Eýran Yslam Respublikasynyň çäklerinde 15 milliard barrel gory bolan täze nebit ýatagy tapyldy. Bu barada Eýranyň Milli nebit kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Ali Kardor habar berýär.
Onuň aýtmagyna görä, nebit käninde 66 trillion kubometre barabar tebigy gaz gory hem bar. Onuň 37 trillion kubometrini gazyp almak mümkin. Kardoryň belläp geçmegine görä, uglewodorod serişdeleriniň gory dürli ýerlerde bölek-bölek ýerleşýär.
Resmi maglumatlara ser salsak, ýurduň çäklerinde başga-da birnäçe nebit we gaz känleriniň bardygy mälim edildi.