Katar döwletiniň “Qatar Airways” awiakompaniýasy Doha şäherinden Täze Zelandiýanyň Oklend şäherine çenli gonmazdan, iň uzak aralyga uçuş gatnawyny amala aşyrdy. Kataryň paýtagty Doha şäherinden Oklend şäherine çenli 14,535 müň kilometrlik aralygy “Boeing 77-200” kysymly uçar bilen 16 sagat 15 minutda uçup baryldy. Yzyna gaýdyşyn bolsa, garşydan öwüsýän ýel sebäpli uçuşyň dowamlylygy bir sagat köp bolar.
Uçuşyň dowamynda 5 döwletiň üstünden geçildi. Kataryň awiakompaniýasy uçar gatnawynyň üstünlikli amala aşyrylandygyny mälim etdi. Uçar ozal meýilleşdirilen wagtdan birnäçe minut öň gondy.
Mundan ozalky rekord “Air India” awiakompaniýasyna degişlidir. Deli – San-Fransisko aralygyndaky 15,298 müň kilometrlik ýol 14,5 sagatda geçilipdi.
Bu ugurdaky rekordy 2018-nji ýylda “Singapore Airlines” awiakompaniýasy täzelemegi meýilleşdirýär. Bu kompaniýa Singapurdan Nýu-Ýork şäherine çenli gonmazdan, 19 sagatlyk uçar gatnawlaryny ýola goýmagy göz öňünde tutýar.