Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz be­dew ba­dy bi­len ok­gun­ly ösüş­le­re eýe bol­ýar. Ýur­du­my­zyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek, hal­ky­my­zyň aba­dan hem-de bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin giň ge­rim­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da saz­la­şyk­ly ösü­şiň ga­za­nyl­ýan­dy­gy­ny döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da şu hep­dä­niň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de hem gör­mek bol­ýar. 2017-nji ýy­lyň ýan­war aýy­nyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nan mej­li­siň çäk­le­rin­de ber­len ha­sa­bat­la­ra gö­rä, şu ýy­lyň ýan­war aýyn­da ön­dü­ri­len önü­miň ösüş dep­gi­ni ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 3,1 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­dy. Bö­lek sa­tuw ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri ge­çen ýy­lyň de­giş­li gör­ke­zi­ji­le­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 16,9 gö­te­rim art­dy. Sarp ediş ha­ryt­la­ry­nyň we ila­ta edil­ýän hyz­mat­la­ryň nyrh­la­ry bel­le­ni­len çäk­ler­de sak­la­nyl­dy.
Be­lent ösüş­le­ri na­zar­la­ýan ýur­du­myz­da şu ýy­lyň güý­zün­de ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na yk­jam taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz yk­ly­myň iň iri sport ýa­ry­şy­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­ne bar­dy hem-de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek des­ga­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Olim­pi­ýa sta­dio­ny­na bar­dy we onuň ikin­ji ga­ty­na ga­lyp, eý­wan­dan 45 müň orun­lyk mün­ber­li sport des­ga­sy­ny syn­la­dy. Des­ga­ny syn­la­ma­gyň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oýun­la­ryň res­mi ny­şa­ny hök­mün­de bu kö­pu­gur­ly sta­dio­nyň çe­per­çi­lik be­ze­gi­ne öw­rü­len be­de­wiň şe­ki­li­ne aý­ra­tyn üns ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, Azia­da­nyň ny­şan­la­ry mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gy, ýur­du­my­zyň me­de­ni-ta­ry­hy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny, te­bi­gat dün­ýä­si­ni we halk däp-des­sur­la­ry­ny be­ýan et­me­li­dir. Ta­ry­hyň do­wa­myn­da ala­ja­nyň türk­men­le­riň dur­mu­şy bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly bo­lan­dy­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len, Olim­pi­ýa sta­dio­ny­nyň ýo­kar­syn­da, ahal­te­ke be­de­wi­niň boý­nun­da mil­li buý­san­jy­myz bo­lan ala­ja şe­kil­len­di­ril­se, mak­sa­da­la­ýyk bo­lar, atyň kel­le­si şe­kil­len­di­ri­len kom­po­zi­si­ýa­nyň be­ze­gi­ne ýü­zär­lik hem gi­ri­zil­se, ýer­lik­li bo­lar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we olim­pi­ýa ala­wy üçin ni­ýet­le­nen ça­na­gyň bu otuň bal­dak­la­ry bi­len be­zel­me­gi­ni tek­lip et­di. Şol bal­dak­lar bol­sa, öw­şün at­ýan tä­ji eme­le ge­tir­me­li­dir.
Uly we mö­hüm işe baş­la­maz­dan öň, ýü­zär­lik ýak­mak dä­bi­ne eýe­ri­lip, olim­pi­ýa ça­na­gy­nyň ala­wy ýa­kyl­maz­dan öň, on­dan ak tüs­se goý­be­ril­se, çuň­ňur ma­ny-maz­mu­na eýe bo­lar. Şu ha­lat­da ak tüs­se bi­ziň is­leg-ar­zuw­la­ry­my­zyň päk­li­gi­ni, dost­lu­gy hem-de öza­ra gat­na­şyk­la­ra ym­tyl­ma­la­ry­my­zy, ru­hu­be­lent­li­gi­mi­zi ala­mat­lan­dy­rar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.
Şeý­le hem dür­li dil­ler­de dür­li ýol gör­ke­zi­ji­le­ri, mag­lu­mat ki­tap­ça­la­ry­ny hem-de türk­men hal­ky­nyň me­de­ni däp-des­sur­la­ry, onuň mi­ra­sy, Azia­da – 2017-niň ny­şan­la­ryn­da be­ýan edi­len çe­per dö­re­di­ji­li­giň aý­ra­tyn­lyk­la­ry, Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň we tu­tuş türk­men paý­tag­ty­nyň bi­na­gär­lik be­ze­gi ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar jem­le­nen ki­tap­ça­la­ry taý­ýar­la­mak hem-de çap et­mek tab­şy­ryl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz açy­lyş we ýa­py­lyş da­ba­ra­la­ry­ny dün­ýä­niň iň go­wy tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyp, ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­me­giň, şeý­le hem da­ba­ra­la­ry gu­ra­ma­gyň mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, çä­re­le­riň mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öz egin­deş­le­ri bi­len Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň dü­zü­min­dä­ki we­lot­rek meý­dan­ça­sy­na bar­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­de bol­ma­gy­nyň bar­şyn­da we­lot­re­giň ýo­da­jyk­la­ryn­da we­lo­si­ped sü­rül­di.
Bu ýer­de göz öňün­de tu­tu­lan şert­ler hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry we bäs­le­şik­le­ri, şol san­da dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­ny ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. We­lot­rek­de 6 müň orun­lyk mün­ber­ler bar. Bu ýer­de ze­rur bo­lan dü­züm­le­riň äh­li­si göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Mu­nuň özi tür­gen­ler we tä­lim­çi­ler, teh­ni­ki hem-de hyz­mat ed­ýän iş­gär­ler we el­bet­de, jan­kö­ýer­ler – we­los­por­tuň muş­dak­la­ry üçin iň go­wy şert­le­ri dö­red­ýär. Des­ga­nyň hi­li­ne di­ňe bir sy­nag mil­li ýa­ryş­la­ra gat­na­şy­jy­lar däl, eý­sem, Hal­ka­ra we­lo­si­ped­çi­ler bir­leş­me­si­niň hü­när­men­le­ri hem ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler.
Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň dü­zü­mi­ne ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýän dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň 30-dan gow­ra­gy gir­ýär. Des­ga­nyň hi­li­ne di­ňe bir sy­nag mil­li ýa­ryş­la­ra gat­na­şy­jy­lar däl, eý­sem, Hal­ka­ra we­lo­si­ped­çi­ler bir­leş­me­si­niň hü­när­men­le­ri hem ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler.
Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň dü­zü­mi­ne ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýän dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň 30-dan gow­ra­gy gir­ýär.
Sport des­ga­la­ryň bir­nä­çe­sin­de eý­ýäm sy­nag ýa­ryş­la­ry, şol san­da sam­bo, jiu-jit­su, türk­men mil­li gö­re­şi we gu­şak­ly gö­reş bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­nat­la­ry, şeý­le hem ten­nis, ýe­ňil at­le­ti­ka we bas­ket­bol bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­di.
Mu­nuň özi türk­men tür­gen­le­ri üçin Azia­da taý­ýar­lyk gör­me­giň mö­hüm tap­gy­ry bol­dy. Şu ýy­lyň ap­rel aýyn­da bu ýer­de sport ýa­ryş­la­ry­nyň bir­ba­da üçü­si – agyr at­le­ti­ka we kik­bok­sing bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň çem­pio­nat­la­ry, şeý­le hem suw­da ýüz­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy ge­çi­ri­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­dä­ki ta­nyş­lyk iş­le­ri­ni ta­mam­lan­dan soň­ra, Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­myna bar­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­la­nyp, ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne aý­ra­tyn sar­pa goý­ýar we at üs­tün­de ge­zim et­me­gi ile­ri tut­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ge­zek hem üs­ti ýa­pyk ma­než­de Baý­ram han di­ýen be­de­win­de ge­zim et­di.
“Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­ly” diý­lip, yg­lan edi­len 2017-nji ýy­lyň il­kin­ji gün­le­rin­de bu top­lum­da taý­ça­nak dün­ýä in­di, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oňa Ru­hu­be­lent di­ýip, at dak­dy. Bu gün taý­ça­na­ga bir aý bol­dy, ol özü­ni oňat duý­ýar we at­ha­na­nyň için­de şa­dy­ýan bök­jek­le­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz türk­men­le­riň ga­dy­my des­su­ry­na eýe­rip, taý­ça­na­gyň boý­nu­na ala­ja dak­dy we Ru­hu­be­lent at­ly taý­ça­na­gyň hem türk­men at­çy­lyk spor­tun­da, mil­li at­çy­lyk­da my­na­syp orun eýe­le­jek­di­gi­ne hem-de özü­niň meş­hur to­hu­my­nyň ýo­lu­ny do­wam et­dir­mä­ge, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň şan-şöh­ra­ty­ny art­dyr­ma­ga sal­dam­ly go­şant goş­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, be­hiş­di be­dew­ler ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak deň­siz-taý­syz gym­mat­ly­gy­myz bo­lup dur­ýar. Be­hiş­di be­dew­ler mil­li we dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň gym­mat­ly­gy bol­mak bi­len, öz­le­ri­niň te­bi­gy gö­zel­li­gi hem-de syr­dam­ly­ly­gy, we­pa­ly­ly­gy bi­len asyr­la­ryň do­wa­myn­da şa­hyr­lar we su­rat­keş­ler üçin yl­ham çeş­me­si bo­lup, hyz­mat ed­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ahal­te­ke be­dew­le­ri hal­ka­ra sirk fes­ti­wal­la­ryn­da we at­çy­lyk sport ýa­ryş­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş ed­ýär­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça at­çy­lyk spor­ty – kon­kur Azia­da – 2017-niň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zil­di.