“Allegheny College” (ABŞ) klinikasynyň lukmanlary gündizki ukynyň ýürek-damar ulgamy üçin juda peýdalydygyny tassyklaýarlar. Barlag geçirijiler gündizine bir sagat töweregi uklaýanlaryň has pes arterial basyşynyň bardygyny aýdýarlar. Çalşykly iş, aladalar, giç agşama çenli internetde oturmak we telewizora seretmek – bularyň bary biziň häzirki zaman jemgyýetimizde mahsus aýratynlyklar bolup, uka ýaramaz täsirini ýetirýär. Bilermenleriň aýtmagyna görä, häzirki wagtda ukynyň ortaça dowamlylygy 50 ýyl mundan ozalka garanyňda, 2 sagada golaý azalypdyr. Ukynyň bozulmagy bilen Ýer togalagynyň ilatynyň ýarysyna golaýy kösenýär.
Durnuksyz uky özüňi ýaramaz duýmaga, gipertoniýa (ganyň basyş güýjüniň ýokarlanmagyna), ýürek-damar ulgamynyň howpuny ýokarlandyrýar. Görüp otursalar, gündizki uky nerw ulgamyny kuwwata getirip, ruhy stresden soňra arterial basyşy pese düşürýän eken. Kardiologlaryň pikirine görä, gündizki uky başdan geçirilen stresden soňra, ýürek-damar ulgamynyň işiniň tiz dikelmeginiň hasabyna saglyk üçin oňaýly täsiri bar. Olaryň aýtmagyna görä, gündizlerine yzygiderli uklaýanlaryň ýürek keselinden aradan çykmagy 40 göterim azalýar.