Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň 12-nji fewraly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýylýazgysyna şanly wakalaryň biri hökmünde girdi. Demokratik ýörelgeler esasynda geçirilen ählihalk saýlawlary halkara synçylar toparynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Saýlawlara syn etmek üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA), Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG), Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) wekilleri bilen bir hatarda köp sanly döwletden garaşsyz synçylar hem geldiler. Halkara synçylar toparynyň käbirleriniň saýlawlar baradaky seljermelerini dykgatyňyza ýetirýäris.
GDA-nyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew:
– Indi, köp ýyllardan bäri GDA-nyň synçylar topary Türkmenistandaky saýlawlara gatnaşyp gelýär. Biziň synçylar toparymyzyň düzümine gurama agza döwletleriň ençemesinden wekiller goşuldy. GDA-nyň synçylar topary şu ýylyň 25-nji ýanwarynda işe girişdi. Saýlaw güni köp sanly saýlaw uçastoklaryna aýlanyp gördük. Saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilendigine hem-de ähli dalaşgärlere deň derejede şertleriň döredilendigine anyk göz ýetirdik. Ses bermäge saýlawçylaryň aglaba böleginiň gelmegi bolsa, örän buýsandyryjy wakadyr.
ŞHG guramasynyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy, baş sekretar
Raşid Alimow:
– Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistanyň Prezident saýlawlaryna ilkinji gezek gatnaşdy. Biz Türkmenistanyň Merkezi Saýlaw toparynyň hem-de Daşary işler ministrliginiň çagyrmagy boýunça geldik. Biziň synçylar toparymyz guramanyň agzasy bolmadyk döwletdäki saýlawlara syn etdi. Şeýle ýagdaý guramanyň taryhynda ilkinji gezek bolup geçýär. Synçylar toparymyzyň işlemegi üçin ähli şertler döredildi. Merkezi Saýlaw toparynyň işi bilen tanyşlygyň barşynda, birnäçe saýlaw uçastoklaryna baryp gördük. Saýlawlar köp dalaşgärli hem-de ählumumy kadalara laýyklykda geçirilip, ähli dalaşgärler üçin deň şertler döredilipdir. Prezident saýlawlarynyň bäsdeşlik hem-de demokratik esasda geçirilendigine şaýat bolduk.
YHG-niň synçylar toparynyň ýolbaşçysy Ali Abdulhassani:
– Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ilkinji gezek Türkmenistanyň Prezident saýlawlaryna synçy iberdi. Bu ýagdaý Türkmenistanyň Hökümetiniň biziň guramamyza bildirýän ynamynyň ýokarydygyny görkezýär. Saýlawlar güni biziň synçylar toparymyzyň işlemegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Saýlawlar erkin hem-de ýokary bäsdeşlik derejesinde geçirildi.