Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde howanyň üýtgemegine garşy alnyp barylýan göreş güýçlendirilýär. Howa goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini azaltmak maksady bilen degişli çäreler durmuşa geçirilýär. 2017-nji ýyl boýunça kömür we oňa degişli önümleriň sarp edilişini 30 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar. Bu barada şäheriň häkimi Saý Si habar berdi.
– Şu ýylyň dowamynda Pekin şäheriniň günorta böleginde we beýleki 6 sany iri etraplarynda kömür ulanmagy bes etmekçi bolýarys – diýip, Saý Si gürrüň berýär.
2017-nji ýylda Pekin şäherinde 7 million tonna möçberinde kömür ulanylar. Soňky ýyllarda şäherdäki kömrüň ulanylyşy 22 million tonna golaýlady.