Kom­pa­ni­ýa­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, “Mac” komp­ýu­ter­le­ri­niň hem-de “akyl­ly sa­gat” hök­mün­de ta­na­lan “App­le Watch” sa­gat­la­ry­nyň sa­tu­wyn­dan-da ýo­ka­ry gir­de­ji alyn­dy.
“iP­ho­ne” ky­sym­ly te­le­fon­lar kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si­niň üç­den iki bö­le­gi­ni eýe­le­ýär. 2016-njy ýy­lyň sent­ýab­ryn­da kom­pa­ni­ýa “iP­ho­ne 7” hem-de “iP­ho­ne 7 Plus” ky­sym­ly tä­ze te­le­fon­la­ry­ny dün­ýä köp­çü­li­gi­ne hö­dür­le­di.
Mun­dan ozal­ky üç çär­ýek­de kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si pe­se ga­çyp­dy. Ol bol­sa, hy­taý­ly te­le­fon ön­dü­ri­ji­le­riň bäs­deş­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, kom­pa­ni­ýa­nyň önüm­le­ri­niň Hy­ta­ýyň ba­za­ryn­da­ky sa­tu­wy azal­dy.
Mu­ňa ga­ra­maz­dan, kom­pa­ni­ýa tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça söw­da­sy­ny art­dyr­mak üçin de­giş­li iş­le­ri alyp bar­ýar. Ol Hin­dis­ta­nyň hö­kü­me­ti bi­len yla­la­şyk ga­zan­dy. Ýur­duň Ban­ga­lor şta­tyn­da şu ýy­lyň ap­rel aýy­nyň ahy­ryn­da “iP­ho­ne” ky­sym­ly te­le­fon­la­ryň önüm­çi­li­gi­ne baş­la­nar. Ony “Wist­ron Corp.” fir­ma­sy alyp ba­rar. Yk­jam te­le­fon­la­ryň ag­la­ba­sy­ny içer­ki ba­zar­da sat­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy Hin­dis­ta­ny Hy­taý­dan soň­ky ikin­ji uly ba­za­ry hök­mün­de gör­ýär. Ge­çen ýyl bu ýurt­da 2,5 mil­li­on “iP­ho­ne” ky­sym­ly te­le­fon sa­ty­lyp­dy. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, bu gör­ke­zi­ji hin­di ba­za­ry­nyň 2 gö­te­ri­mi­ne deň bol­dy. Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, hin­di ba­za­ry çalt dep­gin­de ös­ýän iri ba­zar­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. 2020-nji ýy­la çen­li bu ýurt­da 750 mil­li­on yk­jam te­le­fo­nyň sa­tyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ge­çen ýy­lyň 4-nji çär­ýe­gin­de yk­jam te­le­fon önüm­çi­li­gin­de özü­niň esa­sy bäs­de­şi “Sam­sung” şe­re­ke­tin­den öňe saý­la­nan­dy­gy­ny ýat­lat­mak is­le­ýä­ris.