Top bilen oýnalýan hokkeý (bandy) boýunça Şwesiýada guralan 37-nji Dünýä çempionatynda ýer eýeleri ýeňiş gazandy. Ýurduň Sandwiken şäherinde geçirilen çempionata 8 ýygyndy gatnaşyp, olar 2 toparçada çykyş etdiler. Toparçadaky oýunlardan soň, toparlar utulan çykdy duşuşyklaryny oýnadylar. Çärýek finalda Norwegiýa Gazagystany 5–4, ýer eýesi Şwesiýa Germaniýany uly hasap bilen 34–6, Finlýandiýa ABŞ-ny 15–1, Russiýa-da Belarusy 17–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýarym finalda şwedler üçin norwegleri ýeňmek kyn düşmedi. 17–2 hasabynda ýeňiş gazanan ýer eýesi ilkinji finalçy boldy. Çekeleşikli geçen beýleki ýarym finalda-da Russiýa Finlýandiýany 6–4 hasabynda ýeňdi. Netijede, sportuň bu görnüşiniň 2 ägirdiniň arasyndaky final diýseň gyzykly häsiýete eýe boldy. Iki ýygyndy toparçada-da duşuşypdy we şonda şwedler 10–6 hasabynda ýeňiş gazanypdy. “Gýoransson Arenadaky” finalda ýene-de Şwesiýa ezeli bäsdeşinden üstün çykdy. 4–3 hasabynda ýeňiş gazanan şwedleriň adyndan Mossberg, Edlund, Gillýam we Pettersson, ruslardan Mirgazow, Befus hem-de Iwanuşkin tapawutlandy. Şunlukda, Şwesiýa 12-nji gezek Dünýä çempiony bolmagy başardy.
Bürünç medal ugrundaky oýunda finler goňşusy norwegleri 11–1 hasabynda ýeňip, 20-nji gezek 3-nji orny eýeledi. Şeýle-de çempionatyň çäklerindäki “B” diwiziýanyň ýeňijisi Kanada bolup, olar finalda Wengriýany 4–3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. Nobatdaky çempionat geljek ýyl Russiýanyň Habarowsk şäherinde geçiriler.
1957-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän toply hokkeý çempionatynda iň köp çempionlygy ozalky Soýuzyň ýygyndysy gazandy. Olar 14, 2-nji hatardaky şwedler 12, Russiýanyň ýygyndysy 10 gezek çempion boldy. Finlýandiýanyň milli topary-da 1 sapar kubogy asmana göterdi.