Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Prezidentimiziň “Mertler Watany beýgeldýär” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu çärä harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ýokary harby okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, şeýle hem medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de harby gullukçylaryna kitabyň nusgasyny dabaraly ýagdaýda gowşuryp, bu kitaby köp sanda neşir etmegi we harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzümine ýetirmegi tabşyrdy.
Tanyşdyryş dabarasynyň öň ýanynda Merkezi serkerdeler öýüniň eýwanynda kitap sergisi guraldy, onda döwlet Baştutanymyzyň ylmy işleri, ylmy-populýar neşirleri hem-de edebi işleri görkezildi. “Mertler Watany beýgeldýär” atly täze kitap serginiň görnükli ýerinde goýuldy.
Milli Liderimiziň galamyndan çykan nobatdaky eserde Türkmenistanyň häzirki zaman Ýaragly Güýçleriniň alyp barýan işlerine ylmy taýdan harby-taryhy seljerme berilýär. Onda awtoryň milli ýörelgeler baradaky düýpli garaýyşlary, getirilen atalar sözlerinde, nakyllarda we pähimlerde bu ugra degişli halk pähimleriniň toplumy beýan edilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň birnäçe bölümleri gaýduwsyz atly esgerlerimize bagyşlananýar. Harby gullukçylaryň çykyşlarynda türkmen atly ýigitleriniň şöhratly ahal-teke bedewlerine goýýan belent sarpasy nygtaldy. Awtoryň behişdi bedewlere – asyrlaryň dowamynda halkymyzyň wepadar hemrasyna bolan tolgundyryjy we belent sarpasyny äşgär açyp görkezýän adalgalar ünsi özüne özüne çekýär. Bu tolgundyryjy, ruhlandyryjy beýan ediş usuly ajaýyp bedewleriň täsin gözelligini beýan edýän dürli fotosuratlar arkaly has-da uly täsire eýe bolýar.
Neşir 13 bölümi hem-de taryhy resminamalaryň sanawyny öz içine alýar. Kitap ajaýyp fotosuratlar bilen bezelipdir, olar milli Liderimiziň baştutanlygynda harby işi guramak boýunça geçirilýän özgertmeleriň üstünlige beslenýändigi, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatynyň barha artýandygy, döwletimiziň, harby gullukçylarynyň mynasyp durmuşy, okamagy, zähmet çekmegi we ýaşamagy üçin iň gowy şertleri döredýändigi barada aýdyň düşünje berýär.