4-5-nji fewralda iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň tabşyrygy boýynça Özbegistan Respublikasynyň Buhara we Horezm welaýatlarynyň uly wekiliýeti Lebap we Daşoguz welaýatlarynda iş sapary bilen boldular. Saparyň çäklerinde dostlukly döwletiň wekilleri derman önümleriniň, şol sanda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan önümleriň giň görnüşlerini çykarýan “Buýan” oba-senagat toplumyna baryp gördüler. “Lebapwelaýatagyzsuw” birleşiginde özbek wekiliýetiniň agzalary ilata arassa agyz suwunyň berilmegini üpjün etmäge niýetlenen häzirki zaman enjamlar we tehnologiýalar bilen tanyşdylar.
Myhmanlar şeýle hem Türkmenabadyň pagta egriji fabrigine baryp gördüler, onuň awtomatlaşdyrylyş derejesine hem-de tehnologik taýdan enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler. Şeýle hem myhmanlar Serdarabat etrabynda bina edilen ýyladyşhana baryp, gördüler. Mundan başga-da, saparyň maksatnamasyna Türkmenabatda çörek önümlerini öndürýän kärhana baryp görmek goşuldy. Bu kärhananyň düzüminde kuwwatly elewator hem-de degirmen toplumy bar. Şeýle hem myhmanlar aýlawy bolan atçylyk sport toplumyna baryp gördüler.