Ten­nis bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­daky mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň ýa­ry­şy De­wis Ku­bo­gyn­da 1-nji tap­gy­ryň du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. Ge­çen ýyl ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek çem­pi­on bo­lan Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy öz meý­dan­ça­syn­da ita­li­ýa­ly ten­nis­çi­ler bi­len du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen du­şu­şyk­da myh­man­lar 3:2 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Şun­luk­da, De­wis Ku­bo­gy­nyň ta­ry­hyn­da 10-njy sa­par çem­pi­on bolan to­par täze möwsümiň il­kin­ji tap­gyr­ynda ýa­ryş­dan çyk­dy. 1-nji tap­gy­ryň beý­le­ki oýun­la­ryn­da Bel­gi­ýa Ger­ma­ni­ýa­ny 4:1, Awst­ra­li­ýa Çe­hi­ýa­ny 4:1, Şweý­sa­riýa ABŞ-ny 5:0, Fran­si­ýa Ýa­po­ni­ýa­ny 4:1, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa Ka­na­da­ny 3:2, Ser­bi­ýa Rus­si­ýa­ny 4:1, Is­pa­ni­ýa­-da Hor­wa­ti­ýa­ny 3:2 ha­sa­byn­da ýeň­di. Hor­wat­la­ryň we çeh­le­riň utul­ma­gy ga­ra­şyl­ma­dyk wa­ka bol­dy. 7–9-njy ap­rel­de ge­çi­ril­jek çär­ýek fi­na­lyň oýun­la­ryn­da Ita­li­ýa–Bel­gi­ýa, Awst­ra­li­ýa–ABŞ, Fran­si­ýa–B. Bri­ta­ni­ýa hem-de Ser­bi­ýa–Is­pa­ni­ýa to­par­la­ry öza­ra du­şu­şar­lar.