Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda möhüm suýasy-jemgyýetçilik wakasy giň gerimde dowam edýär. Şu gün ählihalk saýlawlary uly baýramçylyk dabarasy astynda geçýär. Ýurdumyzyň ähli ilaty Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna işjeň gatnaşýar.
2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda saýlaw uçastoklarynyň 2587-siniň hemmesinde sagat 7-de ses bermek başlandy we 19-da tamamlanýar.Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň jemi 3228866-sy hasaba alyndy.
Has takygy, Ahal welaýatynda 413620-si, Balkan welaýatynda 271345-si, Daşoguz welaýatynda 687006-sy, Lebap welaýatynda 674456-sy, Mary welaýatynda 757299-sy, Aşgabat şäherinde 425140-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 13-e çenli saýlawçylaryň 74,52% ses berdi.Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 75,19%, Balkan welaýatynda 76,61%, Daşoguz welaýatynda 66,80%, Lebap welaýatynda 71,46%, Mary welaýatynda 76,34%, Aşgabat şäherinde 86,64% ses berdiler.Ses bermek dowam edýär.