In­ter­net ar­ka­ly söw­da iş­le­ri­ni gu­ra­ýan “Ama­zon.com Inc.” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 2016-njy ýy­lyň 4-nji çär­ýe­gin­dä­ki aras­sa gir­de­ji­si 55 gö­te­rim kö­pel­di. 2016-njy ýyl­da­ky aras­sa gir­de­ji­si 2,4 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy. Ol hem 2015-nji ýyl­da­ky gör­ke­zi­ji­den 4 es­se ar­tyk bol­dy.
Ge­çen ýy­lyň soň­ky çär­ýe­gin­de, ýag­ny okt­ýabr-de­kabr aý­la­ryn­da­ky sap gir­de­ji­si 749 mil­li­on dol­la­ra ba­ra­bar bol­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy hem-de baş mü­di­ri Jeff Be­zos in­ter­net ar­ka­ly söw­da iş­le­ri­ni has-da çalt­lan­dyr­mak üçin köp iş­le­riň edil­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Ol bu ugur­da “Ama­zon Pri­me” prog­ram­ma­sy­nyň üs­tün­de tä­ze­den iş­le­ni­len­di­gi­ni we onuň ne­ti­je­sin­de müş­de­ri­le­riň 50 mil­li­on ha­ry­dyň ara­syn­dan özü­ne ge­rek­lisini saý­la­ma­ga müm­kin­çi­lik al­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.