hem-de beý­le­ki se­bäp­le­re gö­rä, saý­law­lar gü­ni 12-nji few­ral­da saý­law uças­to­gy­na ge­lip bil­me­jek we has my­na­syp da­laş­gä­re ses be­rip bil­me­jek ra­ýat­lar üçin göz öňün­de tu­tu­lan­dyr.
Saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky möw­sü­miň hem­me tap­gyr­la­ry öz wag­tyn­da, he­re­ket ed­ýän mil­li ka­nun­çy­ly­gyň hem-de umu­my ka­bul edi­len hal­ka­ra ka­da­la­ryň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gu­ral­dy. Ýur­du­my­zyň saý­law uças­tok­la­ry­nyň 2548-si işe do­ly taý­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýa­nyn­da dö­re­di­len saý­law uças­tok­la­ry­nyň 39-sy saý­law­çy­la­ra ga­raş­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da saý­law­la­ra syn et­me­gi mil­li syn­çy­lar­dan baş­ga-da, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­dan bo­lan da­şa­ry ýurt­ly syn­çy­lar we ÝHHG-niň De­mok­ra­tik ins­ti­tut­lar we adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça eda­ra­sy­nyň ba­ha be­ri­ji to­pa­ry ama­la aşyr­ýar. Ola­ryň äh­li­si­ne saý­law­la­ryň öňü­sy­ra­syn­da bol­şy ýa­ly, gö­nü­den-gö­ni ses be­ril­ýän gü­nün­de hem paý­tag­ty­my­zyň we ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ry­nyň saý­law uças­tok­la­ry­na ba­ryp gör­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di.
GDA-nyň syn­çy­lar to­pa­ry­nyň dü­zü­min­de Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na, Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy­na, Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­na, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­na, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na, GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Par­la­men­ta­ra as­samb­le­ýa­sy­na, Be­la­rus we Rus­si­ýa Bi­le­le­şi­gi­niň Par­la­ment Ýyg­na­gy­na, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­ne we­kil­çi­lik ed­ýän syn­çy­la­ryň 73-si iş­le­ýär. Syn­çy­la­ryň ha­ta­ryn­da Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň mil­li par­la­ment­le­ri­niň de­pu­tat­la­ry, Mer­ke­zi saý­law to­par­la­ry­nyň baş­lyk­la­ry we ag­za­la­ry, dip­lo­ma­tik dü­zü­miň we­kil­le­ri hem bar.
Saý­law­la­ra syn et­me­giň çäk­le­rin­de GDA-dan bo­lan uzak­ möh­let­le­ýin syn­çy­lar Ahal, Da­şo­guz, Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da we Aş­ga­bat şä­he­rin­de uças­tok saý­law to­par­la­ry­nyň iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy­lar. Syn­çy­la­ryň ba­ryp gö­ren saý­law uças­tok­la­ryn­da saý­law­çy­la­ryň sa­naw­la­ry dü­zül­di, Pre­zi­den­tiň we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­ler ha­kyn­da mag­lu­mat ber­ýän ha­bar­lar ýer­leş­di­ril­di. Uças­tok to­par­la­ry döw­re­bap ara­gat­na­şyk se­riş­de­le­ri hem-de gu­ra­ma­çy­lyk teh­ni­ka­la­ry, hu­kuk we usu­ly­ýet ede­bi­ýat­la­ry, ulag­lar bi­len üp­jün edil­di.
To­pa­ryň we­kil­le­ri saý­law to­par­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň işe us­sat­ly­gy­ny, res­mi­na­ma­la­ry so­wat­ly res­mi­leş­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler, mu­nuň özi Mer­ke­zi to­pa­ryň saý­law­la­ry gu­raý­jy­la­ra bi­lim ber­mek bo­ýun­ça işi göw­ne­jaý ýe­ri­ne ýe­tir­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­dent­li­gi­ne saý­law­lar köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň üns mer­ke­zin­de bol­dy. Te­le we ra­dioýaý­lym­la­ryn­da öňü­miz­dä­ki saý­law­lar ba­ra­da mag­lu­mat­lar yzy­gi­der­li be­ril­di. Met­bu­gat köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de, mer­ke­zi ga­zet­ler­de de­giş­li ma­te­ri­al­lar türk­men di­lin­de yzy­gi­der­li çap edil­di. Şeý­le hem esa­sy mil­li in­ter­net – se­riş­de­le­riniň müm­kin­çi­lik­le­rin­den giň­den peý­da­la­nyl­dy, hu­su­san-da, Döw­let ha­bar agent­li­gi­niň (TDH) hem-de “Türk­me­nis­tan: Al­tyn asyr” web-saýt­la­ryn­da 2017-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­dent­li­gi­ne ge­çi­ril­ýän saý­law­la­ra ba­gyş­la­nan ýö­ri­te umu­my söz­ba­şy­lar dö­re­dil­di, olar­da da­laş­gär­le­riň saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky mak­sat­na­ma­la­ry hem-de saý­law möw­sü­mi­niň bar­şy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­de des­sine ýer­leş­di­ril­ýär.
Te­le we ra­dio ýaý­lym­la­ryn­da saý­law­lar öňün­den ses ber­me­giň we saý­law­lara gü­ni ses ber­me­giň ter­ti­bi ba­ra­da, saý­law býul­le­ten­le­ri­ni dol­dur­ma­gyň ter­ti­bi barada mag­lu­mat ber­ýän ro­lik­ler gör­ke­zil­ýär. Mer­ke­zi to­par Türk­me­nis­ta­nyň te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti bi­len bi­le­lik­de, bu ugur bo­ýun­ça şe­kil­li gör­nüş­le­riň 15-si­ni taý­ýar­la­dy. Döw­let býu­je­ti­niň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na Mer­ke­zi to­pa­ryň bu­ýur­ma­sy bo­ýun­ça Pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär­ler ba­ra­da mag­lu­mat­ly se­riş­de­le­riň 20 müň­den köp­rä­gi taý­ýar­lan­dy hem-de saý­law­çy­la­ryň ýa­şa­ýan ýer­le­ri­ne ýaý­ra­dyl­dy we jem­gy­ýet­çi­lik ýer­ler­dä­ki di­war­lyk­la­ra ýer­leş­di­ril­di.
Ýek­şen­be gü­ni–12-nji few­ral­da ýur­du­my­zyň saý­law uças­tok­la­ry ra­ýat­la­ryň öňün­de ga­py­la­ry­ny giň­den açar­lar, saý­law­çy­la­ryň öňün­de da­laş­gär­le­riň ara­syn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne has my­na­syp ada­my saý­la­mak we­zi­pe­si dur­ýar.Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Kons­ti­tu­si­ýa (Esa­sy Ka­nu­na) la­ýyk­lyk­da, 7 ýyl möh­le­te saý­lan­ýar.