Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde we paýtagtymyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda ýörite döredilen saýlaw uçastoklarynda Türkmenistanyň raýatlarynyň ses bermek çäresi geçirildi. Şeýlelikde, 12-nji fewralda türkmenistanlylaryň millionlarçasy özlerine mahsus bolan ýokary ruhubelentlik we raýat işjeňligi bilen saýlaw uçastoklaryna gelip, ýurdumyza halkyň adyndan kimiň baştutanlyk etmelidigi baradaky çözgüt babatynda öz konstitusion hukuklaryny berjaý etdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 97,27% ses berdi. Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 97,25%, Balkan welaýatynda 96,51%, Daşoguz welaýatynda 98,02%, Lebap welaýatynda 97,07%, Mary welaýatynda 97,15%, Aşgabat şäherinde 97,12% ses berdiler.