Halkara derejesindäki iri ýaryşlarda kikboksingiň türkmen ussatlary nobatdaky uly üstünligi gazandylar. Bu gezek olar Helsinki şäherinde (Finlýandiýa) geçen ýaryşda tapawutlanyp, 11 medal gazandylar. Şolaryň ýedisi altyn, biri kümüş we üçüsi bürünç medallardyr.
Milli Sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary –Çarygylyç Tagangylyjow (60 kilograma çenli agram derejesi), Muhammet Altybaýew (63,5 kilograma çenli), Şöhrat Hallyýew (67 kilograma çenli) we Şöhrat Ýagmyrow (75 kilograma çenli) altyn medallaryň dördüsine mynasyp boldular. Döwlet edaralarynyň işgärleri bolan Goçmyrat Jumanyýazow (71 kilograma çenli) we Azamat Jumakulyýew (81 kilograma çenli) Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň üstüne altyn medallaryň ikisini goşdular. Birinji ornuň ýene-de birini bolsa Türkmenbaşy şäheriniň (Balkan welaýaty) sport mekdebiniňm tälimçisi Azat Annaýew (91 kilograma çenli) eýeledi.
Kikboksing federasiýasynyň wekili Şöhrat Pirimanow (86 kilograma çenli) hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Bürünç medallary Türkmenabadyň (Lebap welaýaty) sport mekdebiniň tälimçisi Nariman Aýdogdyýew (60 kilograma çenli), Sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Merdan Mämmedow (67 kilograma çenli) we Seýitmuhammet Çaryýew (75 kilograma çenli) gazandylar.
Kikboksçylarymyzy ýaryşlara Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi hem-de Milli ýygyndy toparynyň baş halypasy Aleksandr Snagowskiý taýýarlady. Indi onuň şäher sport komitetiniň Aşgabat toplumlaýyn sport mekdebiniň düzümine girýän türgenleri ýene-de bir iri halkara ýaryşyna güýçli taýýarlanmaly bolar. Ol ýaryşy aprel aýynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda geçirmek maksat edinilýär.
Bu ýaryşlar diňe bir türgenlerimizi gözden geçirmäge mümkinçilik bermän, eýsem täze sport meýdançalaryny synagdan geçirer. Şol meýdançalarda, mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Kikboks boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gutarnykly düzümi aprelde Aşgabatda geçiriljek ýaryşlaryň netijeleri boýunça kesgitlener.
Şeýle hem Tailandyň paýtagtynda sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça “Grand Slam” halkara ýaryşy hem-de ýetginjekleriň we ulularyň arasyndaky dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryş tamamlandy. Biziň watandaşlarymyzyň görkezen çykyşlary üstünlikli boldy: ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň üsti medallaryň 44-si bilen ýetirilip, olaryň 11-si altyn, 18-si kümüş we 15-si bürünç medallardan ybarat boldy. Bu görkeziji umumy toparlaýyn çykyşlarda Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ikinji orna çykardy.