Mü­sür Arap Res­pub­li­ka­sy­nyň gaz hol­din­gi EGAS Rus­si­ýa­nyň “Ros­neft”, Fran­si­ýa­nyň “En­gie” hem-de Oma­nyň OTI kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz sa­tyn al­mak ba­bat­da yla­la­şy­ga gol çe­kiş­di. Onuň umu­my ba­ha­sy 1 mil­liard dol­la­ra go­laý­la­ýar. Bu ba­ra­da “Al-Ah­ram” ga­ze­tin­de bel­le­nip ge­çil­ýär.
Da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry Mü­sü­re her ge­zek 138 müň bi­len 156 müň ku­bo­metr möç­be­rin­de su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz ibe­rer. Ýur­duň ne­bit we te­bi­gy se­riş­de­ler mi­nist­ri Ta­rek al-Mul­la mawy ýangyjyň bu görnüşini amat­ly ba­ha­dan sa­tyn al­ýan­dyk­la­ry­ny hem-de onuň tö­le­gi­ni ama­la aşyr­mak üçin ýe­ňil­lik­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni mä­lim et­di.
Soň­ky ýyl­lar­da Mü­sür­de eme­le ge­len kä­bir kyn­çy­lyk­lar se­bäp­li te­bi­gy gaz gor­la­ry­ny göz­le­mek hem-de ola­ry çy­kar­mak ba­bat­da­ky iş­le­riň dep­gi­ni pe­se ga­çyp­dy. Mun­dan ozal, Mü­sür içer­ki ba­za­ry öz te­bi­gy ga­zy bi­len üp­jün edip, ga­ly­ber­se-de, su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy Ys­ra­ýy­la hem-de Ior­da­ni­ýa eks­port hem ed­ýär­di. Ýakyn ýyllarda ýurtda nebit we gaz ýataklarynyň täzeden özleşdirilmegine girişiler.