Ýa­po­ni­ýa­nyň iri aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­la­ry “Toyo­ta” bi­len “Su­zu­ki Mo­tor” öza­ra hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da äht­na­ma gol çek­di­ler. Bu ba­ra­da “Kio­do” ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bar ber­ýär. Ge­çen ýyl­dan bä­ri iki kom­pa­ni­ýa­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­ýär. Olar bi­le­lik­de ma­şyn gur­lu­şy­gy üçin tä­ze howp­suz hem-de eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ön­dür­me­gi göz öňün­de tut­ýar­lar.
“Toyo­ta” kom­pa­ni­ýa­sy aw­tou­lag önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­de öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­me­gi do­wam et­dir­ýär. “Su­zu­ki” bol­sa, Ýa­po­ni­ýa­nyň öz için­de we ösüp gel­ýän ýurt­lar­da has köp ulag sat­ýar.
Ha­bar­lar gul­lu­gy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, “Toyo­ta” kom­pa­ni­ýa­sy “Dai­hat­su” we “Hi­no Mo­tors” gol­çur kär­ha­na­la­ry bi­len bi­le­lik­de, her ýyl tu­tuş dün­ýä­de 10 mil­li­on­dan gow­rak ulag sat­ýar. “Su­zu­ki”-niň bol­sa, her ýyl­da­ky ulag önüm­çi­li­gi­niň söw­da­sy 3 mil­lio­na go­laý­la­ýar.
2016 – 2017-nji ma­li­ýe ýy­ly­nyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da (sent­ýabr­da ta­mam­lan­dy) “Su­zu­ki Mo­tor”-yň sap gir­de­ji­si 10 gö­te­rim kö­pe­lip, 118,6 mil­liard ýe­ne (1,15 mil­liard dol­lar) deň bol­dy. Bu gör­ke­zi­ji ma­li­ýe ýy­ly­nyň 9 aýyn­da (31-nji de­kabrda ta­mam­lan­dy) 133,4 mil­liard ýe­ne (1,178 mil­liard dol­lar) go­laý­la­dy. Ha­sa­bat döw­rün­de kom­pa­ni­ýa 19,9 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de söw­da iş­le­ri­ni ama­la aşyr­dy. Kom­pa­ni­ýa 1909-njy ýyl­da dö­re­dil­di. Ol Ýa­po­ni­ýa­nyň Ha­ma­ma­su şä­he­rin­de ýer­leş­ýär.