2017-nji ýy­lyň 12-nji few­ra­lyn­da­ky sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik çäresi – Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly, aç-açan­lyk, bäs­deş­lik hem-de de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­ler esa­syn­da ge­çi­ri­lip, mil­li de­mok­ra­ti­ýa­myzyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň aýdyň su­but­na­ma­sy bol­dy. Ýur­du­my­zyň ýyl­ýaz­gy­sy­na mö­hüm se­ne­le­riň bi­ri hök­mün­de gi­ren saý­law­la­ryň gu­tar­nyk­ly jem­le­ri bo­ýun­ça döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow ynam­ly ýe­ňiş ga­zan­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Saý­law ko­dek­si­niň 76-njy mad­da­sy­na la­ýyk­lyk­da, Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek ba­ra­da­ky Mer­ke­zi to­par da­laş­gär Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç Berdimuhamedowyň ses­le­riň ag­la­ba köp­lü­gi­ni (97,69 gö­te­rim) alyp, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne saý­la­nan­dy­gy­ny yk­rar et­di.
Ýurdumyzda üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry açyk­lyk we aý­dyň­lyk ýag­da­ýyn­da, giň bäs­deş­lik esa­syn­da ge­çip, türk­men jem­gy­ýe­tin­de de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­riň ýaý­baň­la­nan­dy­gy­ny, ila­tyň aň-dü­şün­je­si­niň ar­tan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­di.
Bu jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çä­re ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de, mil­li saý­law ka­nun­çy­ly­gyn­da hem-de hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň ykrar edilen ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­di. Umu­man, ses ber­mä­ge 3 mil­li­on 163 müň 692 adam ýa-da saý­law­çy­la­ryň umu­my sa­ny­nyň 97,28 gö­te­ri­mi gat­naş­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry we onuň bi­len bag­ly wa­ka­lar hal­ka­ra bi­le­le­şi­gin­de hem-de dün­ýä­niň ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Şol gün­ler Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­yň Syn­çy­lar to­pa­ry, BMG-niň we beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri, da­şa­ry ýurt­ly žur­na­list­ler ýur­du­myz­da bo­lup saý­law möw­sü­mi­niň bar­şy bi­len ta­nyş­ma­ga, saý­law­la­ryň açyk­ly­gy­na we aýan­ly­gy­na göz ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik al­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowy saý­law­lar­da ga­za­nan ynam­ly ýe­ňi­şi bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy Si Szin­pin, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Re­jep Ta­ýyp Är­do­gan, Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mo­ham­mad Aş­raf Ga­ni, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew, Tä­ji­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Al­maz­bek Atam­ba­ýew, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew we Gru­zi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Ge­or­giý Marg­we­laş­wi­li we beý­le­ki köp san­ly da­şa­ry ýurt ýol­baş­çy­la­ry gut­la­dy­lar.

Dün­ýä met­bu­ga­ty­nyň sa­hy­pa­la­ryn­da
Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan ýe­ne-de tu­tuş dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň üns mer­ke­zin­de bol­dy. Ýur­du­myz­da geçirilen döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne saý­law­lar da­şa­ry ýurt köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Şun­da ýur­du­myz­da 2548, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň we kon­sul­lyk eda­ra­la­ry­nyň ýa­nyn­da bol­sa, 39 saý­law uças­tok­la­ry dö­re­dil­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­dent­li­gi­ne saý­law­lar gü­nüň esa­sy tä­ze­lik­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. Saý­law­la­ryň baş­la­ny­şy we ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da­ky ha­bar­lar saý­law uças­tok­la­ry­nyň açy­lan pur­sa­dyn­dan peý­da bo­lup baş­la­dy. Saý­law uças­tok­la­ry­nyň ga­py­la­ry sa­gat 7.00-dan–19.00-a çen­li açyk bol­dy.
Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň ha­bar­la­ry ar­ka­ly dür­li ýurt­la­ryň we yk­lym­la­ryň oky­jy­la­ry saýlawyň geçiş pursatlary bilen habarly boldular.
Ses ber­mek çä­re­si­niň baş­la­nan­dy­gy ba­ra­da­ky ha­bar In­ter­net ul­ga­my ar­ka­ly des­si­ne ýaý­ra­dyl­dy we dün­ýä­niň äh­li kün­jek­le­rin­dä­ki oky­jy­lar köp­çü­li­gin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Dün­ýä­niň bel­li te­le-ra­dio­ ýaý­lym­la­ry bu tä­ze­li­gi gyz­gy­ny bi­len ýaý­rat­dy­lar.
Şeý­le­lik­de, sä­her bi­len gü­nüň do­wa­myn­da her sa­gat­da Aş­ga­bat­dan Rus­si­ýa­nyň “Ros­si­ýa–24” ha­bar­lar te­le­ýaý­ly­my­nyň “Wes­ti” prog­ram­ma­sy­nyň žur­na­lis­ti ha­bar­la­ry yzy­gi­der­li be­rip, bu ge­zek­ki Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na il­kin­ji ge­zek 9 da­laş­gä­riň, şol san­da ýur­du­myz­da bel­li­ge al­nan par­ti­ýa­lar­dan ag­za­la­ryň gat­na­şan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, 2017-nji ýy­lyň saý­law döw­rün­de üç sy­ýa­sy par­ti­ýa­dan – Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­syn­dan, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­syn­dan hem-de Ag­rar par­ti­ýa­dan da­laş­gär­ler il­kin­ji ge­zek gat­naş­dy­lar. Şeý­le hem 6 sa­ny ra­ýat­la­ryň ra­ýat tek­lip­çi­ler to­par­la­ry öz da­laş­gär­le­ri­ni hö­dür­le­mek üçin bel­le­ni­len möh­let­de ze­rur möç­ber­dä­ki gol­la­ry ýyg­na­dy­lar.
Mag­lu­mat­lar­da 2016-njy ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň tä­ze re­je­le­nen gör­nü­şi­niň ka­bul edi­len­di­gi, oňa la­ýyk­lyk­da, Pre­zi­den­tiň we­zi­pe­si­ne da­laş­gä­riň ýa­şy­nyň 70-e çen­li çäk­len­di­ril­me­gi­niň aý­ry­lan­dy­gy we ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­niň möh­le­ti­niň 5 ýyl­dan 7 ýy­la çen­li uzal­dy­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di.
Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek ba­ra­da­ky Mer­ke­zi to­pa­ryň ýö­ri­te­leş­di­ri­len saý­ty (www.saý­lav.gov.tm) şu ýy­lyň saý­law çä­re­si­niň ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da­ky ha­bar­la­ry üp­jün et­di. Da­şa­ry ýurt­ly bi­ler­men­ler oňa ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler.
Da­şa­ry ýurt met­bu­ga­ty ses ber­mek çä­re­si­niň açyk­lyk we aýan­lyk hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­läp, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry­na taý­ýar­ly­gyň hem-de saý­law­la­ryň ge­çi­ri­li­şi­niň bar­şy­na mil­li syn­çy­la­ryň 3 müň 223-si­niň we türk­men ta­ra­pyn­dan ça­gy­ry­lan hal­ka­ra syn­çy­la­ry­nyň 154-si­niň syn eden­dik­le­ri­ni bel­le­ýär.