Şu ýy­lyň few­ral aýy­nyň or­ta­la­ry­na Rus­si­ýa­nyň paý­tag­ty Mosk­wa şä­he­rin­de Ow­ga­nys­tan me­se­le­si bo­ýun­ça hal­ka­ra du­şu­şyk ge­çi­ri­ler. Oňa Azi­ýa döw­let­le­rin­den köp san­ly we­kil­le­riň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu ba­ra­da ýur­duň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ser­geý Law­row ha­bar ber­di.
Rus­si­ýa­nyň mi­nist­ri öz çy­ky­şyn­da Ow­ga­nys­tan­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi, ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň tä­ze­den di­kel­dil­me­gi ba­bat­da köp san­ly me­se­le­le­riň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Şeý­le hem ow­gan kär­deş­le­ri bi­len bi­le­lik­de, 15-nji few­ral­da Hy­ta­ýyň, Eý­ra­nyň, Pa­kis­ta­nyň hem-de Hin­dis­ta­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­jek­di­gi ha­bar be­ril­di.