23-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda guramaçylyk meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Mejlise harby we hukuk goraýjy edaralaryň öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirýän ähli ýolbaşçylary çagyryldy.
Milli Liderimiz mejlisi açyp, şu günki mejlisiň esasy meselesiniň Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümini tassyklamakdan hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä bellemekden ybaratdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümini tassyklap, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek meselesine geçdi.
Däbe görä, harby we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylarynyň her biri wezipä girişmek bilen, Türkmenistanyň mukaddes Tuguna tagzym edip, Watanymyza, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly gulluk etjekdigi barada watançylyk kasamyny ýerine ýetirdi. Olaryň ählisi çykyş edip, ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça öz öňlerinde duran wezipeleri üstünlikli çözmek üçin güýç-gaýratyny, bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdylar.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goranmak ministri, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipelerine Ýaýlym Berdiýewi bellemek baradaky karara gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz onuň hünär häsiýetlerini, geçen ýyllaryň dowamynda ýeterlik derejede iş tejribesini toplandygyny belläp, bu wezipelerde mundan beýläk-de netijeli işlejekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini döwrebaplaşdyrmaga, goşunlarda gulluk edilişini kämilleşdirmäge, harby birikmelerde we bölümlerde harby düzgün-nyzamy pugtalandyrmaga gönükdirilen işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi. Goşunlarda 2017-nji okuw ýylynda göz öňünde tutulan ähli okuw sapaklaryny, taktiki türgenleşikleri, meýdan we deňiz tälimlerini hem-de beýleki çäreleri ýokary hilli geçirip, goşunyň söweşjeň we mobilizasiýa taýýarlygyny ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Begenç Gündogdyýewi Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesine belledi.
Hormatly Prezidentimiz oňa ýüzlenip, Döwlet serhedini ygtybarly goramagy üpjün etmegiň Döwlet serhet gullugynyň esasy wezipeleriniň biridigini nygtady. Döwlet serhedini ygtybarly goramak üçin inžener-tehniki desgalaryň gurluşygyny dowam etmek, serhediň guryýer çäklerinden geçýän böleginde häzirki zaman wideogözegçilik enjamlaryny ornaşdyrmak işlerini ýola goýmak, Hazar deňziniň türkmen böleginde deňiz serhedimiziň ygtybarly goralmagyna gözegçiligi güýçlendirmek barada tabşyryk berildi. Şunuň bilen birlikde, gulluga täze alynýan kämil harby gämilere, uçarlara, dikuçarlara, tehnikalara hem-de beýleki inžener-aragatnaşyk serişdelerine ussatlarça erk edip bilýän hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn üns bermegiň wajypdygy nygtaldy.
Milli Liderimiz içeri işler ministri wezipesine Isgender Mulikowy belledi.
Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, jenaýatçylygyň ýagdaýyny hemişe seljermek işlerini yzygiderli alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Içeri işler ministrine jenaýatlaryň öňüni almak, kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek tabşyryldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işini has-da talabalaýyk ýola goýmagyň möhümdigini belläp, içeri işler edaralarynyň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Amanmyrat Hallyýewi Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine belledi.
Milli Liderimiz kanunçylygyň berjaý edilişine prokuror gözegçiligini güýçlendirmegiň möhümdigini aýdyp, edaralarda, kärhanalarda we guramalarda kanunlaryň we hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişini we döwlet emläginiň aýawly saklanylyşyny hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýewe ýüzlenip, ýurdumyzda kazyýetiň häkimiýetiň bir şahasy bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, oňa wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etmek, adyl kazyýetligi amala aşyrmak bilen, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini kanunlara laýyklykda goramagy işjeň alyp barmak, raýatlardan gelip gowuşýan arza-şikaýatlara aýratyn üns bilen seredip, olaryň öz wagtynda we kanuny çözgüdini üpjün etmek tabşyryldy.
Milli howpsuzlyk ministri wezipesine Döwrangeldi Baýramow bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň üstüne ýüklenen wezipäniň jogapkärlidigini aýdyp, ministrligiň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň konstitusion gurluşyny gorap saklamak, dünýäde dowam edýän ykdysady çökgünligiň ýurdumyza ýetirip biljek oňaýsyz täsirlerini seljermek, döwletimiziň ykdysadyýetine bikanun ýollar bilen aýratyn uly möçberde zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine Mämmethan Çakyýew bellenildi.
Belent Serkerdebaşy ony wezipä bellemek hakyndaky Permana gol çekip, gümrük edaralarynda ornaşdyrylýan ýörite enjamlary, tehniki serişdeleri we programma üpjünçiliklerini ulanmak bilen, gümrük işini talabalaýyk guramagy dowam etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi. Gullugyň ýolbaşçysyna şeýle hem ýurdumyza getirilmegi gadagan edilen harytlaryň, şol sanda neşe serişdeleriniň, ýaraglaryň, ok-därileriň we partlaýjy maddalaryň gümrük serhedinden bikanun geçirilmegine garşy göreşi ýokary derejede alyp barmak tabşyryldy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine Meýlis Nobatow bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz ony bu jogapkärçilikli wezipä belläp, döwletimiziň migrasiýa babatdaky syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, migrasiýa meseleleri boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmegiň, ýurdumyza gelýän daşary ýurt raýatlaryna hem-de daşary ýurtlara gidýän Türkmenistanyň raýatlaryna edilýän gözegçiligi talabalaýyk dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen adalat ministri wezipesine Begmurat Muhamedow bellenildi.
Milli Liderimiz oňa ýüzlenip, Türkmenistanyň Mejlisi we Ministrler Kabineti tarapyndan taýýarlanýan hem-de döwlet ösüşiniň gaýragoýulmasyz wezipelerini çalt çözmek üçin ygtybarly esas bolmaly kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamaga gatnaşmagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny hasaba almak we tertipleşdirmek, kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalaryna bellenilen tertipde netijenama bermek, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna we ylalaşyklaryna hukuk seljermesini geçirmek, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň algy-bergileri baradaky jedelleriniň ýurdumyzyň bähbidine çözülmegini gazanmak boýunça amala aşyrylýan çäreleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmek boýunça tabşyryklary berildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara derejeli uly sport çäresi bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň golaýlap gelýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, bu oýunlaryň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek üçin düýpli taýýarlyk işlerini dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň wezipä bellenen ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň eziz Watanymyza, mähriban halkymyza ak ýürekden, halal gulluk etmeklerini dowam edip, öz eýeleýän wezipelerinde abraý bilen işlemelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň üstüne ýüklenen jogapkärçiligiň örän uludygyny aýdyp, olaryň milli harby we jemgyýetçilik howpsuzlygynyň örän möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirýändiklerini, raýat jemgyýetiniň durnukly ösmegi, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy netijeli durmuşa geçirmekde zerur şertleri döredýändiklerini belledi. Şunda bu edaralaryň ýolbaşçylaryna möhüm orun degişlidir. Olar ruhy-ahlak taýdan iň ýokary talaplara laýyk gelmelidir. Watanyň we halkyň öňünde kabul eden Kasamyna wepaly bolmalydyr. Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, olaryň ruhubelent, watansöýüji, öz işine ussat bolmalydygyny, ata Watana ak ýürekden gulluk etmelidigini, harby hünär babatda türkmeniň asylly däpleriniň talaplaryny ödemelidigini, harby gullukçy, hukuk goraýjy edaranyň işgäri diýen ada mynasyp bolup, mertebesini hemişe belentde saklamalydygyny, uly at-abraý gazanmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz harby gullukçylaryň öňünde durýan wezipeleri kesgitläp, döwletimiziň alyp barýan, parahatçylyk söýüjilige pugta eýerýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidiljekdigini aýtdy. Biz harby gullukçylarymyz we olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada etmek bilen, olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana halal gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça uly işleri durmuşa geçirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini, döwletimiziň harby gullukçylarymyz barada hemişe alada etjekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini jemläp, wezipä bellenen ýolbaşçylaryň ählisine berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri hem-de maşgala abadançylygyny arzuw etdi.