2016-njy ýylda Germaniýa haryt dolanyşygy boýunça Hytaýdan öňe saýlandy. Ýurduň Ykdysady seljeriş institutynyň maglumatyna görä, geçen ýyl Germaniýanyň daşary ýurtlar bilen amala aşyran söwda gatnaşyklary boýunça emele gelen haryt dolanyşygy 286 milliard ýewro deň boldy. Hasabata görä, Hytaýyň bu görkezijisi 245 milliard dollara golaýlady. 2015-nji ýylda bu ugurda Hytaý öňdeligi eýeläpdi. Germaniýa bolsa, ikinji orunda barýardy.
Germaniýanyň Ykdysadyýet ministrliginiň hasabatyna laýyklykda, ýurduň daşary söwda gatnaşyklarynda oňat netijeler gazanylýar. Dünýä bazaryndaky ornuny has-da berkidýän Germaniýa beýleki ýurtlar bilen ykdysady hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde-de, ykdysady görkezijiler boýunça öňdelige eýe bolýar.