Türkmen samboçylary Belarus Respublikasynyň açyk çempionatyna gatnaşarlar. Bu ýaryşa 16 ýurtdan – Russiýadan, Bolgariýadan, Rumyniýadan, Gresiýadan, Ysraýyldan, Slowakiýadan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden 200-den gowrak türgen gatnaşar.
Biziň ýygyndy toparymyzyň düzüminde 18 erkek türgen we 8 zenan çykyş eder. Bu ýaryşlara halkara derejeli sport ussady, Rio-de-Janeýro (Braziliýa) şäherinde geçirilen Olimpiada–2016-a gatnaşyjy Gülbadam Babamyradowa, Koreýa Respublikasynyň Inçihon şäherinde geçirilen Aziada–IV-iň ýeňijisi Nuraly Ýalkabow we beýleki belli türgenler gatnaşarlar.
Minskide geçirilen öňki ýaryşlarda türkmenistanlylar jemi alty medala – bir altyn, iki kümüş we üç bürünç medala eýe bolupdylar. Şolaryň arasynda finalda 68 kilograma çenli agram derejesinde 14 türgeniň arasynda Aşgabatdan iki türgen – Abdylla Babaýew we Ylýas Mömünow çykyş edip, degişlilikde altyn we kümüş medallar bilen ýurdumyza dolanypdylar.
Sambo boýunça geçen ýylyň maý aýynda Olimpiýa şäherjiginde geçirilen Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy toparlaýyn hasapda birinji orna eýe bolup, jemi 66 medala – 21 altyn, 26 kümüş we 19 bürünç medala mynasyp boldular.