Şu ýylyň 12-nji fewralynda ýurdumyzda geçirilen iňňän möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresi hasaplanýan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi taýdan wezipesine girişdi. Türkmen halky öz Gahryman hem-de Arkadag Prezidenti bilen ösüşiň täze döwrüne gadam basdy.


Gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň Ru­hy­ýet köş­gün­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň we­zi­pe­si­ne gi­riş­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra­ly çä­re bol­dy. Oňa Mej­li­siň Baş­ly­gy we Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň hem-de pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­ri, mil­li par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň we jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň, Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýet we ýer­li öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Şeý­le hem ýyg­na­nan­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek ba­ra­da­ky Mer­ke­zi to­pa­ryň ag­za­la­ry, döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­ler, saý­law­la­ra syn­çy­lar hök­mün­de ýur­du­my­za ge­len hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri bar.
Şeý­le hem ol ýe­re da­şa­ry ýurt­la­ryň res­mi we­ki­li­ýet­le­ri­niň ag­za­la­ry, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, ýur­du­my­zyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky il­çi­le­ri, mil­li we da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, giň jem­gy­ýet­çi­li­giň we­kil­le­ri hem-de beý­le­ki ça­gy­ry­lan myh­man­lar ýyg­nan­dy­lar.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ru­hy­ýet köş­gü­niň eý­wa­ny­na ba­ryp, şol ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne da­laş­gär bo­lan adam­lar bi­len sa­lam­laş­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 12-nji few­ral­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na sy­ýa­sy par­ti­ýa­lar­dan we ra­ýat­la­ryň tek­lip­çi to­par­la­ryn­dan hö­dür­le­nen je­mi 9 da­laş­gär gat­naş­dy. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da de­mok­ra­ti­ýa­nyň do­la­nuw­syz­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri da­ba­ra­ly ýag­daý­da, da­ba­ra­ly sa­zyň owa­zy­nyň as­tyn­da za­la Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­ny, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Tu­gu­ny, Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­ny we mu­kad­des Gur­ha­ny ge­tir­di­ler.
Ru­hy­ýet köş­gü­niň za­ly­na ýyg­na­nan­lar Türk­me­nis­ta­nyň tä­ze saý­la­ny­lan Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowy ör tu­rup, şow­hun­ly el­çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň äh­li­halk saý­law­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri­ni yg­lan et­mek üçin, Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek ba­ra­da­ky Mer­ke­zi to­pa­ryň baş­ly­gy G.My­ra­do­wa söz be­ril­di.
Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň bel­leý­şi ýa­ly, saý­law­la­ryň jem­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Azyk se­na­ga­ty döw­let bir­le­şi­gi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.An­na­ne­pe­sow 1,02 gö­te­rim, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi­niň orun­ba­sa­ry J.An­na­ýew 0,21 gö­te­rim, “Rys­gal” paý­dar­lar-tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy B.Ata­ly­ýew 0,36 gö­te­rim, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow 97,69 gö­te­rim, Seý­di­niň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wo­dy­nyň di­rek­to­ry R.Dur­dy­ýew 0,15 gö­te­rim, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi­niň oba ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry M.Gur­ba­now 0,17 gö­te­rim, Ahal we­la­ýa­ty­nyň yk­dy­sa­dy­ýet we ösüş mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy S.Je­li­low 0,25 gö­te­rim, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň “Ga­ra­bo­gaz­sul­fat” önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­niň baş di­rek­to­ry S.Nur­ne­pe­sow 0,09 gö­te­rim we Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Ma­ry we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow 0,06 gö­te­rim ses al­dy­lar.
Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň 2017-nji ýy­lyň 14-nji few­ra­lyn­da ge­çi­ri­len jem­leý­ji mej­li­sin­de ka­bul edi­len Ka­ra­ry­na hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Saý­law ko­dek­si­niň 76-njy mad­da­sy­na la­ýyk­lyk­da, saý­law­lar­da saý­law­çy­la­ryň ses­le­ri­niň 97,69 gö­te­ri­mi­ni alan da­laş­gär Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne saý­la­nan­dy­gy yk­rar edil­di.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Wa­ta­ny­my­za we hal­ky­my­za we­pa­ly gul­luk et­mek ha­kyn­da ka­sam et­di.
“Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne gi­riş­mek bi­len, öz üs­tü­me ýük­le­nen we­zi­pe­le­ri ak ýü­rek­den we my­na­syp de­re­je­de yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge; Türk­me­nis­ta­nyň döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­ny hem-de Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ni go­ra­ma­ga; ada­myň we ra­ýa­tyň hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny go­ra­ma­ga; Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mä­ge we go­ra­ma­ga; öz äh­li güýç-gaý­ra­ty­my hem-de ba­şar­nyk­la­ry­my türk­men hal­ky­nyň je­bis­li­gi, onuň pa­ra­hat dur­mu­şy­ny go­ra­ma­ga ba­gyş­la­ma­ga, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň hä­zir­ki we gel­jek­ki ne­sil­le­ri­niň sar­pa­sy­nyň be­len­de gö­te­ril­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri­mi peý­da­lan­ma­ga; türk­men hal­ky­na gul­luk et­mä­ge da­ba­ra­ly ka­sam ed­ýä­rin”.
Tä­ze saý­la­nan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň şa­hsyýetna­ma­sy gow­şu­ryl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­ny sar­pa­la­dy. Saý­la­nan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň we­zi­pä gi­ri­şen­di­gi da­ba­ra­ly yg­lan edil­di. Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip çy­kyş et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: Türk­me­nis­tan ösü­şi­niň tä­ze tap­gy­ry­na ga­dam bas­dy
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz özü­ne bil­di­ri­len ýo­ka­ry ynam üçin äh­li wa­tan­daş­la­ry­my­za çuň­ňur min­net­dar­lyk bil­dir­di. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne beý­le­ki da­laş­gär­le­riň ady­na hem min­net­dar­lyk söz­le­ri aý­dyl­dy. Saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky bäs­deş­lik­le­riň äh­li tap­gyr­la­ryn­da olar ýo­ka­ry me­de­ni­ýe­ti we hü­när de­re­je­si­ni, ýol­baş­çy we­zi­pe­le­ri eýe­le­mä­ge my­na­syp­dyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan ösü­şi­niň tä­ze tap­gy­ry­na ga­dam bas­dy di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Biz şu döw­ri ok­gun­ly ösüş hem-de iri möç­ber­li öz­gert­me­le­riň mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan za­ma­na­sy di­ýip hä­si­ýet­len­dir­ýä­ris. Bi­ziň Ga­raş­syz döw­le­ti­miz in­di ýig­ri­mi bir ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­sin­den ugur alyp, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek bi­len, dün­ýä­niň döw­let­le­ri we halk­la­ry bi­len dost-do­gan­lyk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny sak­la­ýar. Ýü­ze çyk­ýan äh­li me­se­le­le­riň pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol­lar ar­ka­ly çö­zül­me­gi ug­run­da çy­kyş ed­ýär.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­niň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi, dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gi bo­lup dur­ýar. Gel­jek­de hem bu ýö­rel­ge­ler Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bol­ma­gyn­da ga­lar. Biz gel­jek­de hem äh­li döw­let­ler we halk­lar bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry, ylym we bi­lim ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li ös­dü­re­ris di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Şeý­le hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy we­zi­pe­le­ri­ni bel­le­di hem-de ýur­du­my­zy öň­de­ba­ry­jy, se­na­gat taý­dan ösen döw­le­te öwür­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­jak çä­re­le­ri kes­git­le­di. Ýur­du­my­zyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry ra­ýat­la­ry­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­ler di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy. Hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry esa­syn­da ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri gaý­ta­dan iş­le­ni­ler we ön­dü­ri­ler. Bu se­riş­de­ler ýo­ka­ry hil­li ben­zin, po­lip­ro­pi­len, po­lie­ti­len we su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz gör­nü­şin­de uly is­leg­den peý­da­lan­ýar.
Türk­me­nis­tan ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my pu­da­gyn­da goň­şy we beý­le­ki döw­let­ler bi­len ýa­kyn hyz­mat­daş­ly­gy do­wam eder. Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy, bu tas­la­ma ýur­du­my­za uly gir­de­ji­le­ri ge­tir­mek­den baş­ga-da, goň­şy halk­la­ryň öý­le­ri­ne ýy­ly­lyk we ýag­ty­lyk eçi­ler.
Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň di­ňe bir ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ne däl-de, beý­le­ki te­bi­gy se­riş­de­le­re hem örän baý­dy­gy bel­le­nil­di. Türk­men top­ra­gy­nyň as­tyn­da Men­de­le­ýe­wiň dö­wür­le­ýin ul­ga­myn­da gör­ke­zi­len ele­ment­le­ri­niň äh­li­si­ni di­ýen ýa­ly özün­de jem­le­ýän mag­dan gor­la­ry bar. Ýur­du­my­zyň ge­og­ra­fi­ýa taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi, aw­to­mo­bil we de­mir ýol ulag­la­ry­nyň ýol ul­ga­my­nyň bol­ma­gy bol­sa, ola­ryň öz­leş­di­ril­me­gi­ne, ga­zy­lyp alyn­ma­gy­na we gaý­ta­dan iş­le­nil­me­gi­ne oňat müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Biz bäs­deş­li­ge ukyp­ly, ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­la­ryň da­şa­ry ba­zar­la­ra çy­ka­ryl­ýan möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­gyň yk­dy­sa­dy gu­ral­la­ry­ny giň­den or­naş­dy­ra­rys, da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dü­re­ris, elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam etdire­ris di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Şeý­le hem elekt­roe­ner­ge­ti­ka­nyň ös­dü­ril­me­gi, tä­ze elekt­rik be­ket­le­ri­niň işe gi­ri­zil­me­gi, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny eks­port et­me­giň art­dy­ryl­ma­gy hem-de Gün we ýel ener­gi­ýa­sy­ny peý­da­lan­ma­gyň hö­wes­len­di­ril­me­gi ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da te­le­ke­çi­li­giň gol­da­nyl­ma­gy­ny we ös­dü­ril­me­gi­ni, ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň ke­ma­la gel­me­gi­ni baş we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da gör­kez­di.

Bedew bady bi­len öňe bar­ýa­rys
We­zi­pä gi­ri­şen hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň stra­te­gi­ki ug­ru­nyň ha­ta­ryn­da dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ma­gy­ny bel­le­di.
Gel­jek­ki ýe­di ýy­lyň do­wa­myn­da biz “Bi­lim­li ne­sil – kuw­wat­ly Wa­tan”, “Me­de­ni­ýet hal­kyň kal­by­dyr”, “Il sag­ly­gy – ýurt baý­ly­gy” şy­gar­la­ry as­tyn­da iş­lä­ris di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, yl­my we bi­li­mi ös­dür­mek, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ösü­şiň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar. Şu mak­sat­lar bi­len, Türk­me­nis­tan­da ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, or­ta mek­dep­le­riň we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň gur­lu­şy­gy do­wam et­di­ri­ler. Tä­ze ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri açy­lar, bi­lim ul­ga­my­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na hem-de ýaş­la­ryň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni çuň­ňur öz­leş­dir­me­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­ler.
Me­de­ni­ýe­tiň we sun­ga­tyň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ler. Baý mil­li ru­hy we me­de­ni mi­ra­sa da­ýan­mak bi­len, biz hal­ky­my­zyň gur­ýan we dö­red­ýän halk hök­mün­de dün­ýä­de şan-şöh­ra­ta eýe bol­ma­gy­ny ga­za­na­rys di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.
“Sag­lyk” döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ra­ýat­la­ry­myz hä­zir­ki döw­rüň be­lent ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da luk­man­çy­lyk hyz­ma­ty bi­len üp­jün edi­ler. Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek, hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýän luk­ma­nçy­lyk eda­ra­la­ry­ny gur­mak, sa­gal­dyş-şy­pa­ha­na ul­ga­my­ny gi­ňelt­mek, şeý­le hem Ha­za­ryň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ke­na­ryn­da dö­re­di­len “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny dün­ýä­de meş­hur dynç alyş we sa­gal­dyş mer­ke­zi­ne öwür­mek mö­hüm we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di.
Ýur­du­myz­da aja­ýyp dag­lar, giň säh­ra­lyk­lar, tä­sin der­ýa­lar we köl­ler bar. Kö­pet­da­gyň, Köý­ten­da­gyň we Sum­ba­ryň tä­sin jül­ge­le­rin­de, Bat­hy­zyň go­ral­ýan çäk­le­rin­de, Amy­der­ýa­nyň, Mur­ga­byň we Ga­ra­gum der­ýa­sy­nyň ke­nar­la­ryn­da köp san­ly mer­kez­le­ri bi­na ede­ris, olar­da dynç al­mak hem-de sy­ýa­hat­çy­lyk üçin äh­li şert­le­ri dö­re­de­ris di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.

“Döw­let adam üçin­dir!” şy­ga­ry da­ba­ra­lan­ýar
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Hö­kü­me­tiň ün­sü­ni maş­ga­la ins­ti­tu­ty­ny gol­da­ma­ga, my­na­syp ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni dö­ret­mä­ge çek­di. Her bir maş­ga­la­ny döw­re­bap ýa­şa­ýyş ja­ýy bi­len üp­jün et­mek üçin äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan tu­tuş ýa­şa­ýyş-jaý top­lum­la­ry­ny, oba­la­ry we şä­her­çe­le­ri gu­ra­rys, ilat­ly ýer­le­riň hem­me­sin­de ila­ta dur­muş taý­dan hyz­mat ed­ýän ki­çi mer­kez­le­ri dö­re­dip, olar­da ze­rur gul­luk­la­ryň, halk se­net­le­ri bö­lüm­le­ri­niň, şeý­le hem ulag se­riş­de­le­ri­ne teh­ni­ki hyz­mat ediş no­kat­la­ry­nyň işi­ni ýo­la go­ýa­rys. Biz ila­tyň jan ba­şy­na düş­ýän gir­de­ji­si­ni öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň de­re­je­si­ne ýe­ti­re­ris, di­ýip mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy. Aý­lyk hak­la­ry­ny, pen­si­ýa­la­ry, ta­lyp hak­la­ry­ny, döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän kö­mek pul­la­ry­ny art­dyr­mak, şeý­le hem ra­ýat­la­ra beý­le­ki dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri­ni ber­mek me­se­le­le­ri he­mi­şe üns mer­ke­zin­de bo­lar. Döw­let baş­tu­ta­ny ýe­ke maş­ga­la­nyň-da dur­muş de­re­je­si­niň pe­sel­me­gi­ne ýol be­ril­me­jek­di­gi­ni we ila­tyň he­mi­şe döw­let ta­ra­pyn­dan go­ral­jak­dy­gy­ny ynan­dyr­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti şu­nuň bi­len bir­lik­de, biz oba ho­ja­ly­gy­na, ekin meý­dan­la­ry­nyň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we eke­ran­çy­la­ryň zäh­me­ti­ni ýe­ňil­leş­dir­mä­ge, suw se­riş­de­le­rin­den re­je­li we tyg­şyt­ly peý­da­lan­ma­ga aý­ra­tyn üns be­re­ris diý­di.
Şeý­le hem, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­duň ila­ty­nyň el­ýe­ter­li ba­ha­dan azyk ha­ryt­la­ry bi­len üp­jün edil­me­gi, ba­zar­lar­da ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek üçin gök ekin­le­ri ýe­tiş­dir­mek we bag­çy­ly­gy ös­dür­mek üçin ekin meý­dan­la­ry­nyň çä­gi gi­ňel­di­ler, ga­ra mal­la­ryň, do­war­la­ryň we guş­la­ryň baş sa­ny art­dy­ry­lar di­ýip bel­le­di.

Älem gi­ňiş­li­gi­ni öw­ren­mek işi has-da kä­mil­leş­di­ri­ler
Mil­li Li­de­ri­miz ýur­dy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny we esa­sy we­zi­pe­le­ri­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ara­gat­na­şyk pu­da­gy­ny ös­dür­mä­ge uly üns ber­mek bi­len, älem gi­ňiş­li­gi­ni öz­leş­dir­me­gi, tä­ze hem­ra­la­ry uçur­ma­gy do­wam ede­ris, olar te­lea­ra­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne, halk ho­ja­ly­gy­nyň ne­ti­je­li iş­le­me­gi­ne, yk­lym­la­ry bir­leş­di­ren Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň di­kel­dil­me­gi­ne ýar­dam eder di­ýip bel­le­di.
Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz bi­ziň ýur­du­myz tu­tuş adam­zat üçin uly äh­mi­ýet­li bu pu­da­ga my­na­syp go­şant goş­ma­ly­dyr di­ýip, mu­nuň hal­ka­ra yk­dy­sa­dy we söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne ýar­dam et­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Or­ta asyr­lar­da ýa­şap ge­çen türk­men alym­la­ry ýur­du­myz­da gü­neş­li gün­le­riň köp­lü­gin­den peý­da­la­nyp, Äle­me aň ýe­tir­mek­de tä­sin açyş­la­ry edip­dir­ler we dün­ýä yl­my­nyň ösü­şi­ne uly go­şant go­şup­dyr­lar. Şo­nuň üçi­nem, biz hem älem gi­ňiş­li­gi­ni öw­ren­mek üçin ýur­du­myz­da dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ob­ser­wa­to­ri­ýa­ly mer­ke­zi gu­ra­rys di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.

Sy­ýa­sy ul­gam döw­re­bap­laş­dy­ry­lar
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz döw­let dur­mu­şyn­da Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň äh­mi­ýe­ti­niň ber­ki­dil­me­gi­ne ün­si çek­di. My­sal üçin, şu ýyl Ahal we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ril­jek Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­tyn­da onuň äh­mi­ýe­ti­ni güýç­len­dir­mek üçin Mas­la­ha­tyň Düz­gün­na­ma­sy­na ka­nun­çy­lyk dü­ze­diş­le­ri­ni gi­riz­mek me­se­le­si ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar, ol soň­ra Mej­li­siň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­ni­ler. Şun­da gel­jek­de Mej­li­siň ýa-da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň döw­le­tiň içer­ki we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na de­giş­li mö­hüm ka­rar­la­ry­nyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň gol­da­ma­gyn­da güý­je gir­jek­di­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şeý­le hem jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­muş­da ýer­li ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­ti ber­kit­me­giň, hä­ki­mi­ýe­tiň ýer­li we­kil­çi­lik­li saý­law eda­ra­la­ry­nyň – we­la­ýat, et­rap we şä­her Halk mas­la­hat­la­ry­nyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň, ýer­li öz-özü­ni do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň – Ge­ňeş­le­riň äh­mi­ýe­ti­ni güýç­len­dir­me­giň ze­rur­ly­gy­ny nyg­ta­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti tä­ze dö­re­di­len par­ti­ýa­la­ryň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek üçin hem ze­rur çä­re­le­ri gö­re­ris di­ýip, öz çy­ky­şyn­da aýt­dy.
Hal­kyň dur­muş we hu­kuk go­rag­ly­ly­gy­ny, ra­ýat­la­ryň hu­kuk taý­dan gol­da­nyl­ma­gy­ny ber­kit­mek esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri hök­mün­de ag­zal­dy. Türk­me­nis­tan­da ýa­kyn wagt­da om­buds­men-adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly we­ki­liň ins­ti­tu­ty iş­läp baş­lar, ol ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň we we­zi­pe­li adam­la­ryň iş­le­rin­de ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň we bäh­bit­le­ri­niň ber­jaý edil­me­gi­ne gö­zeg­çi­lik eder.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mun­dan baş­ga-da, hal­ka­ra ter­ror­çy­ly­gy­na, ekst­re­miz­me, ser­he­tüs­ti gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýa­ta, ne­şe se­riş­de­le­ri­niň bi­ka­nun do­lan­şy­gy­na aý­gyt­ly gar­şy dur­ma­ga ün­si çek­di. Bu ugur­da hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len je­bis hyz­mat­daş­ly­gyň ze­rur­ly­gy bel­le­nil­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň tä­ze dü­zü­mi dü­zü­ler
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we­zi­pe­si­ne gi­ri­şip, ýyg­nan­anla­ryň öňün­de eden çy­ky­şyn­da gel­jek­ki ýe­di ýyl­da ama­la aşy­ryl­jak ýur­duň içer­ki we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­ny bel­le­di.
Hal­ky­myz bi­len, hor­mat­ly il­deş­ler, si­ziň hem­mä­ňiz bi­len bi­le­lik­de, öň­de goý­lan we­zi­pe­le­re höt­de gel­jek­di­gi­mi­ze we Wa­ta­ny­my­zy dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na goş­jak­dy­gy­my­za ynan­ýa­ryn – di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy we saý­law­la­ra iş­jeň gat­na­şan saý­law­çy­la­ra ýe­ne bir ge­zek min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Tä­ze saý­la­nan Li­de­ri­miz il­deş­le­ri­mi­ziň yna­my­ny öde­mek üçin, güýç-gaý­ra­ty­ny, bi­li­mi­ni, tej­ri­be­si­ni we uky­by­ny gaý­gyr­ma­jak­dy­gy­na ynan­dyr­dy. Men hal­ky­ma, onuň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ne, bag­ty­ýar we röw­şen gel­je­gi­ne berk ynan­ýa­ryn – di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň öz yg­ty­ýar­lyk­la­ry­ny tab­şyr­ma­gy ha­kyn­da Ka­ra­ra gol çek­di. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň tä­ze dü­zü­mi tas­syk­la­nyl­ýan­ça hö­kü­met ag­za­la­ry­na öz we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek tab­şy­ryl­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň tä­ze saý­la­nan Pre­zi­den­ti­niň res­mi taý­dan işe gi­riş­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň, Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri da­ba­ra­ly ýö­riş sa­zy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­ny, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ştan­dar­ty­ny, Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­ny we mu­kad­des Gur­ha­ny “Oguz­han“ Köşk­ler top­lu­my­na alyp git­di­ler.

Da­ba­ra­ly har­by ýö­riş ge­çi­ril­di
Ru­hy­ýet köş­gün­de Türk­me­nis­ta­nyň tä­ze saý­la­nan Pre­zi­den­ti­niň res­mi taý­dan işe gi­riş­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň aw­tou­lag ker­we­ni at­ly es­ger­ler to­pa­rynyň ug­rat­ma­gyn­da “Oguz­han“ Köşk­ler top­lu­my­na geldi. At­ly es­ger­le­riň el­le­rin­de – Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy we Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ştan­dar­ty bar.
Esa­sy gi­rel­ge­de Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň tä­ze saý­la­nan Pre­zi­den­ti­niň res­mi taý­dan işe gi­riş­mek da­ba­ra­sy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe taý­ýar bo­lup ny­za­ma dü­zül­di­ler.
Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň ýol­baş­çy­sy Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowa ha­sa­bat ber­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let gim­ni ýaň­lan­ýar. Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň go­şun­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ne we­kil­çi­lik ed­ýän es­ger­ler Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let Ka­sa­my­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler.
Soň­ra da­ba­ra­ly har­by ýö­riş ge­çi­ril­di. Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň to­par­la­ry-ser­ker­de­ler we mo­toa­ty­jy­lar, har­by uçar­man­lar we de­ňiz­çi­ler, ýö­ri­te äh­mi­ýet­li, ra­ýat go­ra­ny­şy we ha­las ediş go­şun­la­ry­nyň, şeý­le hem Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ins­ti­tu­ty­nyň we Mil­li howp­suz­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry­nyň to­par­la­ry döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň öňün­den aýak dü­züp, dürs ny­zam­ly, us­sat ba­şar­nyk­la­ry­ny we sün­nä­le­nen us­sat­ly­gy­ny gör­ke­zip ge­çip git­di­ler.