Türkmenistanda her ýylyň 18-nji fewralynda diplomatik işgärleriň güni bellenip geçilýär. Bu baýramçylygyň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda geçirilmeginiň çuň manysy bardyr.


Dünýäniň dürli ýurtlarynda belentden parlaýan mukaddes Döwlet tugumyz ýakyn gatnaşyklaryň, dostlugyň, we hyzmatdaşlygyň nyşanyny alamatlandyrýar. Türkmenistan özüniň bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgelerine berk eýermek esasynda, 142 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar we 44 sany iri halkara guramasyna agza bolup durýar. Biziň diplomatik wekilhanalarymyz bu gün Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurtlarynda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek üçin öz wezipelerini ýerine ýetirýärler.

Diplomatik işgärleriň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliniň Halkara gatnaşyklar institutynda halkara maslahat hem-de sergi geçirildi. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy barada çykyşlar edildi.

Şeýle hem institutyň esasy girelgesinde ýurdumyzda işleýän daşary ýurduň diplomatik wekilhanalary öz sergisini gurnapdyr.